Babadaýhanlar şaly ekişine taýýarlyk görýärler | TDH
Ykdysadyýet

Babadaýhanlar şaly ekişine taýýarlyk görýärler

опубликованно 20.04.2015 // 924 - просмотров
 

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şaly ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlaýarlar. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şaly Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapda 8 müň 100 gektar meýdana ekiler. Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynda bolsa bu ekini 10 müň 200 gektara ekmek meýilleşdirilýär. Bu ýerlerde şaly ekişine şu ýylyň iýun aýynyň başlanmagy bilen badalga berler. Toprak-howa şertleri nazarda tutulyp, çyglylygy halaýan bu ekin ýurdumyzyň diňe iki sebitinde ekilýär.

Şeýlelik bilen, ýurdumyz boýunça şaly ekinleriniň tutjak umumy meýdany 18 müň 300 gektar bolup, şondan şu ýyl 81 müň 200 tonna şaly ýygnap almak meýilleşdirilýär. Şaly ýetişdirmek üçin meýdanyň we önümçiliginiň möçberi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanyldy.

Umuman, ekiş möwsümine saýlama tohumlaryň dört müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Şaly ýetişdirmegiň köpýyllyk tejribesi göz öňünde tutulyp, bu ekiniň “Nukus-2”, “Akmerjen” we beýleki ýokary hasyl berýän we kesele durnukly tohumlaryna aýratyn orun berildi.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şaly ekişine maý aýynyň üçünji ongünlüginde başlamak meýilleşdirilýär, Lebap welaýatynda bolsa iýunyň aýagynda ekiş geçirmek bellenilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter