Res­mi ha­bar­lar | TDH
Syýasat habarlary

Res­mi ha­bar­lar

опубликованно 31.08.2018 // 916 - просмотров
 

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy­ny we döw­re­bap äh­mi­ýe­ti­ni dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýaý­mak hem-de wa­gyz et­mek, ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­ny ös­dür­mek we “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­na “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy­na Türk­me­nis­tan­dan we da­şa­ry ýurt­lar­dan gat­na­şy­jy­la­ryň hem-de ola­ra hyz­mat edi­ji­le­riň aw­tou­lag­la­ry­ny we teh­ni­ka­la­ry­ny ýa­ryş bi­len bag­ly Türk­me­nis­tan­da bol­ýan döw­rün­de 200 ton­na çen­li A-95 ben­zi­ni hem-de 200 ton­na çen­li EKO-5 ky­sym­ly mil­li di­zel ýan­gy­jy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň sar­gyt­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ha­ky­ky sarp edi­len möç­be­ri­ne gö­rä muzd­suz üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

***

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý et­män, tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­mek­de ýol be­ren kem­çi­lik­le­ri üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Aga­my­ra­dow Pür­li Nur­mäm­me­do­wi­çe berk kä­ýinç yg­lan edil­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter