Daşary ýurtly maýadarlaryň arasynda Türkmenistanyň abraýy artýar | TDH
Ykdysadyýet

Daşary ýurtly maýadarlaryň arasynda Türkmenistanyň abraýy artýar

опубликованно 05.03.2015 // 852 - просмотров
 

Stambul, 5-nji mart /TDH/.Şu gün Türkiýe Respublikasynyň ykdysady we medeni merkezleriniň biri bolan Stambulda Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady. Stambulda ikinji gezek geçirilen uly wekilçilikli işewürler duşuşygyna dünýäniň 50 töweregi ýurdundan 700-den gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň arasynda öňdebaryjy kompaniýalaryň, abraýly halkara guramalarynyň, maliýe edaralarynyň wekilleri, bilermenler, seljerijiler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bar.

Forum milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türk-türkmen işewürler geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Esasy maksat ýurdumyzyň üstünliklerini we gazananlaryny, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri, Türkiýäniň hem-de beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bilen işewür aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryň çekilýändigini, türkmen döwletiniň dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagyny halkara jemgyýetçiligine beýan etmek bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna ýakynda tamamlanan resmi saparyna gabatlanyp geçirilen wekilçilikli duşuşyk aýratyn ähmiýete eýe boldy. Oňa gatnaşyjylaryň pikirine görä, duşuşygyň geçirilmegi maýa goýum babatda ösüşiň täze derejesine çykan Türkmenistanyň dünýäniň esasy işewür toparlary bilen özara hereketleri işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilige eýedigine şaýatlyk edýär.

Forumyň işiniň barşynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet düzümleriniň we işewür jemgyýetçiligiň wekillerine türkmen ykdysadyýetiniň artýan kuwwaty, soňky ýyllarda halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeler barada, ýurdumyzda telekeçiligi alyp barmagyň amatly şertleri hem-de öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak üçin açylýan täze mümkinçilikler barada maglumatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda häzirki wagtda ähli ulgamlarda yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Öňde goýlan maksatlara ýetilmegi türkmen döwletiniň Baştutanynyň geçirýän maýa goýum strategiýasy bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Şol strategiýanyň esasy wezipesi maýa goýumlaryny sazlamagyň hem-de goldamagyň hereket edýän ulgamyny kemala getirmekden ybaratdyr.

Şu babatda Türkmenistanyň özüne çekijiligi onuň geoykdysady taýdan amatly ýerleşendigi, ýurduň halk hojalyk toplumynyň depginli senagatlaşdyrylmagy, baý tebigy serişdeleri, zerur bolan düzümleriň, degişli kanunçylyk binýadynyň döredilendigi bilen hem baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly maýadarlara uly ykdysady ýeňillikleriň we hukuk kepillikleriniň ençemesi berilýär.

Kanunçylygy goşmak bilen toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutýan ykdysady strategiýanyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi soňky ýyllarda türkmen ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň görnetin artmagyny üpjün etdi. Olar ýangyç-energetika toplumy, obasenagat toplumy, dokma we gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk pudagy, maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we derman senagaty, syýahatçylyk we beýlekiler ýaly ulgamlary diwersifikasiýa ýoly bilen ösmäge gönükdirilýär.

Çykyş edenler önümçilik-tehniki ugryň ösdürilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berilýändigini bellediler. Bu ulgama goýulýan maliýe serişdeleri önümçiligiň möçberleriniň köpelmegine, düşewüntliliginiň artmagyna, innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we umuman, türkmen ykdysadyýetini ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan alnyp barylýan ösen döwlet we telekeçilik ulgamy, döwrebap bazar düzümleri bolan netijeli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn kemala getirmek syýasatynyň üstünliklidigine abraýly maliýe düzümleriniň, ýagny Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä ösüş bankynyň we beýlekileriň beren ýokary bahalary şaýatlyk edýär.

Senagat ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbidine mysallary getirmek bilen soňky ýyllarda bu pudagy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini bellediler. Senagaty, gurluşyk serişdelerini we haly, dokma önümlerini öndürýän kärhanalary, balyk hojalygyny, himiýa senagatyny durnukly ösdürmek üçin ýurdumyzda hemme zerur şertler döredildi hem-de bu ugurdaky işler işjeň dowam etdirilýär.

Onlarça maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze häzirki zaman kärhanalary guruldy we ulanmaga berildi. Munuň özi önümçilikleriň kuwwatlyklaryny görnetin ýokarlandyrmaga hem-de çykarylýan ýokary hilli önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Umuman, bu ulgamda gazanylan ösüş Türkmenistanyň senagat toplumynyň önümlerine islegleriň artmagyny üpjün edýär.

Çykyş edenler telearagatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy barada aýdyp, bu ulgamyň kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny bellediler. Türkmen döwleti ýokary tehnologiýalary, öňdebaryjy gazanylanlary we iň täze enjamlary giňden ornaşdyrmak hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly aragatnaşyk we telearagatnaşyk ulgamlarynyň kärhanalaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär.

Umuman, ýokary derejeli halkara ölçeglerine laýyk gelýän we maglumat alyşmagyň hilini üpjün edýän kämil telekommunikasiýa aragatnaşygynyň döredilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde abraýynyň pugtalanmagyna ýardam edýär hem-de ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde diňe bir baglanyşdyryjy esasy halka hökmünde däl-de, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň, Günorta bilen Demirgazygyň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi bolup, mundan beýläkki ösüşiniň ugruny kesgitleýär.

Maýadarlar üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen häzirki wagtda döwrebap üstaşyr-ulag düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen halkara hem-de sebit ähmiýetli birnäçe uly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygy we durmuşa geçirilýändigi hem wajyp bolup durýar.

Özara gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm ugurlaryň ýene biriniň hatarynda gurluşyk pudagy agzaldy. Bu ulgama gönükdirilýän örän uly maýa goýumlary diňe bir gurluşyk senagatynyň ösüşini üpjün etmän, eýsem, täze innowasion önümçilikleriň, öndürilýän önümleriň /işleriň we hyzmatlaryň/ möçberleriniň artmagyna, goşmaça iş orunlaryň döredilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň orta möhletli hem-de uzakmöhletli geljege niýetlenen döwlet we milli maksatnamalarynyň ilkinji nobatdaky wezipelerini durmuşa geçirmek üçin dürli pudaklaryň ýüzlerçe kärhanalaryny gurmak bellenendir.

Ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak türkmen döwletiniň Baştutanynyň ösüşlere beslenen özgertmeleriniň wajyp ugry bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyklykda ylym pudagyny kämilleşdirmäge, ylmy-barlag işlerini kompýuter we maglumat tehnologiýalary bilen üpjün etmäge, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri we esasy ýokary okuw mekdepleri bilen aragatnaşyklary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Innowasion tehnologiýalary çekmek arkaly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň ähli sebitlerinde täze häzirki zaman hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler bina edilýär, lukmançylyk we şypahana-dynç alyş ugurly dürli edaralar düýpli abatlanýar. Olar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürlenýän hyzmatlarynyň gerimi boýunça dünýädäki şunuň ýaly hyzmatlardan pesde däldir.

Derman senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň netijesinde ýurdumyzda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden, mineral suwlardan, lukmançylyk ugurly dürli önümlerden derman öndürmek boýunça kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleriniň hem-de ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesi bilen köptaraply hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Syýahatçylyk ýaly milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudagy hem bilelikde tagalla etmäge hyzmat etjek ugur bolup biler. Türkmenistanyň strategik meýilnamalarynda ony ösdürmäge aýratyn orun berilýär we maksada gönükdirilen goldaw berilýär. Häzir bu ulgamda döwlet we hususy syýahatçylyk kompaniýalary, dynç alyş merkezleri, ýokary derejeli myhmanhanalar, kempingler, hyzmat ediş ulgamynyň edaralary hem-de beýlekiler jemlenendir. Hazaryň türkmen kenarynda halkara derejeli dynç alyş künjegi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça uly möçberli taslama hem aýdyň mysal hökmünde agzaldy. Bu taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän maýadarlar üçin döwlet tarapyndan salgytlar, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş hem-de beýleki ýeňillikleri bermek görnüşinde uly goldaw berilýär.

Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýangyç-energetika toplumy möhüm ugur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara energetika ulgamynda mynasyp orny eýeläp, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak bu pudakda döwlet syýasatynyň esasy düzüm bölekleriniň biridir. Türkmen energiýa geçirijileriniň köptaraply eksport ugrunyň kemala getirilmegi, ilkinji nobatda, sebit we dünýä ösüşiniň işlerine, dünýäniň energetika howpsuzlygyny gazanmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Çykyş edenler maslahata gatnaşyjylary ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşi bilen tanyşdyryp, bu pudakda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň ýurdumyzyň çig malyny has doly derejede peýdalanmaga, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň himiýa önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, bu pudagyň eksport mümkinçiligini giňeltmäge gönükdirilendigini aýtdylar. Ýurdumyzyň serişdeler kuwwaty mineral dökünleriň ähli görnüşlerini öndürmek bilen, himiýa senagatynyň kärhanalary tarapyndan çykarylýan önümleriň sanawyny giňeltmäge ýardam berýär.

Elektroenergetika ýaly pudagyň hem geljegi uludyr. Baý energiýa serişdelerine eýe bolan Türkmenistan bu pudakda-da dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşýar. Pudagy kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler döwrebap düzümleri kemala getirmek üçin mümkinçilikleri döretdi. Gysga wagtyň içinde ençeme täze gazturbinaly elektrobeketleri, kiçi beketleriň toplumlary guruldy, elektroaragatnaşyk geçirijileriniň müňlerçe kilometrleri abatlanyldy, dünýäniň esasy öndürijilerinden iň täze gurluşyk we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Bu pudakda durmuşa geçirilýän uly özgertmeler häzirki wagtda Türkmenistana goňşy ýurtlara--Owganystana, Eýrana, Türkiýä elektroenergiýanyň uly möçberlerini eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Amatly şertleriň döredilmegi, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzir görülýän çäreleriň netijesinde hususy ulgamlaryň wekilleri dürli ugurlarda—söwdada hem-de hyzmatlarda, oba hojalygynda, gurluşykda we senagatda, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly giň görnüşli önümleri öndürmekde öz işlerini amala aşyrýarlar. Milli ykdysadyýetde hususyýetçiligiň paýynyň ösüşi içerki bazary bäsdeşlige ukyply hem-de ýokary hilli harytlar bilen doldurmakda esasy alamatlaryň birine öwrüldi.

Döwlet tarapyndan hususy ulgama örän uly goldaw berilmegi netijesinde ýurdumyzyň telekeçileriniň daşary ykdysady işlerine gatnaşmagy, önümleriniň daşary bazarlarda öňe ilerlemegi üçin hem mümkinçilikleri artýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda türkmen işewürleriniň, ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem guralýan halkara maslahatlaryna, sergilerine işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek. Häzirki maýa goýum forumynda kiçi hem-de orta telekeçiligiň wekilleri bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu ýere ýygnananlary öz kärhanalarynyň işleri hem-de netijeli işlemek üçin döredilen şertleri bilen jikme-jik tanyşdyrdylar.

Türkmenistanda daşary ýurt maýadarlarynyň iş tejribelerine bagyşlanan ýörite mejlisde Halkara maýa goýum forumynyň işine gatnaşan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri türkmen döwletiniň açyklygynyň, doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlygynyň, amatly maýa goýum ýagdaýynyň, degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň hem-de pugta döwlet kepillikleriniň geljegi uly türkmen bazaryna daşary ýurt maýadarlaryny özüne çekýän wajyp alamatlar bolup çykyş edýändigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän, halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen maýa goýum forumlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyp, energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek boýunça BMG-niň kararnamasynyň ähmiýetini bellediler. Şol kararnamalar türkmen Lideri tarapyndan agzalan mesele boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürlüp, netijeli teklipleri durmuşa geçirmek babatda kabul edildi.

Bu ýere ýygnananlar forumyň netijelerini jemläp, onuň geçirilmeginiň halkara derejesinde strategik taýdan ähmiýetli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistanyň abraýyny täze derejä galdyrandygyny bellediler. Özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze ugurlar kesgitlenen bu çäre türkmen döwletiniň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek işine hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Stambulda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň maýadarlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada bolup geçen pikir alyşmalaryň barşynda daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň wekilleri ýurdumyz bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge örän gyzyklanýandyklaryny hem-de dürli pudaklarda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter