Türk­men to­pa­ry “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne taý­ýar | TDH
Amul — Hazar 2018

Türk­men to­pa­ry “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne taý­ýar

опубликованно 31.08.2018 // 1182 - просмотров
 

Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň “Sport” myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýa­kyn wagt­da ge­çi­ril­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de türk­men ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň bu ýa­ry­şa gat­naş­ýan ag­za­la­ry­na sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­la­ry we mil­li Li­de­ri­mi­ziň adyn­dan de­giş­li ly­bas­lar gow­şu­ryl­dy.

Ýur­du­my­zyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Sport ulag mer­ke­zi­niň we Aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça mil­li fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň to­par­la­ry­nyň 15-si bu ýa­ryş­da ýur­du­my­za we­kil­çi­lik eder. Olar şu ýy­lyň maý aýyn­da gu­ra­lan saý­la­ma tap­gy­ry geç­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şol gün Ga­ra­gum säh­ra­sy bo­ýun­ça gu­ra­lan saý­la­ma tap­gy­ra gat­na­şyp, ýo­ka­ry ne­ti­je gör­kez­di we otuz tür­gen­den yba­rat türk­men ýy­gyn­dy to­pa­ry­na ak ýol ar­zuw et­di.

Bu ýer­de ge­çi­ri­len çä­rä ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy dü­züm­le­ri­niň ag­za­la­ry, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri, “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek we ony ge­çir­mek bo­ýun­ça jo­gap­kär we­kil­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len hal­ka­ra aw­to­ral­li­ni, köp­çü­lik­le­ýin yl­gaw ýa­ry­şy­ny we we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi gu­ra­mak ba­ra­da­ky tek­lip äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bol­dy. Aý­ra­tyn-da, yzy­gi­der­li üns-ala­da­sy üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­ýän tür­gen­ler bu ýö­rel­gä­ni aý­ra­tyn oň­la­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da iri sport ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne äh­mi­ýet ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, sport halk­la­ry we me­de­ni­ýet­le­ri ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga, se­bit­de we tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy ber­kit­mä­ge ukyp­ly­dyr.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da de­giş­li hä­zir­ki za­man dü­zü­mi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak, oňa tu­tuş hal­ky­my­zy, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ýaş ne­sil­le­ri çek­mek, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, köp döw­let­le­riň to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek aw­to­ral­li di­ňe bir ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­man, eý­sem, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, şol san­da aw­to­mo­bil spor­tu­ny giň­den wa­gyz et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Mas­la­hat­da çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ýa­ryş­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk-teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi ba­bat­da bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň sport müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ber­kit­mek, bu ul­gam­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek ug­run­da giň möç­ber­li taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur bo­ýun­ça bel­li hü­när­men­ler, şeý­le çä­re­le­re gat­naş­mak­da özü­ni gör­ke­zen kom­pa­ni­ýa­lar bi­len gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Şun­luk­da, bu ýa­ryş­la­ryň esa­sy we­zi­pe­si­niň bi­ri baý ta­ry­hy-me­de­ni, ru­hy mi­ra­sy bo­lan we ony ne­sil­den-nes­le ge­çir­ýän hem-de aja­ýyp te­bi­ga­ty, ägirt uly yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nal­ýan ýurt hök­mün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze keş­bi­ni dün­ýä açar.

Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri mö­hüm söw­da ýol­la­ry­nyň çat­ry­gy hök­mün­de bel­li bo­lup­dyr. Bu gün ýur­du­my­zyň çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän­di­gi ýe­ne bir mö­hüm ýag­daý bi­len ber­ki­dil­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz­da 2018-nji ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän­di­gi­niň ýö­ne ýer­den däl­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.

Hä­zir­ki za­man sport dü­zü­mi­ne eýe bo­lan ýur­du­my­zyň iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek­de baý tej­ri­be­si bar. Ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Di­ýa­ry­myz giň ge­rim­li ýa­ryş­la­ry ka­bul et­mä­ge ukyp­ly sport ýur­dy hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ni pug­ta­lan­dyr­ýar.

Şeý­le hem ýur­du­myz­da we­lo­si­ped we aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Her ýyl­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi­ni gu­ra­mak asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 3-nji iýu­ny “Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni” di­ýip yg­lan et­di. Bu çöz­gü­de aw­tor­daş­lar hök­mün­de dün­ýä­niň 56 ýur­dy çy­kyş et­di. Mu­nuň özi Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­lent­di­gi­ni görkezýär.

Ýur­du­my­zyň aw­to­mo­bil spor­tu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Tä­ze ýo­ka­ry tiz­lik­li sport ulag­la­ry sa­tyn alyn­ýar. Bu bol­sa spor­tuň bu gör­nü­şi­ne ýaş­la­ryň çe­kil­me­gi­ni, tür­gen­le­riň we ola­ryň tä­lim­çi­le­ri­niň us­sat­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Mu­nuň özi, öz ge­ze­gin­de, ýur­du­myz­da hal­ka­ra mer­ke­zi dö­ret­mek üçin oňyn şert­le­ri üp­jün ed­ýär. Şon­da aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi dö­re­ýär.

Şeý­le­lik­de, öň­de bol­jak “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si bir­nä­çe tap­gyr­dan yba­rat bo­lup, Ga­ra­gu­muň çyl­şy­rym­ly ýer­le­rin­den ge­çer hem-de Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky ak mer­mer­li Awa­za­da ta­mam­la­nar. Ral­lä gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, aja­ýyp gö­zel­li­gi, mil­li me­de­ni­ýe­tiň öz­bo­luş­ly­ly­gy we hä­zir­ki döw­rüň saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik alarlar.

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” tas­la­ma­sy di­ňe bir sport çä­re­le­rin­den yba­rat bol­man, eý­sem, ýur­du­my­zyň geç­mi­şi­niň, şu gü­nü­niň we gel­je­gi­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň my­sa­lyn­da ýe­ten de­re­je­si­ni aýan et­mek­den hem yba­rat­dyr.

Amul­dan Ha­za­ra çen­li bo­lan ara­lyk bo­ýun­ça hal­ka­ra aw­to­ral­li­si Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­myn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­ny we tas­la­ma­la­ry­ny iler­let­mek­de, şo­la­ryň se­bit we äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­ti­ni wa­gyz et­mek­de hem-de döw­let­le­riň we halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­ny, söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň hem-de äh­lu­mu­my ösü­şiň gi­ňel­dil­me­gi­ni şert­len­dir­ýän baş­lan­gyç­dyr. Şu gün­ki çä­rä gat­na­şy­jy­lar hut şu baş­lan­gyç­lar ba­ra­da aýt­dy­lar.

Ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da şu­nuň ýa­ly ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak bo­ýun­ça tej­ri­bä­niň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li. 2009-njy ýyl­da “Ýü­pek ýo­ly” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za de­giş­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Bu baş­lan­gyç goň­şy döw­let­ler bo­lan dost­luk­ly Rus­si­ýa­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň Li­der­le­ri ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­dy. Üç ýur­duň için­den geç­ýän we dün­ýä­niň 30-a go­laý döw­le­tin­den aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça us­sat­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan bu ulag ýa­ry­şy­nyň ýo­lu­nyň umu­my uzyn­ly­gy 4500 ki­lo­metr bo­lup, şo­nuň ýa­ryn­dan gow­rak bö­le­gi Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den geç­di.

Şol pur­sat­dan bä­ri “Ýü­pek ýo­ly” dün­ýä­niň aw­to­mo­bil spor­tu­nyň se­ne­na­ma­sy­na ymyk­ly go­şul­dy. Oňa türk­men tür­gen­le­ri hem gat­naş­ýar. Ýa­kyn­da tür­gen­le­ri­miz şo­nuň ug­ry bo­ýun­ça tä­ze ýö­ri­şi ama­la aşyr­dy­lar. In­di bol­sa “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­mo­bil spor­ty hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ň ter­tip­na­ma­sy­na gi­ri­zil­ýär.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­dan soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry­na de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­lar we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan tür­gen­le­riň ýö­ri­te sport ly­bas­la­ry­nyň top­lu­my gow­şu­ryl­dy.

Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan­dan ral­lä gat­na­şy­jy­la­ryň at­la­ry yg­lan edil­di. Olar Mu­ham­met­my­rat Gur­ba­now, Şa­my­rat Gur­ba­now, Gur­ban­ber­di Da­ňa­ta­row, Ra­fael Gaý­nu­lin, Mer­dan Toý­ly­ýew, Şöh­rat Toý­ly­ýew, Ýo­la­man Aba­ýew, Ars­lan Ka­ra­ku­low, Be­genç An­na­ýew, Me­kan Aman­ta­ga­now, Aga­my­rat An­na­ýew, An­na­gel­di Sä­het­gur­ba­now, Sü­leý­man Sa­ha­tow, Ke­rim­ber­di Rah­man­ber­di­ýew, Gu­wanç­my­rat Hom­ma­dow, Re­jep­ni­ýaz An­na­ber­di­ýew, Ke­rim Öwe­zow, Baý­ram­my­rat An­na­ýew, Pa­ra­hat Gar­ly­ýew, Ti­mur Ma­me­dow, Beg­na­zar Nur­ýag­dy­ýew, Ho­ja­gu­ly An­na­mäm­me­dow, Gaý­gy­syz Ak­my­ra­dow, Mer­gen­nur Aga­ýew, Ars­lan Hom­ma­dow, Mer­gen­gel­di Öw­lä­gu­ly­ýew, Meý­lis Hy­dy­row, Ça­ry Mu­hy­ýew, Me­kan­my­rat Po­pu­low, şeý­le hem Nor­munds Meý­mans, Wadim Şmaý­low we Za­ha­rows And­row da­gy­dyr.

Bi­ziň to­par­la­ry­myz “Nis­san Pat­rol”, “Mit­su­bis­hi L 200”, “Chevro­let”, “Toyo­ta Hi­lux”, “Toyo­ta Lancru­zer 200” ky­sym­ly aw­tou­lag­lar­da, kwad­ro­sikl­ler­de we ýük aw­tou­lag­la­ryn­da (MAN) çy­kyş eder­ler.

Bu ýa­ryş­lar me­de­ni­ýet­le­riň we halk­la­ryň gat­na­şyk­la­ry üçin hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­rä öw­rü­ler. Çün­ki sport hyz­mat­daş­lyk üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan dost­luk di­li­dir. Aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça ýa­ryş­lar hut şu ýer­de — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy ug­run­da aý­ra­tyn ma­na eýe bol­ýar. Bu ýer­de dür­li ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň we me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra gat­na­şyk­la­ry, du­şu­şyk­la­ry gu­ra­lyp­dyr.

Dün­ýä ta­ry­hy döw­le­tler öza­ra dü­şü­niş­mek we hyz­mat­daş­lyk ýo­ly bi­len ga­dam ura­nlaryn­da ola­ryň halk­la­ry­na bäh­bit­li­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu­nuň ýa­ly çe­me­leş­me hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we adam­za­dyň gel­je­gi­ne bo­lan jo­gap­kär­çi­lik ýa­ly ýö­rel­ge­le­re da­ýan­ýan sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne anyk hem-de hä­zir­ki döw­rüň anyk tas­la­ma­la­ry­ny, şol san­da aw­to­mo­bil, de­mir ýol, de­ňiz we ho­wa ýol­la­ry ýa­ly tä­ze hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da­ky anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär.

Şu­nuň ýa­ly giň ge­rim­li sport ýa­ry­şy­ny ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­mek bi­len, Türk­me­nis­tan özü­niň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ýurt hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­ýar.

“Amul — Ha­zar 2018-iň” ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­nyň aňyn­da köp wagt­lap sak­lan­jak­dy­gy we pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de dost­lu­gyň il­çi­si hök­mün­de spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne eziz Di­ýa­ry­my­zyň mö­hüm go­şan­dy bol­jak­dy­gy şüb­he­siz­dir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter