Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 07.09.2018 // 907 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Şamuhammet Seýitliýewiç Nepesowyň üstüne ýüklenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Arçaýew Myrat Gurbandurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter