Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ta­mam­lan­dy | TDH
Sport

Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ta­mam­lan­dy

опубликованно 30.08.2018 // 936 - просмотров
 

Şu gün XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­riň jem­leý­ji gü­ni bol­dy. Olar 90 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de er­kek­le­riň ara­syn­da, 78 kg çen­li ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­di.

1/8 fi­nal­a Ma­ri­ýa Lo­ho­wa örän oňat gör­ke­zi­ji­ler bi­len baş­la­dy. Hin­di tür­gen gy­zy bi­len du­şu­şyk­da ga­za­ny­lan aras­sa ýe­ňiş bi­ziň wa­tan­da­şy­my­zyň örän oňat til­sim gör­kez­me­gi ne­ti­je­sin­de tut­lu­şy­gyň 2-nji mi­nu­dyn­dan soň ha­sa­ba alyn­dy.

Hy­ta­ýyň Taý­be­ýi­niň we­ki­li bi­len çär­ýek fi­nal du­şu­şy­gy­nyň bar­şyn­da M.Lo­ho­wa utuk­lar bo­ýun­ça yz­da bar­ýar­dy, em­ma şon­dan soň, ol iş­jeň­leş­di we ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Tut­lu­şy­gyň ta­mam­lan­ma­gy­na bir­nä­çe se­kunt ga­lan­da emin­ler onuň bäs­de­şi­ne ýe­ne-de bir utuk ber­di­ler, ikin­ji ge­zek ha­sa­by deň­le­mek ba­şart­ma­dy. Ne­ti­je­de, bi­ziň tür­ge­ni­miz bä­şin­ji or­ny eýe­le­di.

Gu­wanç Be­ga­li­ýew hem şeý­le ne­ti­jä­ni gör­kez­di. 1/8 fi­nal­da fi­lip­pin­li päl­wan bi­len tut­lu­şyk­da oňa ne­ti­je­li til­sim ge­çir­mek üçin bir mi­nut­dan gow­rak wagt ge­rek bol­dy.

Ýa­rym fi­na­la çyk­mak ug­run­da tut­lu­şyk­da, Azi­ýa oýun­la­ry­nyň li­de­ri bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk tür­gen­le­riň iki­si üçin hem çyl­şy­rym­ly bol­dy. Bi­ziň päl­wa­ny­myz ýe­ňiş ga­zan­ma­ga örän ýa­kyn bol­dy, em­ma di­ňe ha­sa­by azalt­mak ba­şart­dy, şol sebäpli üs­tün­lik hem gazanylmady.

Ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş gün­le­ri­niň üçü­sin­de türk­men tür­gen­le­ri 4 ge­zek sy­lag­la­ra ýa­kyn­laş­dy­lar, em­ma üs­tün­lik bi­ziň ta­ra­py­myz­da bol­ma­dy. Ne­ti­je­de, 4 sa­ny bä­şin­ji orun eýe­len­di.

Azia­da­nyň on üçün­ji gü­ni dzýu­do bo­ýun­ça ýa­ryş­lar do­wam eder hem-de sam­bo bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler baş­la­nar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter