Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ahalte­ke at­çy­lyk top­lu­my­na bar­dy | TDH
Jemgyýet

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ahalte­ke at­çy­lyk top­lu­my­na bar­dy

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç gü­ni ir sä­her bi­len Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na gel­di. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ede­bi dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­dy hem-de aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ideg et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de goý­lan su­rat eser­le­ri­ne, ola­ryň her bi­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, çe­per­çi­li­gi­ne ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, her bir sun­gat ese­ri yn­sa­na ýa­kym­ly tä­sir ed­ýär we onuň yl­ha­my­ny joş­dur­ýar, tä­ze eser­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne ruh­lan­dyr­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş ota­gyn­da oza­ly bi­len, tä­ze dö­wür­le­ýin met­bu­gat, ýur­du­my­zyň met­bu­gat se­riş­de­le­rin­de çap edi­len döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re ba­gyş­la­nan tä­ze­lik­ler hem-de mag­lu­mat-sel­je­riş ma­ka­la­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

Türk­me­nis­tan­da çap edil­ýän ga­zet­ler di­ňe bir dur­muş-yk­dy­sa­dy, döw­let sy­ýa­sa­ty hem-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra dur­mu­şy ba­ra­da­ky mö­hüm wa­ka­la­ry be­ýan et­mek bi­len çäk­len­män, ýer­ler­de mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, dür­li eda­ra­la­ryň we gu­ra­ma­la­ryň iş­le­ri, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan adam­lar ba­ra­da gür­rüň ber­ýär­ler. Ma­ka­la­la­ryň kö­pü­si “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýy­lyň esa­sy me­se­le­si bi­len bir­leş­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da gün­de­lik çap bol­ýan ga­zet­ler­de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne uly orun be­ril­ýär, bu ýa­ryş­lar sport döw­le­ti hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň de­re­je­si­ni has-da ber­kit­mä­ge ýar­dam eder. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça gu­ral­ýan bu ýa­ryş­lar top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri, şol san­da türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän bi­na­gär­lik we ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri öz içi­ne al­ýar.

Şä­her­le­ri­mi­ziň we oba­la­ry­my­zyň bar­ha öz­ger­ýän keş­bi­ni be­ýan ed­ýän ma­ka­la­lar­da ýur­du­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň paý­tag­ty Aş­ga­bat bu düýp­li öz­gert­me­le­riň öň­dä­ki ha­ta­ryn­da bar­ýar. Ol dün­ýä­niň iň owa­dan hem-de ýa­şa­mak üçin amat­ly şä­her­le­ri­niň ha­ta­ryn­da öz or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­da ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi, ýol-ulag dü­zü­mi­niň we şä­he­riň beý­le­ki ul­gam­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ri­li­şi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.

Oba­se­na­gat top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da­ky ma­ka­la­lar ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­da yzy­gi­der­li çap edil­ýär. Şu gün­ler pag­ta ýy­gym möw­sü­mi­ne iş­jeň taý­ýar­lyk gö­rül­ýär, bu ba­ra­da hem met­bu­gat­da gür­rüň be­ril­ýär.

Hal­ky­my­zyň şa­hy­ra­na joş­gu­ny we dö­re­di­ji­lik yl­ha­my­nyň gym­mat­lyk­la­ry dynç gün­le­rin­de çyk­ýan ga­zet sa­hy­pa­la­ry­nyň baş be­ze­gi­ne öw­rü­lip, olar oky­jy­la­ryň ru­hy dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow met­bu­gat bi­len tan­şa­nyn­dan soň­ra, no­bat­da­ky ki­ta­by­nyň gol­ýaz­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­me­gi­ni do­wam et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tä­ze ede­bi ese­ri tu­tuş hal­ky­my­zyň ar­zy­ly ki­tap­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­ler, dün­ýä oky­jy­lar köp­çü­li­gi üçin bol­sa ýur­du­myz hem-de türk­men mil­le­ti ba­ra­da­ky bi­lim­le­riň gym­mat­ly çeş­me­si bo­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň örän mö­hüm döw­let iş­le­ri hem-de ala­da­la­ry, ýo­ka­ry de­re­je­li sa­par­la­ry hem-de du­şu­şyk­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly dart­gyn­ly iş ter­ti­bi­ne ga­ra­maz­dan, özü­niň ha­la­ýan spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­ga, saz eserlerini, ede­bi we yl­my eser­le­ri dö­ret­mä­ge wagt tap­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Şun­da mil­li Li­de­ri­miz köp ­san­ly ta­ry­hy çeş­me­le­ri, ar­hiw mag­lu­mat­la­ry­ny hem-de ol ýa-da beý­le­ki me­se­le bo­ýun­ça mag­lu­mat­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn tu­tan­ýer­li­lik bi­len öw­ren­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­la­myn­dan çy­kan meş­hur ki­tap­lar tu­tan­ýer­li zäh­me­tiň mi­we­si­dir. Ola­ryň bi­ri bol­sa “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ki­ta­by­dyr.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­dew­le­re goý­ýan aý­ra­tyn sar­pa­sy ede­bi dö­re­di­ji­li­gin­de yl­ham çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hut şol se­bäp­li hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow, köp­lenç, özü­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­myn­da­ky iş ota­gyn­da ýa­zy­jy­lyk zäh­me­ti bi­len meş­gul­lan­ýar.

Hal­ky­my­zyň be­dew­le­re bo­lan söý­gü­si­ni tu­tuş kal­by bi­len ka­bul ed­ýän mil­li Li­de­ri­miz ahal­te­ke at­la­ry­nyň ab­ra­ýy­ny we şöh­ra­ty­ny be­len­de gal­dyr­mak, pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly at­şy­nas­lyk däp­le­ri­ni ös­dür­mek hem-de dün­ýä­de wa­gyz et­mek ýö­rel­ge­le­ri­ni döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öwür­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Ahal­te­ke be­de­wi — bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz”, “Ga­da­my bat­ly be­dew” ýa­ly ki­tap­la­ry dö­ret­di. Olar en­çe­me dil­le­re ter­ji­me edil­di hem-de at­çy­lyk ul­ga­myn­da hü­när­men­le­riň ara­syn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň iş­le­ri­niň dür­li dil­ler­de ne­şir edil­me­gi di­ňe bir köp ýurt­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ga­dyr goý­ýan hü­när­men­ler üçin däl, eý­sem, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi üçin hem aja­ýyp be­dew­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga uly müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Mil­li Li­de­ri­miz öz dö­re­di­ji­li­gin­de dün­ýä­de uly şöh­ra­ta eýe bo­lan we türk­men hal­ky­nyň gaý­ta­lan­ma­jak gym­mat­ly­gy dö­ret­mek uky­by­ny äş­gär eden ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ahal­te­ke be­dew­le­ri ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de ýyl ýaz­gy­çy-ta­ryh­çy­la­ryň hem-de şa­hyr­la­ryň, su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň we çe­per dö­re­di­ji­li­ge yk­ba­ly­ny bag­lan beý­le­ki adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, onuň aja­ýyp­ly­gy, aý­ra­tyn-da, güýz pas­ly­nyň baş­lan­gy­jyn­da eme­le gel­ýän ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy adam­la­ryň ru­hu­ny gö­te­rip, yl­ha­my­ny joş­dur­ýan ýag­da­ýy dö­red­ýär. Şu­nuň ýa­ly özü­ne çe­ki­ji aja­ýyp­lyk türk­men te­bi­ga­tyn­da oňyn tä­si­ri bo­lan gaý­ta­lan­ma­jak gud­ra­tyň bar­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ja­han ýag­ty­lan­dan soň ede­bi dö­re­di­ji­lik işi­ni ta­mam­lap, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň sak­lan­ýan at­ha­na­sy­na bar­dy we be­hiş­di be­dew­ler bi­len di­dar­laş­dy. Be­dew atyň ça­py­şy­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­dy­gy­na göz ýe­ti­rip, mil­li Li­de­ri­miz be­de­wi eýer­le­di.

Bu pur­sat­lar adam bi­len be­de­wiň tä­sin saz­la­şy­gy­nyň my­na­syp my­sa­ly­dyr. Hal­ky­myz­da bu saz­la­şyk döw­let­li­li­ge, bag­ty­ýar­ly­ga deň gö­rül­ýär. Ala­da bi­len gur­şal­ýan be­dew­ler jo­gap hök­mün­de yn­sa­na öz ho­şal­ly­gy­ny we yna­my­ny bil­dir­ýär.

Ahal­te­ke be­dew­le­ri kat­dy-ka­ma­ty bi­len öz daş­ky sy­pat­la­ry­ny we ok­gun­ly uky­by­ny sak­lap bil­ýän be­den gur­luş­la­ry­nyň ne­pis­li­gi hem-de deň­siz-taý­syz öl­çeg­le­ri bi­len he­mi­şe haý­ran gal­dy­ryp gel­ýär. Dün­ýä­niň bel­li at­şy­nas­la­ry ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni gö­zel­li­giň iň kä­mil nus­ga­sy hök­mün­de yk­rar ed­ýär­ler.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­kyn wagt­da at­ ça­py­şyk­la­ry­nyň güýz­ki möw­sü­mi­niň baş­lan­jak­dy­gy­ny aý­dyp, iki­ýa­şar be­dew­le­riň hem bu ýa­ryş­la­ra go­şu­lyp bil­jek­dik­le­ri­ni bel­le­di. Mu­nuň özi ahal­te­ke be­dew­le­riň de­giş­li ýa­ryş­la­ra uý­gun­laş­ma­gy­ny ola­ryň te­bi­gat ta­ra­pyn­dan ber­len ýyn­dam­lyk de­re­je­si­niň art­ma­gy­ny şert­len­di­rer.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu be­de­wi eýer­läp, ony at­ha­na­dan çy­kar­dy, top­lu­myň çä­gin­de bar bo­lan ýö­ri­te meý­dan­ça­da aý­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na, ba­ha­syz gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz be­dew­ler bi­len di­dar­laş­ma­gy, ola­ry se­ýis­le­me­gi we at çap­ma­gy özü­niň esa­sy en­dik­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­di.

«At rysgy alnynda», “Atly öý — döw­let­li öý”, “Atym bar — ga­na­tym bar” ýa­ly paý­has­ly jüm­le­le­ri dö­re­den hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da be­dew­le­re aý­ra­tyn ga­dyr go­ýup­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de bol­sa bu ýag­şy des­sur­lar gö­nü­den-gö­ni mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, türk­men be­dew­le­ri­niň hem-de mil­li at­şy­nas­ly­gyň şöh­ra­ty hem-de at-ab­ra­ýy bar­ha art­ýar, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de mil­li at­çy­lyk pu­da­gy dün­ýä de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz be­de­wi bir­nä­çe wagt aý­lan­dan soň, oňa at­lan­dy-da, ýu­waş-ýu­waş aty öz er­ki­ne goý­ber­di. Be­dew ýö­ri­şi­ni çalt­lan­dy­ryp, gor­gun, ýor­ga­la­ma ýa­ly ýö­riş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di. Ça­pyk­su­wa­ryň buý­ruk­la­ry­ny ber­jaý edip, be­dew çap­ma­gyň dür­li gör­nüş­le­rin­de özü­ni gör­kez­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aja­ýyp be­dew­ler bi­len di­dar­laş­ma­gy we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy, bir ta­rap­dan, hal­ky­my­zyň asyl­ly däp­le­ri­niň hem-de nu­ra­na umyt­la­ry­nyň ne­sil­den-nes­le ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­my­zyň aýaw­ly sak­lap gel­ýän däp­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­dew bi­len bo­lan ça­py­şyk­ly ge­zi­min­den soň­ra onuň eýe­ri­ni aýyr­dy we be­de­wi at­ha­na elt­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow at­çy­lyk top­lu­myn­da ama­la aşy­ran iş­le­ri­ni ta­mam­lap, bu ýer­den ug­ra­dy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter