Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy — adam­za­dyň baý­ly­gy | TDH
Medeniýet

Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy — adam­za­dyň baý­ly­gy

опубликованно 30.08.2018 // 1289 - просмотров
 

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mu­ze­ýin­de hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne wa­gyz et­me­giň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan çä­re ge­çi­ril­di. Ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, bel­li alym­lar, sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri hem-de ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Olar Ger­ma­ni­ýa­da geç­ýän “Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy” di­ýen ser­gi üçin ne­mes we türk­men hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te taý­ýar­la­ny­lan ne­şir bi­len ta­nyş­dy­lar.

Owa­dan fo­toal­bom gör­nüş­inde çy­ka­ry­lyp, yl­my-po­pul­ýar ma­ka­la­lar bi­len ber­len bu giň göw­rüm­li ka­ta­log ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Mar­gia­na ýur­du­nyň ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Mar­gia­na Ga­dy­my Mü­sür, Hy­taý, Hin­dis­tan we Me­so­po­ta­mi­ýa bi­len bir ha­tar­da, ab­raý­ly alym­la­ryň yk­rar et­me­gi­ne gö­rä, dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň bä­şin­ji mer­ke­zi bo­lup dur­ýar.

Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar Mur­gap der­ýa­sy­nyň ug­run­da ýer­le­şen tä­sin ta­ry­hy kün­je­gi öw­ren­mek işin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly go­şan­dy­ny bel­le­di­ler. Çy­kyş eden­ler türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny, şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly däp­le­ri­niň ne­sil­den-nes­le ge­çi­ji­li­gi­ni öw­ren­mä­ge we go­rap sak­la­ma­ga, şeý­le hem ga­dy­my­ýe­tiň çuň­luk­la­ryn­dan bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ryna ber­ýän uly ün­si üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­ýä­ris di­ýip nyg­ta­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy yzy­gi­der­li art­ýar.

Şy­ga­ry “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen ýyl­da türk­men we ne­mes bar­lag­çy­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan ne­şir dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne gym­mat­ly go­şant go­şan ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ta­ry­hy bi­len gy­zyk­lan­ýan­la­ryň äh­li­si­ne uly sow­gat bol­dy. Mil­li me­de­ni mi­ra­sy yl­my taý­dan öw­ren­mek we giň­den wa­gyz et­mek üçin onuň uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr.

Aja­ýyp be­ze­len ka­ta­log bir­nä­çe de­giş­li bö­lüm­ler­den yba­rat bo­lup, ga­dy­my we kuw­wat­ly Mar­gia­na­nyň dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­ny yzy­gi­der­li be­ýan ed­ýär, şo­nuň ne­ti­je­sin­de, oky­jy be­ýik türk­men döw­le­ti­niň haý­ran gal­dyr­ýan keş­bi­ni göz öňü­ne ge­tir­ýär. Oky­jy ne­şi­riň sa­hy­pa­la­ry bo­ýun­ça sy­ýa­hat edip, ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­nyň ta­ry­hy­na ara­la­şyp bi­ler, onuň öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti­ne, aja­ýyp bi­na­gär­li­gi­ne, bi­ziň era­my­za çen­li III-II asyr­la­ryň al­tyn­dan, bü­rünç­den we pi­liň süň­kün­den taý­ýar­la­nan tä­sin önüm­le­ri­ne göz ýe­ti­rer. Ola­ryň kö­pü­si hä­zir Ber­li­niň Tä­ze mu­ze­ýin­de ýaý­baň­la­nan ser­gä gi­ri­zil­di. Güýz­de bol­sa bu ser­gi Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki şä­he­ri bo­lan Gam­bur­ga, on­dan soň bol­sa Man­geým şä­he­ri­ne ge­çer.

Mar­gia­na, Mar­guş, Merw — bu at­lar ta­ry­hyň üz­nük­siz ha­tar­la­ry­na gym­mat­ly mon­juk dä­ne­le­ri hök­mün­de dü­zü­len­dir. Olar ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­da bo­lup ge­çen hem-de bü­tin dün­ýä tä­sir eden be­ýik wa­ka­lar ba­ra­da­ky ha­ky­da­ny sak­la­ýar.

Meş­hur bar­lag­çy­la­ryň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, belli ar­heo­log Wik­tor Sa­ria­ni­di ta­ra­pyn­dan üsti açy­lan Mar­gia­na­nyň Mü­sür, Me­so­po­ta­mi­ýa, Hy­taý we Hin­dis­tan bi­len deň ha­tar­da ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň bä­şi­si­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek nyg­ta­mak is­le­ýä­ris. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Mar­guş ýur­du­nyň paý­tag­ty Go­ňur­de­pe öz döw­rü­niň iri şä­he­ri bo­lup­dyr, onuň mi­ras­dü­şe­ri Merw bol­sa Gün­do­ga­ryň me­de­ni we yl­my mer­ke­zi hök­mün­de şöh­rat­la­nyp­dyr. Mar­gia­na ba­ra­da­ky il­kin­ji ýa­zuw ýat­la­ma­la­ry zo­roast­ri­ýa­ly­la­ryň “Awes­ta” di­ýen mu­kad­des ki­ta­byn­da sak­lan­ýar hem-de tak­my­nan, bi­ziň era­my­za çen­li VIII — VI asyr­la­ra de­giş­li edil­ýär. Şon­dan soň­ra se­nena­ma­ny dü­zü­ji­ler Ga­dy­my Mer­wi “Ho­ra­sa­nyň şä­her­le­ri­niň ene­si”, “Älem-ja­ha­ny sak­la­ýan şä­her”, “Şa­la­ryň ru­hy” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr­lar.

Baý ki­tap­ha­na­la­ry hem-de ki­tap sak­lan­ýan ýer­le­ri bi­len meş­hur bo­lan şä­her­de dür­li dö­wür­ler­de aja­ýyp alym­lar, pel­se­pe­çi­ler we şa­hyr­lar: luk­man­çy­lyk yl­my­nyň esa­sy­ny go­ýan Abu Ali ibn Si­na, şa­hyr hem-de akyl­dar Omar Haý­ýam, ast­ro­nom Ah­mad ibn Ab­dal­lah al-Mer­we­zi, şa­hyr En­we­ri, “söý­gi­niň we gö­zel­li­giň aý­dym­çy­sy” hasaplanýan nusgawy şahyrymyz Mol­la­ne­pes ýa­şap­dyr.

Hä­zir Mar­gia­na­nyň meş­hur­ly­gy bü­tin dün­ýä­den bo­lan ta­ry­hy öw­re­ni­ji­le­riň we oňa sar­pa goý­ýan­la­ryň ara­syn­da en­çe­me asyr­ mun­dan öň­dä­ki dö­wür­ler­den pes däl­dir. Şu ýy­lyň ap­re­lin­den okt­ýabr aýy ara­ly­gyn­da Ber­li­niň Tä­ze mu­ze­ýin­de “Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy” di­ýen ady­bir ser­gi geç­ýär. Ýur­du­my­zyň mu­zeý gym­mat­lyk­la­ryn­dan oňa gi­ri­zi­len eks­po­nat­lar da­şa­ry ýurt­da il­kin­ji ge­zek gör­ke­zil­di. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de müm­kin bol­dy. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na “Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň goz­gal­ýan gym­mat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak, äkit­mek we ge­tir­mek ha­kyn­da” Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi hem ýar­dam ber­di. Bu Ka­nun iki ýyl­dan gow­rak mun­dan öň güý­je gir­di.

Bäş müň ýyl tö­we­re­gi mun­dan ozal türk­men top­ra­gyn­da peý­da bo­lan si­wi­li­za­si­ýa­nyň ösü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne şa­ýat­lyk ed­ýän ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ryň ýüz­ler­çe­si­ni özün­de jem­län “Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy” di­ýen ser­gi türk­men hal­ky­nyň baý dö­re­di­ji­lik däp­le­ri, ga­dym­ky us­sat­la­ryň örän in­çe sun­ga­ty ba­ra­da gür­rüň ber­ýär.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mä­ge, dün­ýä­de mad­dy we ru­hy mi­ra­sy go­rap sak­la­ma­ga hem-de wa­gyz et­mä­ge top­lum­la­ýyn we düýp­li yl­my çe­me­leş­me döw­le­ti­mi­ziň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Şun­da mil­le­ti­mi­ziň ba­ha­syna ýetip bolmajak ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­ly­gy­ny sak­laý­jy­lar bo­lan ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­ne, iri yl­my mer­kez­le­re aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň ga­dy­my, bäş müň­ýyl­lyk ta­ry­hy, onuň öz­bo­luş­ly däp­le­ri, tä­ze eý­ýam­da Türk­me­nis­ta­nyň deň­siz-taý­syz ga­za­nan­la­ry — bu­la­ryň äh­li­si baý mu­zeý gym­mat­lyk­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Ýur­du­myz­da “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry bi­len geç­ýän şu ýyl­da gu­ral­ýan bu ser­gi aý­ra­tyn uly äh­mi­ýe­te eýe­dir, ol köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ra ta­ry­hyň ga­dy­my dö­wür­le­rin­de Gün­do­ga­ryň pa­ty­şa­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ryň ke­ma­la ge­lip baş­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän ta­ry­hy ta­pyn­dy­lar bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ga­dy­my Mar­gia­na­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len köp ýyl­lyk ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň bar­şyn­da ar­heo­log­lar, hu­su­san-da, W.Sa­ria­ni­di­niň ýol­baş­çy­lyk eden yl­my-bar­lag to­pa­ry­nyň ga­dy­my Mar­gu­şyň çäk­le­rin­de ge­çi­ren ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ran ta­pyn­dy­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­la­ry bol­dy. Ma­tam es­bap­la­ry hem-de bu ga­dy­my ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň tä­sin be­zeg şaý-sep­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Daş­dan, me­tal­dan, pil süň­kün­den hem-de pal­çyk­dan ýa­sa­lan hem-de se­net­kär­le­riň we heý­kel­ta­raş­la­ryň ba­şar­nyk­ly el­le­ri bi­len ne­pis kü­lal gap-gaç­la­ry­na öw­rü­len bu ýo­ka­ry çe­per­çi­lik­li gym­mat­lyk­lar hu­daý­la­ryň şe­kil­le­ri­ni eme­le ge­ti­rip, Go­ňu­ryň we beý­le­ki ga­dy­my Mar­gia­na oba­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup­dyr.

Ga­dy­my dö­wür­ler­de Ýe­riň ga­lyň gat­la­gy­nyň as­tyn­da giz­le­nen bu gymmatly ta­pyn­dy­lar hä­zir Türk­me­nis­ta­nyň mu­zeý­le­ri­niň bir­nä­çe­sin­de sak­la­nyl­ýar. Pa­ty­şa köş­gi hem-de onuň tö­we­re­gin­dä­ki beý­le­ki ke­ra­mat­ly ýer­ler “Ga­dy­my Merw” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­nyň des­ga­la­ry­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň, ýur­du­my­zyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýi­niň hem-de Ma­ry­nyň ta­ry­hy-ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­niň ar­heo­lo­gi­ýa top­lum­la­ry dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň iň ga­dy­my ojak­la­ry­nyň bi­rin­de me­de­ni­ýe­tiň we sun­ga­tyň ösüş de­re­je­si ba­ra­da dü­şün­je ber­ýär, ägirt uly Go­ňur­de­pe şä­he­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry onuň mer­ke­zi bo­lup­dyr.

Du­şu­şyk ta­mam­la­nan­dan soň, oňa gat­na­şy­jy­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mu­ze­ýi­niň zal­la­ry bo­ýun­ça ge­ze­lenç gu­ral­dy. Ta­nyş­dy­ry­jy­lar bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry Mar­gia­na­nyň tä­sin ar­heo­lo­gi­ýa ta­pyn­dy­la­ry­nyň top­lu­my: adam­la­ryň, haý­wan­la­ryň şe­kil­jik­le­ri, dür­li mö­hür­ler, Mar­gu­şyň gö­zelleriniň kos­me­ti­ka de­giş­li en­jam­la­ry, al­tyn gap-gaç­lar, be­zeg şaý-sep­ler, mon­juk­lar bi­len ta­nyş et­di­ler.

Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mek we wa­gyz et­mek me­se­le­le­ri­ne ber­ýän ün­si, şeý­le hem pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik hem-de äh­li ýurt­lar we halk­lar bi­len giň hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nýan sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter