Türkmen-fin işewürlik maslahaty | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen-fin işewürlik maslahaty

опубликованно 24.03.2015 // 801 - просмотров
 

Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasmyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen türkmen-fin işewürlik maslahatynyň gün tertibiniň esasyny düzdi.

Iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji duşuşyk özara peýdaly gatnaşyklary, işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary äşgär etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň “Airbus”, “Wellguip Oy”, “Defence& Space”, “Nokia Solutions and Netwoks Oy”, “Eхtron, Uponor Infra Ltd”, “Technology, KPA Unicon”, “Pemamek Oy Ltd”, “Vaisala”, “KPMG Oy Ab” ýaly iri kompaniýalarynyň, şeýle hem Häme we JAMK amaly ylymlar uniwersitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagy Finlýandiýanyň ägirt uly tebigy serişdelere we yudysady kuwwatlyklara eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalarynyň örän ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, häzirki döwürde türkmen-fin gatnaşyklary ähli ulgamlarda sazlaşykly ösdürilýär. Şeýle görnüşde geçirilýän ilkinji duşuşyk döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazmak bilen, Türkmenistan üçin bolşy ýaly, Finlýandiýa üçin hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu duşuşyk netijeli gatnaşyklary ösdürmekde oňyn usullary gözlemek üçin amatly mümkinçiligi emele getirdi.

Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda häzirki döwürde türkmen döwletiniň ýeten derejesi, geljekki meýilnamalar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň, şol sanda Finlýandiýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary we önüm öndürijileri bilen netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini nazarlaýan “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmegiň barşynda has-da ýokary galan ykdysady mümkinçilikler barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, olaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşi daşary ýurtly maýadarlar üçin türkmen bazarynda oňyn şertleri üpjün edýär. Ähli önümçilik pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi daşary ýurtly işewürler üçin ýurdumyzda amatly şertleriň döredilmegi halkara işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen ýygjam aragatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Bu barada Türkmenistan hakynda gürrüň berýän wideofilm maslahata gatnaşyjylara görkezildi.

Russiýa Federasiýasy, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiň baş direktory hanym Terhi Hakala maslahatda çykyş etmek bilen, ilkinji işewürçilik-maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň duşuşygynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, myhman uzak geljek üçin özara gyzyklanma bildirilýän pudaklaryň ykdysady taýdan özüne çekijiligini kesgitlemek babatda onuň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bu maslahat türkmen-fin hyzmatdaşlygynyň geljegi üçin ygtybarly binýadyny döretmäge mümkinçilik bere diýip, hanym Terhi Hakala aýtdy.

Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niklas Lindwist öz gezeginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, bu duşuşygyň özara söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberleriniň artdyrylmagyny, dürli pudaklarda tejribe we tehnologiýalar alşylmagyny hem-de işewür gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirjekdigini belledi. Ilçi özüniň çykyşynda Finlýandiýanyň ykdysady ýagdaýy hem-de iki ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän mümkinçilikler barada durup geçdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, bu gezekki işewürlik maslahaty döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ygtybarly binýady emele getirer.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar söwda-ykdysady pudagynda, ýangyç-enenrgetika toplumynda, aragatnaşyk ulgamynda, senagatda, daşky gurşawy goramakda, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamynda maliýe hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi barada aýtdylar. Ylalaşylan ugurlar boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň kesgitlenmegi iki ýurduň işewürlik düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygy üçin zerur bolan şertleriň üpjün edilmegini şertlendirer diýlip, çykyşlarda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdümek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Finlýandiýa Respublikasyndan gelen myhmanlaryň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, telekeçiler bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter