Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen maslahat | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen maslahat

опубликованно 27.08.2018 // 998 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de 24-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp, şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we ýer­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len we Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-a baş­lyk­lyk ed­ýän ýurt hök­mün­de gat­na­şan bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy se­bi­tiň we Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň her bi­ri­niň dur­mu­şyn­da äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rül­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky sam­mit 2009-njy ýy­lyň ap­rel aýyn­da Ga­za­gys­tan­da ge­çi­ri­lip­di. Şon­dan bä­ri ge­çen do­kuz ýyl­dan gow­rak döw­rüň için­de Aral ýa­ka­syn­da­ky ýag­daý bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe me­se­le­ler eme­le ge­lip, şo­lar se­bi­tiň çä­gin­den çy­kyp­dy hem-de ýo­ka­ry döw­let de­re­je­sin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py­nyň sam­mi­te we ony ge­çir­mä­ge ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de çe­me­le­şen­di­gi bel­le­nil­di. 2016-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­na gaz­na­nyň baş­lyk­ly­gy­ny ge­çir­mek ha­kyn­da me­se­le goz­ga­lan­da, ýur­du­myz Mer­kezi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň hö­kü­met­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­da de­giş­li me­ýil­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­dy. Şo­nuň ta­nyş­dy­ryş çä­re­si şol ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di.

Türk­men ta­ra­py bu we­zi­pä gi­riş­mez­den öňür­ti me­ýil­na­ma­ny we beý­le­ki de­giş­li me­se­le­le­ri ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça Ger­man jem­gy­ýe­ti­niň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň ösüş we hyz­mat­daş­lyk agent­li­gi­niň we beý­le­ki dü­züm­le­riň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra mas­la­ha­ty gu­ra­dy.

2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti öz işi­ne baş­la­dy. On­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň suw ho­ja­ly­gy we eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry bo­ýun­ça hü­när­men­ler he­mi­şe­lik esas­da iş alyp bar­ýar­lar.

2017-nji we 2018-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-a baş­lyk­lyk et­me­gi­niň döw­rün­de gaz­na­nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň, onuň Döw­le­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy suw ho­ja­lyk to­pa­ry­nyň we dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça Döw­le­ta­ra to­pa­ry­nyň mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu dü­züm­le­riň bir­nä­çe­si, hu­su­san-da, AHHG-nyň Mü­di­ri­ýe­ti 7-8 ýy­lyň do­wa­myn­da öz mej­lis­le­ri­ni ge­çir­män­di. Mun­dan baş­ga-da, 2017-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Türk­me­nis­tan­da Mer­ke­zi Azi­ýa hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my gu­ral­dy.

Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki çä­re­le­riň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan bu gu­ra­ma­nyň or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na be­ril­ýän ägirt uly üns ka­bul edil­ýän çöz­güt­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­di we Aral sam­mi­ti­ne taý­ýar­lyk gör­mek­de, onuň gün ter­ti­bi­ni hem-de jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak­da mö­hüm tap­gy­ra öw­rül­di. Şu mak­sat bi­len, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we AHHG-nyň we­kil­le­ri­niň hem-de bi­ler­men­le­ri­niň ara­syn­da de­giş­li du­şu­şyk­lar, ge­ňeş­me­ler we gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Şeý­le­lik­de, 22-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Döw­le­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy suw ho­ja­lyk to­pa­ry­nyň 74-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Şon­da bir­nä­çe ugur­daş me­se­le­le­re ga­ral­dy hem-de “Aral deň­zi se­bi­tin­de suw se­riş­de­le­ri­niň top­lum­la­ýyn do­lan­dy­ry­ly­şy­ny, peý­da­la­ny­ly­şy­ny we go­ral­ma­gy­ny hem-de döw­le­ta­ra mag­lu­mat al­şy­ny gu­ra­ma­gy mag­lu­mat-hil bi­len üp­jün et­mek ha­kyn­da” döw­le­ta­ra yla­la­şy­gyň tas­la­ma­sy ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Şol gün dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça Döw­le­ta­ra to­pa­ry­nyň iş mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Oňa gat­na­şy­jy­lar Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösüş üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­ly­şy­na ga­ra­dy­lar. 23-nji aw­gust­da AHHG-nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­si ge­çi­ril­di.

Bu taý­ýar­lyk çä­re­le­ri Aral deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki düýp­li we iş­jeň pi­kir alyş­ma­lar üçin pug­ta bin­ýa­dy dö­ret­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mi­tiň do­wa­myn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi şert­le­rin­de Aral deň­zi­niň çäk­le­rin­de eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak hem-de suw se­riş­de­le­ri­ni top­lum­la­ýyn peý­da­lan­mak, suw ho­ja­lyk, eko­lo­gi­ýa we dur­muş-yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek üçin Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­ri jik­me-jik ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Bäş ýur­duň Li­der­le­ri­niň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da äh­li ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra alyp, Ara­lyň çäk­le­rin­de suw se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de we top­lum­la­ýyn do­lan­dyr­mak hem-de ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça ozal ka­bul edi­len çöz­güt­le­re bo­lan yg­rar­ly­ly­gy­nyň tas­syk­la­nyl­ma­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň esa­sy ne­ti­je­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gy, çuň­ňur ta­ry­hy kök­le­ri, me­de­ni­ýet­le­riň, däp-des­sur­la­ryň umu­my­ly­gy bi­len bag­la­nyş­ýan halk­la­ryň köpasyr­lyk dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ru­hun­da deň­hu­kuk­ly hem-de öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy.

Şeý­le çe­me­leş­me Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Aral me­se­le­si­niň kyn­çy­ly­gy­ny ýe­ňip geç­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry has-da ut­gaş­dyr­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­jä eýe­di­gi­ni äş­gär et­di. Hu­su­san-da, sam­mit­de Aral deň­zi­niň ýa­ka­syn­da­ky ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösüş üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ha­kyn­da 2016-njy ýy­lyň 22-nji no­ýab­ryn­da ka­bul edi­len Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa go­şul­ma­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry dö­re­di­le­ni­ne 25 ýyl bo­lan Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­niň mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň ta­lap edil­ýän­di­gi ba­bat­da bir pi­ki­re gel­di­ler. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rü­niň me­ýil­na­ma­syn­da kes­git­le­nen mö­hüm we­zi­pe­le­re do­ly ky­bap gel­ýär.

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Aral üçin Ýö­ri­te Mak­sat­na­ma­sy di­ýip at­lan­dy­ryp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işi­ne öz­baş­dak ug­ry goş­mak ba­ra­da öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz 2012-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mas­la­hat­da (Rio+20) eden çy­ky­şyn­da bu tek­li­bi öňe sü­rüp, Aral deň­zi me­se­le­si­niň hä­zir­ki dö­wür­de se­bi­tiň çäk­le­rin­den çy­kan­dy­gy we äh­lu­mu­my hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na, onuň dü­züm­le­ri­ne, ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­na we agent­lik­le­ri­ne bu baş­lan­gy­jy gol­dan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­ýär.

Türk­men ta­ra­py Aral sam­mi­ti­ne taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de BMG-niň ýo­kar­da ag­za­lan Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy we ony BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di hem-de bu res­mi­na­ma­ny Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň hem­me­si­ne ug­rat­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de bu Ýö­ri­te­leş­di­ri­len mak­sat­na­ma­ny taý­ýar­la­ma­ga gat­na­şan ta­rap­la­ryň ba­şy baş­la­nan işi do­wam et­me­giň ze­rur­dy­gy ha­kyn­da umu­my pi­ki­re ge­len­di­gi­ni nyg­ta­mak ge­rek.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Aral sam­mi­tin­de döw­let Baş­tu­tan­la­ry AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­ne se­bi­tiň döw­let­le­ri, BMG-ä ag­za ýurt­lar, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň dü­züm­le­ri bi­len de­giş­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy­lar. Ýa­kyn wagt­da bu tab­şy­ryk­lar ama­la aşy­ry­lyp baş­la­nar. Ol, il­kin­ji no­bat­da, AHHG bi­len BMG-niň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň pug­ta hal­ka­ra-hu­kuk esa­sy­ny üp­jün ed­ýän res­mi­na­ma­la­ra da­ýan­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler.

Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2008-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da ka­bul edi­len Baş As­samb­le­ýa­da AHHG-a syn­çy­nyň de­re­je­si­ni ber­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk et­mek ha­kyn­da 2010-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da gol çe­ki­len Äht­na­ma, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de ka­bul edi­len hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Ka­rar­na­ma bar.

Şun­da türk­men ta­ra­py Aral gur­şa­wy üçin BMG-niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len mak­sat­na­ma­sy­na Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri hök­mün­de ga­ra­ýar. “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len fo­rum­da döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da dur­nuk­ly ösüş bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns ber­len­di­gi­ni bel­le­me­li.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da ýur­du­myz­da dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da Aral me­se­le­si­ni çöz­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ge­ri­mi­ni aýan ed­ýän bir­nä­çe my­sal­la­ry ge­tir­di. Mu­nuň özi Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ni dö­ret­mek, Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, aras­sa agyz su­wu­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ry, de­ňiz su­wu­ny süý­je­di­ji gur­na­ma­la­ry bi­na et­mek we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne, ila­tyň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy­na, dur­muş-yk­dy­sa­dy çöz­güt­le­riň we beý­le­ki me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len anyk iş­ler­dir.

AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ýe­ne bir wa­jyp baş­lan­gy­jy ba­ra­da aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz 2015-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Ko­re­ýa­nyň Te­gu şä­he­rin­de ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň suw me­se­le­le­ri bo­ýun­ça köp­ta­rap­ly dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nü­şi bo­ýun­ça “suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny” ulan­ma­gy tek­lip et­di. Hä­zir­ki dö­wür­de bu tek­lip aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi äh­li döw­let­le­riň hem-de adam­la­ryň is­leg­le­ri­ne we bäh­bit­le­ri­ne esas­lan­ýan hal­ka­ra ka­da­la­r­da anyk kes­git­le­nil­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu bol­sa umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra ýö­rel­ge­le­re ky­bap ge­ler. Onuň ma­ny­sy su­w tu­tuş adam­za­dyň, dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­nyň umu­my bäh­bi­di di­ýen dü­şün­je­de jem­len­ýär. Su­wa jo­gap­kär­li çe­me­leş­mek adam­la­ryň baş hu­ku­gy bo­lup dur­ýar.

Şu nuk­daý­na­zar­dan türk­men ta­ra­py yzy­gi­der­li esas­da suw me­se­le­si bo­ýun­ça ne­ti­je­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny öňe sür­ýär we äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­le­riň bi­le­lik­dä­ki işi­ne da­ýan­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň anyk ug­ra eýer­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan öz köpýyl­lyk we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­ň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy­na bil bag­la­ýar.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da BMG-niň Baş Sek­re­ta­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li­ne, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Na­tal­ýa Ger­ma­na söz be­ril­di. Ol BMG-niň we Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň se­bit mer­ke­zi­niň Aral me­se­le­si bo­ýun­ça döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk üçin bin­ýat bo­lan AHHG-nyň mö­hüm or­nu­ny kes­git­län Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Awa­za­da ge­çi­ri­len sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri­ni oň­la­ýan­dy­gy­ny we oňa ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Gaz­na baş­lyk­lyk ed­ýän türk­men ta­ra­py­nyň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de sam­mit üs­tün­lik­li geç­di. Dür­li gu­ra­ma­la­ryň hem-de dü­züm­le­riň, şol san­da BMG-niň çe­kil­me­gi bi­len, oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da äh­li de­re­je­de ze­rur taý­ýar­lyk iş­le­ri we de­giş­li çä­re­ler ge­çi­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ha­nym N.Ger­man ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şah­sy ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de du­şu­şyk ýo­ka­ry de­re­je­de bol­dy. AHHG-nyň esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi ta­rap­la­ryň umu­my sy­ýa­sy er­ki­ni hem-de iş­jeň gat­na­şyk­la­ry do­wam et­mä­ge bo­lan taý­ýar­ly­gy­ny we hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze de­re­jä çyk­ýan­dy­gy­ny äş­gär et­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň suw-eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri ba­bat­da AHHG-nyň ozal­dan gel­ýän we yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy­dy­gy bel­le­nil­di. Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi türk­men ta­ra­py­nyň suw se­riş­de­le­ri­ni ut­ga­şyk­ly do­lan­dyr­mak me­se­le­sin­de se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­zar­da tut­ýan hu­kuk gu­ra­ly­nyň esa­syn­da se­bit­le­ýin gat­na­şyk­la­ra ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me­ler ha­kyn­da­ky anyk tek­lip­le­ri­ni gol­da­ýar we “suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy” baş­lan­gy­jy­ny iler­let­mä­ge iş­jeň go­şul­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär.

Şeý­le hem türk­men Li­de­ri­niň Aral me­se­le­si­ni Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işi­niň öz­baş­dak ug­ry hök­mün­de kes­git­le­mek ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy. Mu­nuň özi gaz­na­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­ler bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky uzak­ möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ni şert­len­di­rer.

Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Se­bit mer­ke­zi­niň AHHG bi­len yzy­gi­der­li gat­na­şyk­la­ry do­wam et­mä­ge we hyz­mat­daş­ly­gyň bar bo­lan ugur­la­ry­nyň çäk­le­rin­de oňa mun­dan beý­läk-de gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lap, sam­mi­tiň ne­ti­je­le­ri­niň we ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ut­ga­şyk­ly işiň umu­my bäh­bit üçin se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy, BMGÖM-niň He­mi­şe­lik we­ki­li ha­nym Ý.Pa­no­wa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ni AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­dy. Şeý­le hem ol bu du­şu­şy­gyň türk­men ta­ra­py­nyň gaz­na baş­lyk­lyk et­me­gi­niň me­ýil­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­na öw­rü­len­di­gi­ni aýt­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýo­ka­ry de­re­je­de we dost­luk, yna­nyş­mak ýag­da­ýyn­da ge­çen du­şu­şyk Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da mö­hüm yla­la­şyk­la­ry ga­zan­ma­gyň ke­pi­li bo­lup hyz­mat et­di. Mu­nuň özi Bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Ha­nym Ý.Pa­no­wa sam­mi­tiň öz wag­tyn­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Aral deň­zi­niň gur­şa­wy üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny we onuň äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da Aral me­se­le­si­ni çöz­mä­ge top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni hem-de bu ugur­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üçin kö­pu­gur­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy, BMGÖM-niň He­mi­şe­lik we­ki­li sam­mi­tiň Aral deň­zi­niň çä­gin­dä­ki ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­ny ka­bul et­me­gi ha­kyn­da­ky çöz­gü­di­ni oň­la­dy. Mu­nuň özi se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň we hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni Ara­lyň gur­şa­wyn­da suw ho­ja­lyk, eko­lo­gi­ýa we dur­muş-yk­dy­sa­dy ugur­lar bo­ýun­ça mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­dir­mek­de äh­mi­ýet­li­dir.

Ýe­le­na Pa­no­wa Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da Aral me­se­le­si­niň çäk­le­rin­de hem-de umu­man, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de äh­lu­mu­my Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da aý­dan söz­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, BMG-niň agent­lik­le­ri­niň, has ta­ky­gy, BMGÖM-niň AHHG, se­bi­tiň döw­let­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r we äh­lu­mu­my ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek me­se­le­le­ri hem-de Aral me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny ha­nym N.Drozd, öz ge­ze­gin­de, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da çy­kyş et­mek müm­kin­çi­li­gi­niň dö­re­di­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-nyň baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ma­gy­nyň ýur­duň se­bit­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da alyp bar­ýan işi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­ra­da se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­lyk üçin wa­jyp bin­ýa­dy dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len ýa­daw­syz ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni bel­le­nil­di.

Na­tal­ýa Droz­dyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň bu ul­gam­da­ky mil­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­le­ri­niň ze­rur­dy­gy­na mö­hüm üns ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re, suw tyg­şyt­laý­jy hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we de­giş­li mak­sat­na­ma­la­ra esas­lan­ýan iri suw ho­ja­lyk tas­la­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň AHHG-a baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de gaz­na­nyň işi­niň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan­dy­gy we Aral deň­zi­niň me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me­le­riň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Ge­çen hep­de­de ge­çi­ri­len AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti bu ugur­da­ky se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de mö­hüm ädi­me öw­rül­di.

Türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, şol san­da ÝHHG bi­len se­bit­le­ýin çäk­ler­den çy­kan Aral me­se­le­si­ni üs­tün­lik­li ýe­ňip geç­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lan gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek wa­jyp­dyr we ze­rur­dyr.

Ha­nym N.Droz­dyň bel­leý­şi ýa­ly, AHHG-nyň işi­niň ut­ga­şyk­ly we stra­te­gik äh­mi­ýe­ti­niň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­me­li­dir. ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi Aral deň­zi­niň gur­şa­wyn­da­ky ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga we ony dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gol­daw ber­mä­ge, hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa­da we onuň çäk­le­rin­den da­şyn­da eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne Aral me­se­le­si­niň çöz­gü­di bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dyr.

Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň 24-nji aw­gust­da ge­çi­ri­len sam­mi­ti hem-de onuň jem­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­niň ta­rap­la­ryň Aral me­se­le­si­ni çöz­mek­de deň­hu­kuk­ly we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny hem-de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de mak­sat­la­ryň we bäh­bit­le­riň umu­my­ly­gy­na bo­lan ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­li­gi äş­gär eden­di­gi­ni bel­le­di.

Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çen sam­mit Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky uzak­ möh­let­le­ýin gel­je­gi na­zar­la­ýan we anyk ne­ti­je­le­ri ugur edin­ýän gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bo­lan wa­ka öw­rül­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter