Birža täzelikleri 15-nji Mart | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 15-nji Mart

опубликованно 15.03.2015 // 828 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 72-si bellige alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropleni, suwuklandyrylan gazy, kerosiniň dürli görnüşlerini (uçar, yşyklandyryş, tehniki) satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy, dizel ýangyjyny we awtomobil ýagyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplükler, pagta süýümi, şeýle hem portlandsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 137 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter