Türk­men at­çy­ly­gy — dün­ýä met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­syn­da | TDH
Jemgyýet

Türk­men at­çy­ly­gy — dün­ýä met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­syn­da

опубликованно 02.09.2018 // 892 - просмотров
 

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sir­ki dynç gü­ni no­bat­da­ky möw­sü­mi­ni aç­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len Di­ýa­ry­myz­da tä­ze­den di­kel­di­len sirk sun­ga­ty soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň me­de­ni dur­mu­şyn­da hem-de paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we myh­man­la­ry­nyň dynç alyş gün­le­rin­de gör­ne­tin ha­dy­sa öw­rül­di. Mil­li sirk mek­de­bi ber­käp, iş­jeň ösü­şi­ne eýe bol­dy. Bi­ziň sirk ar­tist­le­ri­miz wa­tan­daş­la­ry­my­zy gy­zyk­ly çy­kyş­la­ry bi­len be­gen­dir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ry­ň sy­lag­la­ry­na hem my­na­syp bol­ýar­lar.

Tä­ze möw­sü­miň il­kin­ji sirk çy­ky­şy­ny şü­we­le­ňe gat­na­şy­jy­la­ryň dä­be öw­rü­len ýö­ri­şi aç­dy, olar tä­sir­li çy­kyş­la­ra ga­raş­ýan mä­re­kä­ni mü­bä­rek­le­di­ler. Sirk to­pa­ry­nyň tä­ze mak­sat­na­ma­sy dür­li çy­kyş­la­ry öz içi­ne al­dy. Şo­lar saz­ly çy­kyş­lar, ho­wa­da ak­ro­ba­ti­ka, ek­wi­lib­ris­ti­ka we žong­lir­le­me, mas­ga­ra­baz­la­ryň hem-de dört aýak­ly ar­tist­le­riň — ena­ýy gü­jük­le­riň, ge­çi­le­riň, dü­ýe­le­riň gat­naş­ma­gyn­da baş öw­ret­me çy­kyş­la­ryn­dan yba­rat bol­dy. Çy­kyş­la­ryň bi­ri­niň gah­ry­man­la­ry ştan­ga­çy­lar bol­du­lar, mu­nuň özi ýa­kyn wagt­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na öz­bo­luş­ly ba­gyş­lan­ma bol­dy.

Us­sat­ly­gy we çak­gan­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ma­gy do­wam ed­ýän ji­git­le­riň çy­kyş­la­ry, he­mi­şe bol­şy ýa­ly, çy­kyş­la­ryň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­di.

Hä­zir Türk­me­nis­tan­da sirk pa­jar­lap ös­ýän dynç alyş ul­ga­myn­da öz my­na­syp or­nu­ny eýe­le­di. Ony di­ňe ça­ga­lar däl-de, eý­sem, ulu­lar hem go­wy gör­ýär­ler. Ol dynç al­ma­gyň “maş­ga­la” gör­nü­şi bo­lup dur­ýar, çün­ki äh­li ne­sil­le­ri bir duý­gy­nyň äle­min­de bir­leş­dir­ýär.

Ma­než­dä­ki çy­kyş­lar ja­dy­ly dün­ýä­niň ga­py­la­ry­ny aç­ýar, on­da ba­tyr­gaý­lyk we çe­ýe­lik, aja­ýyp­lyk we gö­zel­lik, ze­hin da­ba­ra­lan­ýar. Şo­nuň üçin hem sirk­de sun­gat gör­nü­şin­de ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti hem my­na­syp or­ny eýe­le­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur ba­ra­da aý­ra­tyn bel­läp, onuň mil­li mi­ra­sy­my­zyň sirk sun­ga­ty­nyň üs­ti bi­len wa­gyz edil­me­gi ba­ra­da aýd­ýar.

“Gal­ky­nyş” hem-de “Türk­men ji­git­le­ri” ata Wa­ta­ny­my­zyň çäk­le­rin­den alys­lar­da şeý­le meş­hur­ly­ga eýe bol­du­lar.

Ge­çen dynç gün­le­ri Rus­si­ýa­nyň “Zwez­da” te­le­ýaý­ly­myn­da gör­ke­zi­len “Sir­kiň ro­wa­ýat­la­ry” at­ly meş­hur gep­le­şi­giň ýö­ri­te sa­ny Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­na ba­gyş­lan­dy.

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň halk ar­tis­ti, Mosk­wa­nyň Uly döw­let sir­ki­niň ýol­baş­çy­sy Ed­gard Za­paş­nyý öz gep­le­şi­gi­niň gah­ry­man­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ran­da, ola­ryň dün­ýä sir­ki­niň we tu­tuş mil­le­tiň — türk­men hal­ky­nyň ha­ky­ky buý­san­jy­dy­gy­ny aýt­dy.

Bu gün şu to­par dün­ýä­de iň go­wy at­çy­lyk sport to­pa­ry ha­sap­la­nyl­ýar. Ola­ryň ab­raý­ly bäs­le­şik­ler­de we fes­ti­wal­lar­da ga­za­nan sy­lag­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da al­tyn me­dal­lar ag­dyk­lyk ed­ýär.

Şu ýy­lyň ma­ýyn­da Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Fon­tan­ka­da” at­ly I Hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da ga­za­ny­lan “Al­tyn Gae­ta­no” baý­ra­gy meş­hur to­pa­ryň baý­rak­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Bu sy­lag hal­ky­my­zyň dün­ýä­niň esa­sy are­na­la­ryn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ze my­na­syp we­kil­çi­lik ed­ýän wa­tan­daş­la­ry­na bo­lan ýü­rek buý­san­jy­ny no­bat­da­ky ge­zek art­dyr­dy.

Türk­men at­ly­la­ry Rus­si­ýa­nyň de­mir­ga­zyk paý­tag­tyn­da çy­kyş edip, at üs­tün­dä­ki oýun­la­ry, ak­ro­ba­ti­ki hem-de gim­nas­ti­ki til­sim­le­ri, at çap­ma­gyň us­sat­lyk mek­de­bi bi­len to­ma­şa­çy­la­ry we emin ag­za­la­ry­ny haý­ran gal­dyr­dy­lar. Şeý­le-de bol­sa, ola­ryň çy­kyş­la­ryn­da esa­sy zat til­sim­le­riň çyl­şy­rym­ly­ly­gy hem-de ça­pyk­su­war­la­ryň do­gum­ly­ly­gy däl-de, eý­sem, adam­la­ryň we at­la­ryň to­pa­ry­nyň je­bis­li­gi bo­lup dur­ýar. Şo­la­ryň hem­me­si bi­le­lik­de sirk sah­na­syn­da bir bi­te­wi göw­re bo­lup gö­rün­ýär, şon­suz özü­ne çe­ki­ji gy­zyk­ly çy­kyş­la­ry gör­ke­zip hem bol­maz, se­bä­bi mä­re­kä­ni özü­ne ben­di ed­ýän şol tä­sir­li, em­ma tö­wek­gel­çi­lik­li til­sim­ler bi­rek-bi­re­ge do­ly yna­my hem-de sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, dos­tuň yna­mynyň ze­rur­ly­gy­ny ta­lap ed­ýär.

Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne “Sir­kiň ro­wa­ýat­la­ry” at­ly gep­le­şi­giň to­ma­şa­çy­la­ry hem göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy. Bu gep­le­şik­de Sankt-Pe­ter­burg­da ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň tä­sir­li çy­kyş­la­ry gör­ke­zil­di.

“Sah­na­da — do­gum­ly ýi­git­ler hem-de iň ýyn­dam at­lar — di­ýip, syn­çy tes­wir­le­ýär. To­ma­şa­çy­lar ola­ra ar­ka­ýyn se­re­dip bil­me­ýär­ler, çün­ki bu çy­kyş­lar dart­gyn­ly ýag­da­ýy dö­red­ýär. Her bir til­sim öz­bo­luş­ly ha­tar­ly bo­lup, şo­la­ryň kä­bi­ri aky­ly­ňy haý­ran ed­ýär”.

My­sal hök­mün­de gep­le­şik­de örän çyl­şy­rym­ly tär­le­riň bi­ri gör­ke­zi­lip, ony türk­men at­ly­la­ry be­de­wiň ça­pyp bar­ýan pur­sa­dyn­da eýe­riň ke­me­rin­den diş­le­ri bi­len sak­la­nyp, ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Şon­da ça­pyk­su­wa­ryň bir aýa­gy aý­law bo­ýun­ça ça­pyp bar­ýan be­de­wiň as­tyn­da­ky hal­ka­dan asy­lyp dur­ýar.

At üs­tün­dä­ki oýun­lar­da tä­ze we tä­sin gal­dyr­ýan çy­ky­şy taý­ýar­la­mak örän kyn — di­ýip, sirk dün­ýä­sin­de meş­hur ne­be­rä­niň we­ki­li Ed­gard Za­paş­nyý bel­le­di. Em­ma “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň ji­git­le­ri örän ta­lap­kär mä­re­kä­ni ýe­ne-de tä­ze­den haý­ran gal­dyr­ma­gy ba­şar­ýar­lar hem-de mu­ny örän us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. My­sal üçin, olar en­tek hiç ki­miň gör­ke­zip bil­me­dik til­si­mi­ni oý­lap ta­pyp­dyr­lar — ça­pyp bar­ýan iki atyň aşa­gyn­dan geç­mek aky­ly­ňy haý­ran ed­ýän til­sim bo­lup dur­ýar.

Ady ag­za­lan gep­le­şik­de bi­ziň us­sat ar­tist­le­ri­mi­ziň çy­kyş­la­ry­nyň özün­de gal­dy­ran tä­sir­le­ri bi­len “Fon­tan­ka­da” at­ly I Hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da alyp­ba­ry­jy bo­lan bel­li akt­ri­sa Kris­ti­na As­mus paý­laş­dy. Ol göz­le­ri da­ň­lan ça­pyk­su­wa­ryň be­dew­le­riň aşa­gyn­dan ge­çen pur­sa­dy­na tol­gun­mak bi­len to­ma­şa eden­di­gi­ni gür­rüň ber­di. Şun­da ça­pyp bar­ýan be­de­wiň, on­da-da, iki be­de­wiň güý­jü­ni göz öňü­ne ge­tir­mek üçin bu tol­gun­dy­ry­jy pur­sa­dy duý­mak ge­rek.

Fes­ti­wal­da dü­şü­ri­len film­de mä­re­kä­niň ara­syn­da “gol­daw to­pa­ryn­dan” bo­lan ýaş­la­ry hem gör­mek bol­dy, olar el­le­rin­de ýa­şyl baý­dak­la­ry gal­gad­ýar­dy­lar. Wa­tan­daş­la­ry­myz, äh­ti­mal, ta­lyp­lar bu çy­kyş­la­ry gör­mä­ge, öz il­deş­le­ri­ne ru­hy gol­daw ber­mä­ge ge­len­dir.

Gep­le­şik­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Olar ba­ra­da äh­li ýer­ler­de aja­ýyp hä­si­ýet­len­dir­me­ler bi­len gür­rüň ed­ýär­ler. Ola­ry be­hiş­di we ga­nat­ly, ba­şy be­lent, al­tyn­sow be­dew­ler di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar.

Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty­ny go­ra­mak we art­dyr­mak işin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa örän uly hyz­mat­lar de­giş­li­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan at­şy­nas­ly­gyň hal­ka­ra mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär, bi­ziň be­dew­le­ri­miz hem-de ça­pyk­su­war­la­ry­myz bol­sa, da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän ab­raý­ly at­çy­lyk sport ýa­ryş­la­ry­nyň we aý­law­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri bol­ýar­lar.

Bu Sankt-Pe­ter­burg­da hem şeý­le bol­dy, şu ýer­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra fes­ti­wal Bel­gi­ýa­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Hy­taý­dan, Ko­re­ýa­dan, Por­tu­ga­li­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan Nor­we­gi­ýa­dan, Rus­si­ýa­dan, Türk­me­nis­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Ke­ni­ýa­dan, Uk­rai­na­dan we beý­le­ki döw­let­ler­den sirk ar­tist­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di.

Ok­gun­ly, aja­ýyp we owa­dan be­dew­ler hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­dy­lar, olar sah­na ýö­ne yl­gap çyk­man, il­ki bi­len, ýa­pyk bö­wet­den bö­küp geç­ýär­di­ler, bu bol­sa ola­ryň he­re­ke­ti­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär­di. At­la­ryň bu to­hu­my dün­ýä­de iň gym­mat ha­sap­lan­ýar, em­ma türk­men üçin bu be­dew­ler ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­lyk­dyr!

Aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri mü­nül­ýän at­la­ryň nus­ga­sy diý­lip yk­rar edil­di, olar bäş müň­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da beý­le­ki to­hum­lar bi­len ça­kyş­dy­ryl­man, türk­men se­ýis­le­ri­niň ala­da­sy we ze­hi­ni bi­len öz aja­ýyp, gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi­ni hem-de güý­jü­ni, çy­dam­ly­ly­gy­ny, ýyn­dam­ly­gy­ny sak­lap gal­dy­lar we kä­mil­leş­dir­di­ler.

Gep­le­şik­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä­de aras­sa to­hum­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň je­mi üç mü­ňü­si bo­lup, şo­la­ryň ýa­ry­sy Türk­me­nis­tan­da — bu be­hiş­di be­dew­le­riň ta­ry­hy me­ka­nyn­da sak­lan­ýar. Her bir şeý­le at ha­ky­ky baý­lyk, aýaw­ly sak­lan­ýan mil­li mi­ra­syň gym­mat­ly bö­le­gi­dir.

Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len be­hiş­di be­dew­ler ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän äh­li mil­li da­ba­ra­la­ryň be­ze­gi bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­ýär. Ba­şy be­lent at­la­ryň gö­zel­li­gi we ýyn­dam­ly­gy, şeý­le hem ça­pyp bar­ýan atyň üs­tün­de çyl­şy­rym­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýän türk­men ji­git­le­ri­niň us­sat­ly­gy to­ma­şa­çy­la­ry he­mi­şe ben­di ed­ýär. Özü­ne çe­ki­ji şü­we­leň­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň üs­tün­de us­sat ça­pyk­su­war­lar at mün­me­giň ga­dy­my sun­ga­ty­nyň äh­li tär­le­ri­ne eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny gör­ke­zip, şo­la­ry tä­ze nus­ga­lar bi­len baý­laş­dyr­ýar­lar.

“Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň be­dew­le­ri — bu ha­ky­ky to­hum at­la­ry bo­lup, ola­ryň di­ňe aja­ýyp nes­li däl-de, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da hak hos­sa­ry bar di­ýip, Ed­gard Za­paş­nyý aý­ra­tyn bel­le­di.

“Gal­ky­nyş” to­pa­ry hut mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len at mün­me­giň, ola­ryň üs­tün­de dür­li oýun­la­ry gör­kez­me­giň halk däp­le­ri­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. To­pa­ryň ýol­baş­çy­sy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, hut döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, türk­men ji­git­le­ri hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň şu­nuň ýa­ly ala­da­sy ola­ry has-da ne­ti­je­li çy­kyş et­mä­ge, dün­ýä­de aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­mak­da tä­ze öz­bo­luş­ly çöz­güt­le­ri we çe­me­leş­me­le­ri ýa­daw­syz, dö­re­di­ji­lik­li göz­läp tap­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar.

Ahal­te­ke be­dew­le­ri dün­ýä­de nä­hi­li gym­mat bol­sa-da, türk­men­ler­de bu aja­ýyp at­lar sa­tyl­ma­ýar. Se­bä­bi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, ola­ryň gym­mat­ly­gy­nyň ha­ky­ky ba­ra­bar ba­ha­sy ýok­dur. Türk­men­ler öz at­la­ry­ny dost­lu­gyň we ho­şal­lyk bil­dir­me­giň ala­ma­ty hök­mün­de sow­gat be­rip, ýü­re­gi­ne iň ýa­kyn hem-de gym­mat­ly za­dy­na ga­raý­şy­ny, ony paý­laş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär.

Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi­mi­zi do­wam edip, türk­men­ler­de atyň ga­dymy dö­wür­den bä­ri güý­jüň, tiz­li­giň we ar­gyn­syz­ly­gyň, gaý­duw­syz­ly­gyň hem-de har­by şöh­ra­tyň ny­şa­ny bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Atyň mi­ze­mez keş­bi he­mi­şe ser­ker­de­li­giň üs­tün­li­gi, ak at bol­sa ha­ky­ky be­ýik ýeň­şiň ny­şa­ny bo­lup­dy. Şä­he­re ak atyň üs­tün­de gir­me­giň aja­ýyp ýeň­şi ga­za­nan­dy­gy­ňy aň­lad­ýan­dy­gy ha­sap­la­nan­dy­gy ýö­ne ýer­den däl­dir.

2010-njy ýy­lyň 9-njy ma­ýyn­da Mosk­wa­da ge­çen da­ba­ra­ly ýö­riş ma­ha­ly Gy­zyl meý­dan­dan gör­ke­zi­len wi­deo­şe­kil­le­re aja­ýyp ahal­te­ke be­de­win­de, ýag­ny ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len mar­şal G.Žu­ko­wyň 1945-nji ýyl­da uzak ga­raş­dy­ran Ýe­ňiş ýö­ri­şi­ni ka­bul eden aty­nyň nes­li­niň üs­tün­de türk­men at­ly­sy hem gep­le­şi­ge gir­di.

Gy­zyl meý­dan­dan ýö­riş sa­zy­nyň mu­ka­my as­tyn­da hal­kyň söý­gü­si­ni ga­za­nan gah­ry­man go­rag­çy meş­hur “Gö­rog­ly” epo­syn­da­ky at ki­min bi­ziň Gy­ra­ty­myz aja­ýyp we dürs he­re­ket­ler bi­len geç­di. Bu pur­sat­la­ry ýat­lap, “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň be­ren in­terw­ýu­syn­da şol wagt şeý­le tä­sin at üçin iki mil­lion dol­lar hö­dür eden­dik­le­ri­, is­leg bil­di­ren aly­ja üýt­gew­siz jo­gabyň: «bi­ziň at­la­ry­myz sa­tyl­ma­ýar» di­ýip aýdylandygy bellenildi.

Gy­zyl meý­dan­dan Ýe­ňiş ýö­ri­şin­de üs­tün­de il­de­şi­miz otu­ran Gy­ra­tyň buý­sanç­ly ýö­ri­şi­niň to­ma­şa­çy­lar­da be­ýan edip bol­ma­jak şat­lyk dö­re­den­di­gi geň däl­dir. Bu pur­sat­la­ry syn­lan­la­ryň kö­pü­si Türk­me­nis­ta­na, onuň hal­ky­na we me­de­ni­ýe­ti­ne, bu aja­ýyp­ly­gy — ahal­te­ke to­hu­my­ny dö­re­den hal­ka bo­lan tüýs ýü­rek­den we ha­ky­ky gy­zyk­lan­ma­ny oýa­ran ýat­dan çyk­ma­jak sow­ga­da öw­rü­len­di­gi­ni be­ýan et­di­ler.

Ýur­du­my­zyň öňe ta­rap mi­ze­mez he­re­ke­ti­niň ny­şa­ny­na öw­rü­len ahal­te­ke be­de­wi ýe­ňiş ga­zan­ma­gyň hem-de tä­ze be­ýik öz­gert­me­le­re ta­rap ym­ty­ly­şyň, ösüş, pa­ra­hat­çy­lyk we dö­re­di­ji­lik ba­ra­da­ky mak­sat­la­ra bes­le­nen hyz­mat­daş­ly­gyň ala­ma­ty hök­mün­de en­çe­me ge­zek bi­ra­gyz­dan yk­rar edil­di.

...Gep­le­şik “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň dö­reý­şi we ke­ma­la gel­şi ha­kyn­da gür­rüň bi­len do­wam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu to­par üçin öz at­ha­na­syn­dan iň go­wy be­dew­le­ri — ahal­te­ke to­hu­my­nyň saý­la­ma at­la­ry­ny ber­di. Çün­ki we­zi­pe di­ňe gy­zyk­ly çy­kyş­lar üçin oňat to­pa­ry düz­mek­den däl-de, eý­sem, at çap­ma­gyň iň go­wy däp­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak­dan hem-de ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek­den, ahal­te­ke be­de­wi­niň aja­ýyp­ly­gy­ny we gö­zel­li­gi­ni tu­tuş dün­ýä gör­kez­mek­den yba­rat­dy. Diý­mek, to­par hem dün­ýä­de iň go­wy to­par bo­lup, meş­hur­ly­ga eýe bol­ma­ly­dyr.

Hä­zir bu zat­lar bi­ziň at­ly­la­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ola­ra hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wy ne­ti­je­sin­de ga­za­nyl­dy.

Haý­wan­la­ra baş öw­re­dip gel­ýän nes­liň we­ki­li Ed­gard Za­paş­nyý örän tä­sir­li tä­lim­le­riň bi­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge sy­na­nyş­dy. Ony “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da aja­ýyp be­dew ýa-da ýa­nyp du­ran be­dew di­ýip at­lan­dy­ry­ly­şy ýa­ly, Ka­nun at­ly be­dew örän tä­sir­li gör­kez­ýär.

Tä­lim be­ri­ji­niň at bi­len sy­na­ny­şy­gy ba­şa bar­dy, em­ma ol be­de­wiň ýa­nyn­da eýe­si­niň bo­lan­dy­gy se­bäp­li müm­kin bol­dy. At öz eýe­si­ne ynan­ýar hem-de öz­di­ýen­li hä­si­ýe­ti­ne ga­ra­maz­dan, oňa gu­lak as­ýar.

Türk­men ji­git­le­ri­niň baý maz­mun­ly çy­kyş­la­ryn­da bol­sa şeý­le tä­lim­le­riň en­çe­me­si bar. Olar ça­pyp bar­ýan atyň ar­ka­sy­na bök­mek, ola­ryň üs­tün­de ak­ro­ba­ti­k pi­ra­mi­da­la­ry düz­mek, ok­du­ry­lyp bar­ýan atyň aşa­gyn­dan geç­mek hem-de ke­me­ri diş­läp, öz ag­ra­my­ňy sak­la­mak ýa­ly til­sim­ler­dir. Şo­la­ryň hem­me­si örän tö­wek­gel­çi­lik­li tä­lim­ler­dir, em­ma to­par ýe­ti­len sep­git­de sak­lan­mak­çy bol­ma­ýar. Gel­jek­de tä­ze, öz­bo­luş­ly çy­kyş­la­ry we til­sim­le­ri dö­ret­mek hem-de iş­läp taý­ýar­la­mak me­ýil­le­ri bar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň ta­ry­hy hem-de dün­ýä şöh­ra­ty­nyň be­lent­lik­le­ri­ne ok­gun­ly çyk­ma­gy bu zat­la­ryň müm­kin­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. To­par il­kin­ji üs­tün­li­gi­ni 2013-nji ýyl­da ge­çi­ri­len “Idol” at­ly sirk sun­ga­ty­nyň Bü­tin­dün­ýä fes­ti­wa­lyn­da ga­zan­dy, şon­da bi­ziň us­sat ça­pyk­su­war­la­ry­myz bu fes­ti­wa­lyň ýe­ňi­ji­le­ri bo­lup, uly ses­len­me dö­ret­di­ler.

Ýe­ňi­ji­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, şol üs­tün­lik ola­ryň öz­le­ri üçin hem ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka öw­rül­di, olar “al­tyn” ba­ra­da pi­kir hem et­män­di­ler, di­ňe öz­le­ri­ni hal­ka­ra sirk bi­le­le­şi­gi­ne il­kin­ji ge­zek gör­kez­mek is­läp­di­ler. Hut “Idol” ola­ra beý­le­ki sirk fes­ti­wal­la­ry­na ýol aç­dy, “Gal­ky­ny­şy” dün­ýä ýü­zi ta­nap ug­ra­dy. Şon­dan bä­ri hem şeý­le bäs­le­şik­ler­de her bir çy­kyş olar üçin esa­sy baý­rak­la­ra bes­len­ýär.

Türk­men at­şy­nas­la­ry bi­len gür­rüň­deş­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­ga ýurt­lar­da gu­ral­ýan fes­ti­wal­la­ra at­la­ry amat­ly şert­ler­de alyp git­mek üçin ýö­ri­te uçar, şeý­le hem beý­le­ki ýe­ňil­lik­le­ri ber­ýän­di­gi­ne Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň halk ar­tis­ti Ed­gard Za­paş­nyý haý­ran gal­dy, bi­ziň ýur­du­myz­da be­dew­ler aý­ra­tyn ala­da bi­len gur­şa­lan­dyr.

Bu­la­ryň äh­li­si biz üçin geň zat­lar däl­dir. Türk­men­le­riň bü­tin köp müň­ýyl­lyk ta­ry­hy ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. At­la­ryň bu tä­sin to­hu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň özi hal­ky­my­zyň ýo­ka­ry at­şy­nas­lyk us­sat­ly­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär, se­bä­bi äh­li ta­gal­la­la­ry, ze­hi­ni, kal­by­ňy be­rip, te­bi­gat bi­len bi­le­lik­de şeý­le gud­ra­ty ke­ma­la ge­tir­mek müm­kin­dir.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­hiş­di be­dew­le­re nä­hi­li sar­pa goý­ýan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ola­ra bir­nä­çe ki­ta­by­ny ba­gyş­la­dy. Şol ki­tap­lar dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň ýan­ki­ta­by­na öw­rül­di hem-de alym-at­şy­nas­lar üçin gym­mat­ly yl­my çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň örän baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­ny, at­şy­nas­lyk sun­ga­ty bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek hem-de go­rap sak­la­mak me­se­le­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ga­dy­my mil­li mu­kad­des­lik­le­ri­niň do­wam et­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň, türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň hem-de ça­pyk­su­war­la­ry­nyň şan-şöh­ra­ty­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Me­de­ni mi­ra­sy­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Ola­ryň şan-şöh­ra­ty bol­sa türk­men at­çy-tür­gen­le­riň hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da we sirk fes­ti­wal­la­ryn­da ga­zan­ýan aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri bi­len bar­ha art­ýar.

Bi­ziň at­ly ji­git­le­ri­mi­ziň Sankt-Pe­ter­burg­da ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da üs­tün­lik­li çy­ky­şy “Sir­kiň ro­wa­ýat­la­ry” at­ly gep­le­şi­giň esa­sy­ny dü­züp, ar­tist­le­riň aja­ýyp we akyl­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len gün­de­lik tür­gen­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­si­dir. Em­ma bu ge­zek bi­ziň us­sat­la­ry­myz ga­ra­şyl­ma­dyk kyn­çy­lyk­la­ryň höt­de­sin­den gel­me­li bol­du­lar. Bu ba­ra­da­ky gür­rüň gep­le­şi­ge dra­ma ýi­ti­li­gi­ni gi­riz­di. Çi­ni­zel­li sir­ki­niň ma­ne­ži­niň re­zin ör­tü­gi bi­ziň at­la­ry­myz üçin örän ty­pan­jak bol­dy. Ola­ryň toý­nak­la­ry ör­tü­giň ýü­zün­de ýüz­ýär­di, bu ýer­de bir se­kun­da we bir ädi­me çen­li äh­li zat­lar bar­la­nyp­dy, çyl­şy­rym­ly we howp­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­di.

To­pa­ryň ag­za­la­ry bu ýag­daý­dan hem çy­kal­ga tap­dy­lar, çy­kyş­dan öň ola­ryň öz­le­ri ma­ne­ži ýu­wup, aras­sa­la­dy­lar. At­la­ryň şo­nuň üs­tün­de yl­gap, tiz­li­gi­ni sak­lap bil­me­gi üçin iş­ler ge­çi­ril­di. Em­ma ala­da ýe­ne-de art­dy, at­lar äh­li til­sim­le­ri bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler­mi?...

Ji­git­le­ri­miz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň bat­ly ga­dam­la­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýan be­hiş­di be­lew­le­re at­la­nyp, öz­le­ri­ne bil­di­ri­len yna­my buý­sanç bi­len, ab­raý bi­len ber­jaý et­di­ler. Olar Döw­let tu­gu­my­zy no­bat­da­ky ge­zek be­len­de gal­dy­ryp, ata Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­dy­lar.

Türk­men ji­git­le­ri­niň bu üs­tün­lik­li çy­kyş­la­ry ýur­du­my­zyň sirk sun­ga­ty­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­na, da­şa­ry ýurt­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni we türk­men ji­git­le­ri­niň us­sat­ly­gy­ny dün­ýä ýaý­mak­da ýe­ne-de bir mö­hüm ädi­me öw­rül­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de bu pu­da­gyň dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek, spor­tuň at­çy­lyk gör­nüş­le­ri­ni we at çap­ma­gyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, äh­li we­la­ýat­lar­da hä­zir­ki za­man hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy, şo­lar di­ňe bir at ça­py­şyk­la­ry­ny ge­çir­mek üçin däl-de, spor­tuň giň meş­hur­ly­ga eýe bo­lan bu mil­li gör­nü­şi­ni wa­gyz et­me­giň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ös­dür­me­giň mer­ke­zi­ne öw­rül­di.

Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, 2010-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Türk­me­nis­tan­da, şeý­le hem hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de ahal­te­ke at­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek işin­de bi­ti­ren uly iş­le­ri üçin ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ha­ky­ky muş­da­gy mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu as­so­sia­si­ýa­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­dy. Türk­men hal­ky­nyň umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na örän gym­mat­ly go­şan­dy bo­lup dur­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä do­lan şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­lar­da aras­sa gan­ly at­la­ryň ta­kyk ha­sa­by­ny ýö­ret­mek, hal­ka­ra at­çy­lyk sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak, hal­ka­ra at­çy­lyk gu­ra­ma­la­ry bi­len tej­ri­be alyş­mak ar­ka­ly hü­när­men­le­riň na­za­ry­ýet we hü­när taý­ýar­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ge­no­fon­du­ny go­ra­mak hem-de ola­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak onuň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar.

Her ýyl tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça türk­men be­de­wi­niň hor­ma­ty­na uly da­ba­ra­lar ge­çi­ril­ýär — 2018-nji ýyl­da bu baý­ram­çy­lyk mil­li de­re­jä eýe bol­dy. Şöh­rat­ly ahal­te­ke be­de­wi­niň ta­ry­hy wa­ta­ny hök­mün­de Türk­me­nis­tan hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­ň öňün­de dün­ýä at­çy­ly­gy­nyň iri mer­ke­zi de­re­je­sin­de ýe­ne-de ör­-bo­ýu­na gal­dy. Bu ýer­de be­hiş­di be­dew­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň hem-de se­ýis­le­me­giň ga­dy­my däp­le­ri döw­re­bap ösü­şe eýe bo­lýar.

Mil­li we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hy öz­bo­luş­ly­ly­gy bo­lan ahal­te­ke be­de­wi ata Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­li­giň hem-de ro­waç­ly­gyň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap öňe git­me­gi­niň, ýur­du­my­zyň üs­tün­lik­le­ri­niň ny­şa­ny­na, mil­li mi­ra­syň do­wa­mat­ly­ly­gy­nyň, türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­niň aja­ýyp mi­we­si­ne, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ama­la aşan ar­zu­wy­nyň keş­bi­ne öw­rül­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter