Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

опубликованно 30.08.2018 // 892 - просмотров
 

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Sung Sang-Ro­ky ka­bul et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ir sä­her bi­len “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­dan çy­kyp, Hö­kü­met bi­na­sy­na ta­rap we­lo­si­ped­li ug­ra­dy. Soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­my­zyň bu kün­je­gi ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Bu ýer­de ýer­le­şen des­ga­lar öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rip, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň bi­na­gär­lik keş­bi­niň döw­re­bap de­re­jä eýe bol­ma­gy­ny şert­len­dir­di.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da kom­pa­ni­ýa­nyň baş­tu­ta­ny ýüz­be-ýüz söh­bet­deş­lik­de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, bü­tin dün­ýä­de bol­şy ýa­ly, öz ýur­dun­da hem Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­re ägirt uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­ni hem-de mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li çä­re­le­re ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Sung Sang-Rok Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň işe­wür­ler dü­zü­mi­niň ýyl-ýyl­dan dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den iri ma­ýa­dar­la­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň köp ­san­ly­sy­ny özü­ne çek­ýän gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da öz orun­la­ry­ny ber­kit­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­läp, bu ugur­da ne­ti­je­li gol­daw be­ril­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­niň dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ni çek­mek­den, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak­dan yba­rat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň işe­wür­ler to­par­la­ry bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni hem-de anyk maksatlara gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aý­dyp, bu gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin ägirt uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny bel­le­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, te­bi­gy se­riş­de­le­ri se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­mek ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak hem-de türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň se­na­gat pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Şun­da tagallalaryň tä­ze, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­riň, şol san­da gaz­hi­mi­ýa pu­da­gyn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi bel­le­nil­di. Bu ugur­da, “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar, bu kom­pa­ni­ýa Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça iri möç­ber­li gur­lu­şy­gyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de hyz­mat­da­şy­myz bo­lup dur­ýar.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ulag hem-de lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi, bi­le­lik­dä­ki dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň, uzak ­möh­let­le­ýin ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy türk­men ta­ra­py­na tä­ze öza­ra bäh­bit­li tek­lip­le­ri hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Sung Sang-Rok bil­di­ril­ýän ynam üçin ýe­ne bir ge­zek ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, kom­pa­ni­ýa­nyň öz üs­tü­ne alan şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynan­dyr­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter