Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Energetika senagatynyň zähmetsöýer işgärlerine | TDH
Syýasat habarlary

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Energetika senagatynyň zähmetsöýer işgärlerine

опубликованно 08.09.2018 // 378 - просмотров
 

Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Energetika senagaty ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak üçin gysga wagtyň içinde iri taslamalar amala aşyryldy, täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň çäklerinden müňlerçe kilometre uzap gidýän elektrik geçirijileriniň birnäçesi täzelendi, täze energetika enjamlary oturdyldy.

Senagat taýdan geljegi uly bolan «Galkynyş» gaz käniniň, Amyderýanyň sag kenaryndaky nebitgazly ýataklaryň, şeýle hem beýleki iri senagat kärhanalarynyň, gurulýan döwrebap obadyr şäherçeleriň elektrik üpjünçiligini ýola goýmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu işleriň ählisiniň türkmen energetikleriniň öndürijilikli zähmeti netijesinde amala aşyrylandygy şu baýramçylyk gününde aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň işgärleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini, paýtagtymyz Aşgabat şäherini we welaýatlarymyzyň edara-kärhanalaryny hem-de ilatly ýerlerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin gurlan döwrebap elektrik stansiýalaryny dolandyrmakda we olara tehniki hyzmat etmekde uly tejribe topladylar.

Biz tebigy baýlyklarymyzy we energiýa serişdelerimizi halkymyzyň bähbitlerine, her bir raýatymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirýäris. Elektrik energetikasy pudagyny has-da ösdürmek, ähli baýlyklarymyzy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirmek babatda entek öňümizde uly wezipeler durýar.

Şoňa görä-de, tutuş ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň halkalaýyn energiýa ulgamyny emele getirmek, energiýa tygşytlaýjy kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça uly işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleri bilen baglylykda elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artjakdygy göz öňünde tutulyp kabul edilen «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, şu döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçirijileri gurulýar. Men Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen energetikleriniň bu işleri üstünlikli amala aşyrjakdygyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen elektrik energiýasyny öndürmekde, energetika desgalaryna hyzmat etmekde hem-de olardan netijeli peýdalanmakda öz öňlerinde duran wezipeleri abraý bilen berjaý etjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!

Täze elektrik stansiýalarynyň gurulmagy bilen, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligi has-da gowulanýar, ulgamyň kuwwaty barha artýar. Bu bolsa özümizden artykmaç elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Biz häzirki döwürde elektrik energiýasyny Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystan Yslam Respublikasyna barha artýan möçberlerde iberýäris. Şunuň bilen birlikde, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ykdysady taýdan örän amatly bolup durýar.

Häzirki döwürde bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişi barha artýar. Şonuň üçin hem dünýäniň birnäçe döwletleri ýurdumyz bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna, ykdysadyýetimizi ösdürmekde energetika pudagynyň ähmiýetiniň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!

Sizi hünär baýramyňyz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter