Aziada: üç gün galdy – göreş dowam edýär | TDH
Sport

Aziada: üç gün galdy – göreş dowam edýär

опубликованно 29.08.2018 // 886 - просмотров
 

Indoneziýanyň paýtagtynda dowam edýän tomusky XVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler şu gün dzýudo we kuraş göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşdylar.

Zenanlaryň arasynda dzýudo boýunça 52 kilograma çenli agram derejede ýurdumyza wekilçilik edýän Gülbadam Babamuratowa iň güýçli türgenleriň biri hasap edilýär, ol gyrgyzystanly dzýudoçyny ýeňdi. Tutluşygyň dowamynda Gülbadam yzygiderli hüjüm edip hem-de ýerlikli tilsimi ulanmaga pursat arap, has işjeň hereket etdi. Ol waza-ri tilsimini ulanandan soňra, ýeňiş gazanmak şeýle bir kyn bolmady.

Ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşikde biziň meşhur türgenimiz, gynansak-da, şikes aldy we ýaryşy dowam etdirip bilmedi.

Kuraş göreşi boýunça ýaryşlar hem dowam edýär. 63 kilograma çenli agram derejede 19 ýaşly Gülnabat Nasyrowa mongoliýaly türgeni ýeňip, 1/8 finala çykdy. Bäsdeşi tutluşygyň soňunda has işjeňlik görkezse-de, türkmen türgeni oňa artykmaçlyk gazanmaga mümkinçilik bermedi. Çärýek finala çykmak ugrundaky bäsleşikde deňme-deň hasap wagtynda biziň ildeşimiz arassa tilsimi geçirip ýeňiş gazanmaga mümkinçilik aldy, emma şol pursadyň öň ýany emin göreşi saklady. Tutluşygyň tamamlanmagyna 14 sekunt galanda bolsa Gülnabat Nasyrowanyň bäsdeşine ýene bir utuk berildi, bu bolsa biziň türgenimize ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilik bermedi.

Kuraş göreşi boýunça ýaryşlar dowam edýär. Ertir sportuň bu görnüşi üçin soňky günde Türkmenistandan ýene-de dört türgen göreşe girişer.

Jakartada geçirilýän Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna üç gün galdy. 31-nji awgustda türkmen dzýudoçylary ýene-de göreşe girerler, şol gün hem sambo boýunça ýaryşlar başlanar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter