Türkmenistanyň Prezidenti “ILF Consulting Engineers” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň wekilini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti “ILF Consulting Engineers” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň wekilini kabul etdi

опубликованно 30.08.2018 // 932 - просмотров
 

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “ILF Con­sul­ting En­gi­neers” kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy hem-de şu kom­pa­ni­ýa­nyň gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Adolf Faýsl­ma­ýe­ri ka­bul et­di.

Myh­man du­şuş­ma­ga wagt ta­pan­dy­gy hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ösüş­le­re bes­le­nen öz­gert­me­ler stra­te­gi­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan bi­len işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge Ger­ma­ni­ýa­nyň we umu­man, Ýew­ro­pa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň he­mi­şe gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şin­de yl­myň we teh­ni­ka­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na hem-de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin he­mi­şe açyk­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz özü­ni ýur­du­my­zyň yg­ty­bar­ly işe­wür hyz­mat­da­şy hök­mün­de ta­na­dan bu kom­pa­ni­ýa bi­len gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry, hal­ka­ra tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­bat­daky iş­ler hem-de mun­dan beý­läk-de bi­le­lik­de iş­le­me­giň gel­je­gi ba­ra­da gür­rüň edil­di.

Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my, dü­züm­le­ýin des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry dü­zü­len­de we gur­lan­da de­giş­li hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ag­zal­dy.

Hu­su­san-da, se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da me­se­le goz­gal­dy. Şu ba­bat­da myh­man hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge de­giş­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Adolf Faýsl­ma­ýer şeý­le hem gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da gat­na­şyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy çeş­me bo­lan ga­zy, şeý­le hem goş­ma­ça ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni na­za­ra alyp, Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka­sy­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny düz­mek­de hyz­mat­la­ry­ny tek­lip et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni bel­läp, ne­bi­tiň we ga­zyň gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi ne­ti­je­sin­de peý­da bol­ýan uly möç­be­rli bo­lan ugur­daş ga­zy, Gün ener­gi­ýa­sy­ny peý­da­lan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ün­si çek­di hem-de bu ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri türk­men hü­när­men­le­ri bi­len ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip et­di. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu tas­la­ma­la­ryň eko­lo­gi­ýa de­giş­li ugur­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rip, ýur­du­my­zyň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk üçin amat­ly ýag­daý­la­ry dö­red­ýän­di­gi nyg­tal­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da myh­man ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin söh­bet­deş­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de “ILF Con­sul­ting En­gi­neers” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da yna­ny­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek nyg­ta­dy. Mu­ňa kom­pa­ni­ýa ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter