Türk­me­nis­tan­da 2018 — 2019-njy okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li tä­ze mek­dep­ler açyl­dy | TDH
Jemgyýet

Türk­me­nis­tan­da 2018 — 2019-njy okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li tä­ze mek­dep­ler açyl­dy

опубликованно 01.09.2018 // 2525 - просмотров
 

Türk­me­nis­tan­da tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­la­nan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni baý­ram­çy­ly­ga bes­len­di, bu ba­ra­da ir­den ýur­du­my­zyň äh­li okuw mek­dep­le­rin­de ka­ky­lan jaň­lar mä­lim et­di.

Mek­dep okuw­çy­la­ry we ta­lyp­lar Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na hem-de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň Yz­gant oba­sy­nyň 27-nji or­ta mek­de­bin­dä­ki Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül goý­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy­lar. Okuw mek­dep­le­ri­niň äh­li­sin­de da­ba­ra­ly ny­za­ma dur­ma­lar ge­çi­ril­di. Şo­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý­ram­çy­lyk Gut­la­gy okal­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş ne­sl­e söý­gü­li Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne bi­lim­ler hem-de uly açyş­lar dün­ýä­si­ne hoş­ni­ýet­li we päk ýo­la ata­ryp, ak ýol ar­zuw et­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Gut­la­gyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, biz döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň stra­te­gik ug­ry hök­mün­de mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň hi­li­ni hem-de maz­mu­ny­ny dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ýa­rys. Ösen ýurt­la­ryň tej­ri­be­si­ni hem-de ösü­şi­ni na­za­ra alyp, ýaş­la­ry­my­zyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ös­me­gi, wa­tan­çy­ly­gyň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi, tä­ze bi­lim­le­ri öz­leş­dir­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris.

“Bi­ziň hal­ky­myz eş­ret­li dur­mu­şyň, bag­ty­ýar gel­je­giň göz­ba­şy hök­mün­de bi­li­me, asyl­ly kä­riň eýe­le­ri bo­lan mu­gal­lym­la­ra aý­ra­tyn hor­mat-sar­pa goý­ýar. Ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi my­na­syp do­wam et­dir­jek, oka­mak, öw­ren­mek, zäh­met çek­mek bi­len eziz Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny äle­me ýaý­jak ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de mu­gal­lym­la­ryň ir­gin­siz we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ni be­lent­de tut­ýar” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Alyp bar­ýan bi­lim sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy mak­sa­dy ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, yl­myň we bi­li­miň müm­kin­çi­lik­le­ri ýur­du­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re ýet­me­gi­ne gö­nük­di­ril­di. Şo­ňa gö­rä-de, Ga­raş­syz ýur­du­myz­da döw­re­bap or­ta, or­ta hü­när, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni gur­mak, iň tä­ze bi­lim usul­la­ry­ny, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­dir­mek, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň aň-bi­lim de­re­je­si­ni hem-de dö­re­di­ji­lik iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da ägirt uly tej­ri­be top­lan­dy.

Ýaş­la­ry­my­zyň aja­ýyp bi­lim we ter­bi­ýe alyp, mäh­ri­ban ýur­du­my­za we hal­ky­my­za my­na­syp gul­luk et­me­gi üçin döw­le­ti­miz äh­li şert­le­ri dö­red­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çy­kyş­la­ryn­da bel­leý­şi ýa­ly, “Bi­ziň esa­sy we­zi­pä­miz hal­ky­nyň ta­ry­hy­ny bil­ýän, ýur­du­nyň üs­tün­lik­le­ri­ne buý­san­ýan, Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ryň ýo­ka­ry bi­lim­li nes­li­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­lup dur­ýar”.

Şu gün paý­tag­ty­myz­da, we­la­ýat mer­kez­le­rin­de, alys oba­lar­da tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly çä­re­ler ge­çi­ril­di. Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de tä­ze­den-tä­ze, iň döw­re­bap mek­de­be çen­li eda­ra­lar, umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­ler, baş­lan­gyç hü­när we ýo­ka­ry okuw mek­dep­ler ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ine, şu ýyl hem 1-nji sent­ýab­ra ga­bat­la­nyp, tä­ze gur­lan bi­na­la­ryň bir­nä­çe­si açy­lyp, olar il­kin­ji ge­zek okuw­çy­la­ry ka­bul et­di.

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­by­nyň Bör­me oba­syn­da 620 orun­lyk, Ka­ka et­ra­by­nyň Ka­ka şä­he­rin­de 1106 orun­lyk hem-de Du­şak şä­her­çe­sin­de 1050 orun­lyk mek­dep, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gum­dag şä­he­rin­de 600 orun­lyk mek­dep hem-de Ser­dar et­ra­byn­da 240 orun­lyk mek­dep, Ser­dar şä­he­rin­de bol­sa 1170 orun­lyk mek­dep okuw­çy­lar üçin ga­py­la­ry­ny giň­den aç­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Dä­new et­ra­by­nyň Bi­lal oba­syn­da 320 orun­lyk we Köý­ten­dag et­ra­by­nyň Ters oba­syn­da 320 orun­lyk mek­dep­ler açyl­dy, Döw­let­li et­ra­by­nyň Tal­ly­mer­jen oba­syn­da bol­sa 90 orun­lyk tä­ze ça­ga­lar ba­gy kör­pe­le­ri gu­jak açyp gar­şy­la­dy.

Tä­ze bi­na­la­ryň açyl­ma­gy uly baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry kon­sert mak­sat­na­ma­la­ry bi­len çy­kyş et­di­ler. Iş­de has ta­pa­wut­la­nan gur­lu­şyk­çy­la­ra gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Köp­ san­ly da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa we­la­ýat­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek, äh­li ýer­ler­de, şol san­da oba­lar­da döw­re­bap dur­muş dü­zü­mi­ni dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len gö­rül­ýän çä­re­ler üçin çäk­siz ho­şal­lyk bil­di­rip, mil­li Li­de­ri­mi­ze ata Wa­ta­ny­my­zyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň we aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne ba­şy­ny baş­la­ýan äh­li baş­lan­gyç­la­ryn­da tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler.

Ýur­du­my­zyň okuw mek­dep­le­ri hä­zir­ki za­man öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da en­jam­laş­dy­ryl­dy we komp­ýu­ter­leş­di­ril­di. Bu ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dyr­mak we mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry, ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­ni hem-de bu ul­gam­da dün­ýä­niň ga­za­nan­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan iri möç­ber­li we öň­den­gö­rü­ji­lik­li mak­sat­na­ma­sy­nyň hök­ma­ny ta­la­by bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň äh­li­sin­de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk ny­zam­la­ryn­da bi­rin­ji syn­pa gel­ýän al­ty ýaş­ly iň ýa­şa­jyk okuw­çy­la­ry hem mü­bä­rek­le­di­ler. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan sow­gat hök­mün­de net­buk­lar gow­şu­ryl­dy. Bu net­buk­lar okuw ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, tä­ze bi­lim­le­ri ele al­mak­da ola­ryň kö­mek­çi­si­ne öw­rü­ler. Bu dä­biň düý­bi mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan 2011-nji ýyl­da tu­tu­lyp, ça­ga­la­ryň ter­bi­ýe­len­me­gi we saz­la­şyk­ly ös­me­gi ba­ra­da­ky ala­da­nyň ýe­ne bir ýü­ze çyk­ma­sy­na öw­rül­di. Şu ýyl şeý­le hem komp­ýu­ter­ler 1-nji syn­pa ka­bul edi­len 146 müň 873 okuw­ça sow­gat be­ril­di.

Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­de ýur­du­my­zyň okuw mek­dep­le­rin­de il­kin­ji sa­pak­lar «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­di.

Şol sa­pak­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, adam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň aý­dyň ala­ma­ty­na öw­rü­len bu ta­ry­hy ýo­luň tä­ze gör­nü­şi bu gün Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki döw­let­ler bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň ösü­şin­de, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryn­da, sport ul­ga­myn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Şu aý­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra ral­li­si hem mu­nuň aja­ýyp my­sa­ly­dyr.

Yk­ly­myň esa­sy ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen Türk­me­nis­ta­nyň geog­ra­fi­k ýag­da­ýy­nyň ar­tyk­maç­lyk­la­ry ýur­du­my­za yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de mil­li ulag müm­kin­çi­li­gi­ni amat­ly ama­la aşyr­ma­ga, mil­li me­de­ni mi­ra­syň baý­ly­gy bol­sa, halk­la­ryň yn­san­per­wer, ru­hy gat­na­şyk­la­ryn­da or­nu­ny gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu kon­sep­si­ýa­ny iler­let­mek bi­len, kö­pu­gur­ly ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Bu ugur ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi­ne hem-de äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne giň se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly bi­ziň ýaş­la­ry­myz ýur­du­my­zyň gel­je­gi­dir, şo­nuň üçin tä­ze okuw ýy­ly ösü­şiň hem-de ro­waç­ly­gyň ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi üçin Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de tä­ze nes­li­niň ke­ma­la gel­me­gin­de no­bat­da­ky ädim­dir.

Adam­la­ry, oza­ly bi­len, ýaş­la­ry hä­zir­ki döw­rüň yl­my­nyň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, te­bi­ga­ty, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry­ny ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­na çe­kil­me­gi­ne ýar­dam et­mek bi­len, döw­le­ti­miz giň me­de­ni we yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry hö­wes­len­di­rip, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň äh­li gör­nüş­le­rin­den bi­li­me gö­nük­di­ril­ýän se­riş­de­le­ri ile­ri tut­ýar. Mu­nuň özi Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ne ma­ýa go­ýum­la­ry, hal­ky­my­zyň gym­mat­ly stra­te­gi­k se­riş­de­le­ri­niň — onuň aň-dü­şün­je­si­niň ke­pil­lik­le­ri bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­ýär.

Şeý­le hem güý­züň bi­rin­ji gü­ni ýur­du­myz­da, däp bol­şy ýa­ly, “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” at­ly bi­raý­lyk ba­dal­ga al­dy. Bu çä­rä­niň çäk­le­rin­de or­ta mek­dep­ler­de de­giş­li mow­zuk bo­ýun­ça di­war­lyk­lar taý­ýar­la­nyl­dy, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­ma­ga, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi­ne ba­gyş­la­nyp, dür­li bäs­le­şik­ler, okuw sa­gat­la­ry, ýol gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri bi­len du­şu­şyk­lar gu­ra­lar.

Ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ryn­da ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça çä­re­ler Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, beý­le­ki pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­ler we eda­ra­lar, şeý­le hem iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry hem-de hal­ka­ra agent­lik­le­r bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da ge­çi­ril­ýär.

Ag­şam Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­la­ryň gü­ni my­na­sy­bet­li “Aş­ga­bat” aý­dym-saz mer­ke­zin­de baý­ram­çy­lyk çä­re­si — sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti gu­ral­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter