Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

опубликованно 31.08.2018 // 1565 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­la­ry­ny hem-de ka­bul edi­len beý­le­ki yk­dy­sa­dy we dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň bar­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Şeý­le hem mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len içe­ri sy­ýa­sa­tyň wa­jyp we­zi­pe­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýer­ler­de mil­li we döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýe­ten de­re­je­si­ni we gel­jek­ki ösü­şi­ni, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni äş­gär ed­ýän çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öň­de bol­jak fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz onuň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Me­re­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň” ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çe­kip, top­lu­myň kär­ha­na­la­ry­nyň me­ýil­na­ma­la­ýyn tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­şi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Ne­bi­tiň we te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­ny, onuň gaý­ta­dan iş­le­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy pu­da­gyn­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek gel­je­gi uly ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň bar­şyn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy­ny hem-de döw­re­bap äh­mi­ýe­ti­ni dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýaý­mak we wa­gyz et­mek, ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­ny ös­dür­mek hem-de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra aw­to­mo­bil ýa­ry­şy­na gat­na­şy­jy­la­ry ne­bit önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ra gol çe­kip, onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Wi­se-prem­ýer se­bit­ler­de pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyp, go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da de­giş­li ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni öz wag­tyn­da we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ry­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýyl ýur­du­myz­da pag­ta aras­sa­la­ýan kär­ha­na­la­ryň 38-si, taý­ýar­la­ýyş bö­lüm­le­ri­niň 156-sy taý­ýar­la­nyl­dy, pag­ta ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň 1 müň 76-sy, aw­to­mo­bil­le­riň 2 müň 261-si, trak­tor­la­ryň 2 müň 162-si, trak­tor tir­keg­le­ri­niň 3 müň 325-si ula­ny­lar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry mil­li Li­de­ri­mi­ze “Ak ker­wen” da­ba­ra­la­ry­na ak pa­ta ber­mek ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz­len­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp we wa­tan­daş­la­ry­my­za hem-de daý­han­la­ra ýüz­le­nip, sent­ýabr aýyn­da ýur­du­myz­da mö­hüm çä­rä­niň — pag­ta ýy­gy­my­nyň köp­çü­lik­le­ýin baş­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Köp zäh­met siň­di­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny gys­ga wag­tyň için­de ýyg­nap al­mak hä­zir­ki dö­wür­de daý­han­la­ryň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­dir.

Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da eder­men pag­ta­çy­la­ryň mil­li baý­ly­gy­myz bo­lan pag­ta­nyň bol ha­sy­ly­ny ýyg­nap, uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, mil­li Li­de­ri­miz Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 5-nji sent­ýabr­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa 16-njy sent­ýabr­da pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar­dan pag­ta ýy­gy­my­ny “Bis­si­mil­la” bi­len baş­lap ber­mek­le­ri­ni ha­ýyş edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz daý­han­la­ra bol ha­syl al­ma­gy ar­zuw et­di.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz su­wy ne­ti­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne wi­se-prem­ýe­riň ün­sü­ni çe­kip, Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän öz­bo­luş­ly suw how­da­ny bo­lan “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri ama­la aşyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de bu kün­jek eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa zo­lak bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bu ýer­de şä­her­çe­le­ri gur­ma­ly di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Şeý­le hem bu ýe­re ýyg­na­nan su­wy gaý­ta­dan iş­läp, ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ry dö­ret­me­li, ba­lyk­çy­ly­gy ös­dür­me­li di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mil­li elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Se­na­gat mi­nistr­li­gi­niň “Türk­men­ma­şyn­gur­lu­şyk” kon­ser­ni­ne de­giş­li önüm­çi­lik dü­züm­le­rin­de dür­li gör­nüş­li diod­ly lam­pa­la­ryň, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň, gaz we elekt­rik pli­ta­la­ryň, elekt­rik gyz­dy­ry­jy­la­ryň harç­la­ýan ener­gi­ýa­sy­ny ha­sap­la­ýan elekt­ron gur­na­ma­la­ryň, şeý­le hem 1-nji synp okuw­çy­la­ry üçin komp­ýu­ter­le­riň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za, asyl­ly dä­be gö­rä, 1-nji sent­ýabr­da ýur­du­my­zyň 1-nji syn­pa ka­bul edil­ýän äh­li okuw­çy­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan sow­gat be­ril­ýän komp­ýu­ter­le­riň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di.

Ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­le­riň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu iş­le­ri kä­mil de­re­je­de do­wam et­me­gi we 1-nji syn­pa ka­bul edil­ýän okuw­çy­la­ra gow­şu­ryl­ýan net­buk­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň öw­re­di­li­şi­ni gi­ňelt­me­gi, ýur­du­my­zyň okuw mek­dep­le­rin­de hä­zir­ki za­man mul­ti­me­di­ýa teh­ni­ka­la­ry­ny ös­dür­me­giň, okuw ul­ga­my­na mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny we san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň se­na­gat top­lu­my­nyň içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak ar­ka­ly ösü­şiň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne çyk­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şu mak­sat bi­len, döw­let ta­ra­pyn­dan tä­ze kär­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na we ozal he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň tä­ze­çil usul­da en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­na ägirt uly se­riş­de­ler gö­nük­di­ril­ýär. Hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň bu iş­le­re çe­kil­me­gi­ne uly gol­daw be­ril­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz se­bit­ler­de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we önüm­çi­li­ge kä­mil hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ryň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, ýur­du­my­zyň elekt­ron pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew “Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry” at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we yl­my mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän pu­dak­la­ýyn fo­ru­my şu ýy­lyň 6 — 8-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu ýyl ýur­du­my­zyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bi­len Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ýan ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne elekt­roe­ner­ge­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry we hu­su­sy dü­züm­ler gat­na­şar. Bu ýer­de ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek, dür­li kuw­wat­lyk­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak, elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gyn­da ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy usul­lar ýa­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.

Mil­li Li­de­ri­miz ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra ser­gi­­niň we mas­la­ha­tyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re bu çä­rä­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Soň­ra ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de wi­se-prem­ýer Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy bi­len ut­ga­şyk­ly do­lan­dyr­mak esa­syn­da iş­le­ýän tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ulan­ma­ga ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­ba­ry diň­läp, ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­myz­da gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di, tä­ze kuw­wat­ly elekt­rik stan­si­ýa­lar gu­rul­dy we ulan­ma­ga be­ril­di. Ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den çe­ki­len uzyn­ly­gy müň­ler­çe ki­lo­met­re ýet­ýän elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ryň bir­nä­çe­si çal­şyl­dy, tä­ze ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry gur­nal­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy me­se­le­le­ri­ne ün­si çe­kip, ener­gi­ýa akym­la­ry­nyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň, tä­ze kö­pu­gur­ly ge­çi­ri­ji­ler dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi­niň türk­men ta­ra­py üçin stra­te­gi­k äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne we ola­ry iber­me­giň se­riş­de­le­ri­ne deň­hu­kuk­ly, bök­denç­siz hem-de ke­pil­len­di­ri­len el­ýe­ter­li­li­giň äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny nyg­tap, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu mak­sa­da ýe­til­me­gi­ne ýur­du­my­zyň oňyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di, olar äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­na de­giş­li me­se­le­ler­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ýer­de ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň umu­my ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na go­şul­jak­dy­gy­na hem-de di­ňe bir tu­tuş we­la­ýa­tyň ener­gi­ýa bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün edil­me­gi­ne däl-de, onuň beý­le­ki ýurt­la­ra ibe­ril­ýän eks­port möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

On­da ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, kär­ha­na­lar, gu­ra­ma­lar, hä­kim­lik­ler hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan 70-den gow­rak ser­gi bö­lüm­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ry­lar. Şo­lar­da ýur­du­my­zyň se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy, gur­lu­şyk, ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da, söw­da hem-de hyz­mat­lar, ma­li­ýe we bank ul­gam­la­ryn­da ýe­ten de­re­je­si, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri öz be­ýa­ny­ny ta­par.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň işi­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Hu­su­san-da, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan mil­li se­ne­na­ma­my­zyň baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň we beý­le­ki se­ne­le­ri­niň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry­nyň işi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, äh­li kär­ha­na­la­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Aw­tou­lag­la­ryň işi­ne, du­ral­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na, şo­la­ryň he­re­ket edi­şi­ne, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, ýo­lag­çy­la­ra edil­ýän hyz­mat­la­ryň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na de­giş­li anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­myn­da ýük da­şa­ma­gyň we ýo­lag­çy gat­nat­ma­gyň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň az däl­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz de­mir ýol ulag­lar ul­ga­my­nyň ösü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re de­gip ge­çip, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­la­nyp, iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň de­mir ýol ul­ga­my­nyň ula­nyş möh­le­ti­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer. De­mir ýol­la­ry elekt­rik­leş­dir­mek iş­le­ri­ni do­wam et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýer M.Ça­ky­ýe­we ýur­du­my­zyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow we aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nist­ri O.Su­ha­now bi­len bi­le­lik­de ýur­du­myz­da her ýyl dür­li aw­tou­lag­la­ryň — ýe­ňil, ýo­lag­çy, ýük hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len aw­tou­lag­la­ryň hal­ka­ra ser­gi­si­ni ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le hal­ka­ra ser­gi­ni ge­çir­mek üçin äh­li yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe müm­kin­çi­lik­le­riniň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çä­rä­niň dür­li şert­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, ila­ty­myz we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry üçin has oňaý­ly aw­tou­lag­la­ry saý­la­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne, şan­ly se­ne­le­re we şu my­na­sy­bet­li me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň, ýur­du­my­zyň ösüş ýo­lun­da ga­za­nan­la­ry­nyň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň we dö­re­di­ji­lik fo­rum­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­den yba­rat bo­lar.

1-nji sent­ýabr­da bel­le­nil­ýän Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li bi­lim ul­ga­my­na de­giş­li tä­ze bi­na­lar açy­lar. Bu se­ne my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­my­zyň “Aş­ga­bat” aý­dym-saz mer­ke­zin­de sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da kon­sert­ler hem-de we­la­ýat­lar­da tä­ze umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň we ça­ga­lar bag­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry gu­ra­lar.

Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler, “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” ady bi­len ge­çi­ril­ýän bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler gu­ra­lar. Sent­ýab­ryň bi­rin­ji on­gün­lü­gin­de Aş­ga­bat­da “Ko­reý hep­de­li­gi” çä­re­le­ri bo­lar. Şeý­le hem kö­pö­wüş­gin­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ha­ta­ryn­da pu­dak­la­ýyn ser­gi­le­riň, tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly beý­le­ki bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ry­lar.

“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem-de “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” ug­ry bo­ýun­ça we­lo­si­ped ýö­ri­şi we yl­gaw ýa­ry­şy my­na­sy­bet­li me­de­ni çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Ony sun­gat us­sat­la­ry­nyň 15-nji sent­ýabr­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek kon­ser­ti jem­lär. Şol gün Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak we me­de­ni­ýet, sun­gat iş­gär­le­ri­ne hor­mat­ly at­la­ry dak­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Da­ba­ra baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bi­len ut­gaş­dy­ry­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi­ne we ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne kö­pö­wüş­gin­li me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de bol­jak baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň we beý­le­ki me­de­ni köp­çü­lik­le­ýin da­ba­ra­la­ry­nyň, şol san­da sent­ýabr aýy­nyň iri sport çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz şo­la­ryň hem­me­si­niň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň dö­re­di­ji­lik ru­hu­na, hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­ne la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­niň işi­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de be­ýan edil­me­gi­ne, şon­da ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň ilat köp­çü­li­gi­ne giň­den ýe­ti­ril­me­gi­ne mö­hüm üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­leri ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­si ge­çir­mä­ge taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni çä­re­ler ba­ra­da aý­dyp, şo­la­ryň ge­ri­mi we dö­re­di­ji­lik joş­gu­ny bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ta­ry­hy se­ne­na­ma­syn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­ýan jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ne ky­bap gel­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

5-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­jek jem­leý­ji kon­ser­te we­la­ýat­lar­dan we Aş­ga­bat şä­he­rin­den ýa­şa­jyk aý­dym­çy­lar, ça­ga­lar tans, aý­dym we folk­lor to­par­la­ry gat­na­şar­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik ba­ra­da aý­dyp, bu dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ne ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den ze­hin­li ça­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si­niň uly hö­wes bi­len gat­naş­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ýaş ne­sil­le­riň ukyp­la­ry­ny açyp gör­kez­me­gi üçin bol­sa ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi­niň baş mak­sa­dy­nyň ýaş­la­ryň dö­ret­mä­ge bo­lan hö­wes­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­mek­den we ös­dür­mek­den yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di hem-de bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi ug­run­da iç­gin ala­da et­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mej­li­siň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý et­män, tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­mek­de ýol be­ren kem­çi­lik­le­ri üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­do­wa berk kä­ýinç yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim mi­nist­ri M.Gel­di­ny­ýa­zo­wa Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan duý­du­ryş be­ril­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow DIM-niň alyp bar­ýan işi, sent­ýabr aýyn­da bel­le­ni­len mö­hüm hal­ka­ra çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar we iri fo­rum­lar bar.

Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 18-nji sent­ýabr­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy öz işi­ne baş­la­ýar. Oňa gat­naş­mak üçin 29-njy sent­ýabr — 2-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Nýu-Ýork şä­he­ri­ne sa­pa­ry me­ýil­leş­di­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol­daw ber­me­gin­de ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my fo­rum­da öňe sür­jek baş­lan­gyç­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we tas­syk­la­nyl­dy. Olar dip­lo­ma­tik ýol­lar ar­ka­ly BMG-niň ag­za ýurt­la­ry­na ibe­ril­di we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de be­ýan edil­di. Şeý­le hem sa­pa­ryň çäk­le­rin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry bi­len du­şu­şy­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki işin­de bi­ta­rap­lyk we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne, je­del­le­riň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­ler ar­ka­ly çö­zül­me­gi­ne esas­la­nar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­dy.

28-nji sent­ýabr­da Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­ty Du­şen­be şä­he­rin­de GDA ag­za döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ri­ler. Şon­da Türk­me­nis­ta­nyň 2019-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na baş­lyk­lyk et­me­gi ba­ra­da­ky me­se­le göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol­daw ber­me­gin­de baş­lyk­lyk et­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy we ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­ýil­na­ma­sy, şeý­le hem beý­le­ki de­giş­li res­mi­na­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin ýö­ri­te Mak­sat­na­ma­nyň Ýol­baş­çy ge­ňe­şi­niň (SPE­KA) no­bat­da­ky ses­si­ýa­sy­na we Ga­za­gys­ta­nyň Al­ma­ty şä­he­rin­de 20 — 21-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­jek SPE­KA — 2018 Yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na, şeý­le hem Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň 17 — 20-nji sent­ýabr­da Ita­li­ýa­nyň Rim şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Ýew­ro­pa se­bit­le­ýin ko­mi­te­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­na­şar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki döw­let­ler we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len deň­lik, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we iş­jeň­lik esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gy, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne al­nyp ba­ryl­ýan giň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra bo­lan yg­rar­ly­ly­gy iş ýü­zün­de tas­syk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

BMG bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga äh­mi­ýet ber­mek bi­len, ýur­du­myz hä­zir­ki dö­wür­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my möç­ber­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­riň yla­la­şyk­ly çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça umu­my ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na iş­jeň gat­naş­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji ses­si­ýa­sy­nyň işi­ne gat­naş­ma­gy­ny Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy hök­mün­dä­ki yzy­gi­der­li işi­niň do­wa­my hök­mün­de ga­rap, hyz­mat­daş­ly­ga stra­te­gik hä­si­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, 2019-njy ýyl­da GDA baş­lyk­lyk et­me­gi öz üs­tü­ne al­ýan ýur­du­my­zyň umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän däp bo­lan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne we gi­ňel­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy hök­mün­de Türk­me­nis­tan giň ugur­lar bo­ýun­ça ägirt uly kuw­wa­ta eýe bol­mak bi­len, Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne äh­mi­ýet ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aý­dy­lan­la­ry jem­läp, türk­men ta­ra­py­nyň öň­de bol­jak hal­ka­ra çä­re­le­re gat­naş­ma­gy­na oý­la­ny­şyk­ly we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­le­riň esa­syn­da­ky taý­ýar­ly­gyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa mil­li par­la­men­tiň ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan işi, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­bar ber­di.

Iş to­par­la­ryn­da hä­zir­ki dö­wür­de döw­let ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny we hal­ka­ra hu­ku­gy­ň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, tä­ze ka­nun­çy­lyk tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li res­mi­na­ma­lar taý­ýar­la­nyl­ýar. Jo­gap­kär dü­züm­le­riň äh­li­si bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri çö­zül­ýär. Halk Mas­la­ha­ty­nyň döw­le­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da eýe­le­ýän ta­ry­hy or­nu­ny, onuň de­mok­ra­tik esas­la­ry­nyň ösü­şi­ni wa­gyz et­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň “Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da” Ka­nu­ny­nyň ugur­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça dü­şün­di­riş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Onuň sy­ýa­sy äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de giň­den be­ýan edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­ba­ry diň­läp, tä­ze ka­nun­lar taý­ýar­la­ny­lan­da Türk­me­nis­ta­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len me­ýil­na­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy üp­jün ed­ýän türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gel­jek­ki ösü­şi­niň we­zi­pe­le­rin­den ugur alyn­ma­ly­dyr.

Dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri çöz­güt­le­riň çalt hem-de öz wag­tyn­da ka­bul edil­me­gi­ni, ýur­du­myz­da we jem­gy­ýe­ti­miz­de ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re gys­sag­ly ses­len­me­gi­ni ta­lap ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ber­kit­mek we kä­mil­leş­dir­mek, de­pu­tat­la­ryň ýer­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň wa­jyp­dy­gy­na üns be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz umu­my­mil­li fo­rum bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da aý­dyp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň döw­let dur­mu­şy­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çöz­güt­le­ri ka­bul ed­ýän ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy gu­ra­ma bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li düz­gün­le­riň üs­tün­de düýp­li iş­le­me­giň, şol san­da onuň ag­za­la­ry­nyň hu­kuk de­re­je­si­ni ka­nun­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň mej­li­si­ni gu­ra­ma­ga gat­naş­ýan äh­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­niň üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny, şo­la­ryň ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga we de­mok­ra­tik esas­la­ra la­ýyk ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Soň­ra Hö­kü­me­tiň mej­li­si­ne ça­gy­ry­lan “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy D.Sa­bu­row ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di.

Gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny» ýe­ri­ne ýe­tir­mek, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýer­li uçar gat­naw­la­ry­nyň ug­ru­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat­lar­da tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak, ozal bar bo­lan­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, şol san­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ker­ki, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­her­le­rin­de, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň “Ga­laý­mor” daý­han bir­le­şi­gin­de ho­wa men­zil­le­rini di­kelt­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mun­dan baş­ga-da, ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da gul­lu­gyň teh­ni­ki par­ky­nyň üs­tü­niň tä­ze, hä­zir­ki za­man uçar­la­ry bi­len ýe­ti­ril­ýän­di­gi, içer­ki we hal­ka­ra gat­naw­lar üçin uçar­la­ryň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýan­dy­gy, bu iş­le­riň ho­wa ulag­la­ry ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ös­dü­ril­me­gi­ne oňyn şert­le­ri üp­jün ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­nyň hal­ka­ra ho­wa gat­naw­la­ry bo­ýun­ça tä­ze ugur­la­ry açyp, türk­men uçar­la­ry­nyň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na yzy­gi­der­li uçuş­la­ry ama­la aşyr­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Bu bol­sa hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ iş­jeň­leş­dir­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, äh­li we­la­ýat­lar­da döw­re­bap, ýo­lag­çy­la­ra ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry ýo­la goý­ýan hem-de dür­li gör­nüş­dä­ki uçar­la­ry ka­bul et­mä­ge ukyp­ly uçuş-go­nuş zo­la­gy bo­lan ho­wa men­zil­le­ri­niň gu­rul­ma­gy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň howp­suz­lyk we yg­ty­bar­ly­lyk ba­bat­da tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ho­wa ul­ga­my­nyň ösen dü­zü­mi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ama­la aşyr­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li ho­wa ulag­la­ry ul­ga­my­nyň hä­zir­ki za­man uçar­lar par­ky­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça uzak­ möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň “Boeing” uçar­la­ry­ny saý­lap al­ma­gy ýur­du­myz­da bu uçar­la­ry hal­ka­ra, se­bi­ta­ra we içer­ki ugur­lar bo­ýun­ça peý­da­lan­mak­da ga­za­nan oňyn tej­ri­be­si bi­len baglanyşyklydyr. Şeý­le hem bu çöz­güt ýo­lag­çy­la­ra hyz­ma­tyň ýo­ka­ry hil gör­ke­zi­ji­le­ri­ni we äh­li ugur­lar­da­ky uçuş­la­ryň howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze uçar­la­ry ulan­ma­gyň ýur­du­my­zyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, ýo­ka­ry de­re­je­li ýük da­şal­ma­gy­ny we ýo­lag­çy gat­na­dyl­ma­gy­ny ýo­la goý­ma­ga kö­mek et­jek­di­gi­ni bel­läp, tä­ze uçar­la­ry sa­tyn al­mak ha­kyn­da­ky tek­lip­le­ri ma­kul­la­dy hem-de bu ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra mej­li­se ça­gy­ry­lan içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra ral­li­si­ne taý­ýar­ly­gyň bar­şy, öň­de bol­jak ýa­ryş­la­ry göw­ne­jaý de­re­je­de gu­ra­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. IIM-niň ýol­baş­çy­sy mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­sy­ny hem-de sport aw­to­mo­bi­li­niň teh­ni­ki pas­por­tu­ny gow­şur­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýa­ryş­la­ra gat­naş­ýan sü­rü­ji­ler üçin sport ly­bas­la­ry top­lum­la­ry­nyň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di. Ly­bas­lar­da öň­de bol­jak ral­li­niň ny­şan­la­ry şe­kil­len­di­ril­di hem-de mil­li be­zeg sun­ga­ty­nyň äheň­le­ri peý­da­la­nyl­dy. Peý­da­la­ny­lan se­riş­de­le­riň hi­li aw­to­mo­bil spor­ty üçin sport ly­bas­la­ry­na bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra we de­giş­li ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän ýyl­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň gu­ral­ma­gy­nyň ýur­du­myz üçin uly äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­jek­di­gi­ni bel­le­di. Bu ýa­ryş­lar asyr­la­ryň do­wa­myn­da Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän ta­ry­hy ýo­luň hä­zir­ki dö­wür­de gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Öň­de bol­jak ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak iş­le­ri äh­li de­giş­li dü­züm­le­riň ýa­kyn­dan ut­gaş­dy­ryl­ma­gyn­da ama­la aşy­ryl­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin äh­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ral­lä gat­na­şy­jy­lar üçin sport ly­bas­la­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny ma­kul­lap, şo­la­ryň be­ze­gi ba­ba­tyn­da bir­nä­çe bel­lik­le­ri aý­dyp, mi­nist­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hö­kü­met mej­li­si­niň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sent­ýabr aýyn­da dür­li de­re­je­li köp­ san­ly çä­re­le­riň me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi­ni we şo­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni ta­mam­lap, oňa gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny we uly üs­tün­lik­le­ri hem-de “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň äh­li hal­ky­na gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter