Türkmen-polýak işewürlik maslahaty | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen-polýak işewürlik maslahaty

опубликованно 18.03.2015 // 848 - просмотров
 

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-polýak işewürlik maslahaty boldy. Onuň işine Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanlaryň arasynda Polşanyň köp sanly itşewürlik düzümleriniň wekilleri, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, gurluşyk, oba hojalyk toplumy, dokma senagaty, lukmançylyk boýunça ýöriteleşdirilen belli firmalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri bar. Şol firmalaryň arasynda “AWR Nordic products”, “Bakalland”, “Carmi Food”, “CHIMFARM”, “DARPOL”, “Domex”, “Energopol – Szczecin”, “ES – SISTEM” we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Polşanyň hojalyk edarasy tarapyndan guralan duşuşygy açyp, Polşa Respublikasynyň premier-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet ministry Ýanuş Pehoçinski türkmen topragyndaky myhmansöýerlik we mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi. Myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän netijeli “açyk gapylar” syýasatynyň, Türkmen döwletiniň serişdeler we ykdysady taýdan örän uly mümkinçilikleriniň, ynamly ösüşiniň Polşanyň işewür toparlarynyň ysnyşykly we netijeli gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirilmegini şertlendirýändigini belläp, şu günki duşuşygyň türkmen-polýak hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine täzeden badalga berjekdigine ynam bildirdi.

Forumda türkmen tarapynyň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeler bilen jikme-jik tanyşdyrdylar, munuň özi ýurdumyzyň ykdysady ösüşi baradaky wideofilm arkaly görkezildi. Şunda oňyn özgertmeleriň esasy maksadynyň ýurduň ykdysady kuwwatyndan hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen halkara söwda-ykdysady hyzmatldaşlygy ösdürmegiň hasabyna türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdygy bellenildi.

Forumda Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini hem-de demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglary, köprüleriň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, bularyň Ýewropadan Pars aýlagyndaky portlara çenli aralygy ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berýändigini göz öňünde tutmak arkaly ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Türkmenistanda Hazaryň ekologik taýdan arassa kenar ýakasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň amala aşyrylýandygyny göz öňünde tutmak arkaly syýahatçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garaldy.

Ýygnananlar ykdysady ugur, medeni-gumanitar we ylym-bilim ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli çaltlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter