AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça maslahat | TDH
Jemgyýet

AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça maslahat

опубликованно 25.08.2018 // 908 - просмотров
 

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r ins­ti­tu­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de düýn «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň Kong­res­ler mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Çä­rä ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, bi­ler­men-eko­log­lar, sy­ýa­sat­şy­nas­lar, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp ýaş­lar, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar öz çy­kyş­la­ryn­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­wiň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mo­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan ça­gy­ry­lan Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len sam­mi­tiň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Şon­da döw­let­le­riň Pre­zi­dent­le­ri AHHG-nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­di­ler hem-de Aral me­se­le­si­ni çöz­mek­de ýurt­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge ta­rap ýol­da ýe­ne bir ädim ät­di­ler.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň bar­şyn­da gaz­na­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň anyk ýol­la­ry bel­le­nil­di hem-de Aral me­se­le­si­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­da ýurt­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da ne­ti­je­li çä­re­ler ge­çi­ril­di. Bu me­se­lä içer­ki, se­bit me­se­le­si hök­mün­de se­re­di­lip bi­lin­mez, şo­nuň üçin ony üs­tün­lik­li çöz­me­giň ýo­lun­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy, tä­ze, top­lum­la­ýyn hal­ka­ra çe­me­leş­me­si, BMG-niň bu işe yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy ze­rur­dyr.

Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r ins­ti­tu­tyn­da ge­çi­ri­len şu ge­zek­ki mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar sam­mit­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaz­na­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly­lyk­da, öz wag­tyn­da öňe sü­ren ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň öňün­de dur­ýan me­se­le­le­ri çöz­mä­ge yzy­gi­der­li esas­da çe­me­leş­ýän­di­gi aý­ra­tyn mö­hüm bo­lup dur­ýar. Şun­da esa­sy ma­ny-maz­mun se­bit­de öza­ra gat­na­şyk­lar bi­len bag­ly me­se­le­le­re se­ret­mek bo­ýun­ça ta­kyk gu­ra­lan yzy­gi­der­li iş­ler­de jem­len­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, oza­ly bi­len, il­kin­ji ädim hök­mün­de se­bit­le­ýin sam­mi­te taý­ýar­lyk gör­len­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zip bol­jak me­se­le­le­re ga­ra­mak üçin bi­ler­men­le­riň de­re­je­sin­de mas­la­hat ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Bi­ler­men­le­riň işi­niň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­mek hem-de se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin, şeý­le hem mak­sa­dala­ýyk bo­lan ýag­da­ýyn­da ze­rur bo­lan res­mi­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin mil­li Li­de­ri­miz mi­nistr­le­riň du­şu­şy­gy­ny ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy, şo­la­ryň jem­le­ri­niň esa­syn­da gün ter­ti­bi döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti üçin bäş­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­lar taý­ýar­la­ny­lar.

Gel­jek­de şeý­le tej­ri­be Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Mas­la­hat be­ri­ji ge­ňe­şi­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pi­ki­ri­ne gö­rä, mu­nuň özi yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän sam­mit­le­riň çäk­le­rin­de gep­le­şik­le­re BMG, AHHG, GDA ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny ça­gyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer, bu bol­sa Aral me­se­le­si bo­ýun­ça dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dy­rar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2012-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Rio-de-Ža­neý­ro­da ge­çi­ri­len (Rio+20) Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mas­la­hat­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz BMG-niň işi­niň aý­ra­tyn ug­ru­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy, ony BMG-niň Aral üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy di­ýip at­lan­dyr­ma­gy tek­lip et­di. Bu mak­sat­na­ma Aral deň­zi se­bi­tin­dä­ki ýag­da­ýy dur­nuk­laş­dyr­mak we go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça anyk me­ýil­na­ma­la­ry öz içi­ne alyp bi­ler­di. Aral deň­zi se­bi­tin­de Dur­nuk­ly Ösü­ş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak üçin AHHG-nyň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek onuň esa­sy we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar.

BMG-niň Aral deň­zi üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy gel­jek­de içer­ki suw how­dan­la­ry­nyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça BMG-niň köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak üçin bin­ýat bo­lup hem bi­ler­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy hal­ka­ra suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge uly go­şant bo­lar.

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len ta­ry­hy sam­mi­tiň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ins­ti­tu­tyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň je­bis­li­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň, se­bi­tiň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da bir pi­ki­re gel­di­ler. Mu­nuň özi hä­zir­ki dö­wür­de, bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik hä­si­ýet­li çä­re­le­riň top­lu­my­ny yzy­gi­der­li esas­da dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­rün­de aý­ra­tyn mö­hüm­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu sam­mit bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň giň ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gin­de ýe­ne bir mö­hüm tap­gyr bol­dy.

Mun­dan baş­ga-da, AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň döw­le­ta­ra suw akym­la­ry­ny peý­da­lan­mak ul­ga­myn­da çuň­ňur ta­ry­hy kök­le­re, me­de­ni­ýe­tiň, däp-des­sur­la­ryň umu­my­ly­gy­na esas­lan­ýan kö­pa­syr­lyk dost-do­gan­lyk ru­hun­da deň­hu­kuk­ly hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny kes­git­län­dik­le­ri­ne üns çe­kil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk et­me­gi­niň üs­tün­lik­li bo­lan­dy­gy­ny bu gu­ra­ma­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň AHHG-nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň 2018-nji ýy­lyň 30-njy ýan­wa­ryn­da Aş­ga­bat­da bo­lan mej­li­si­niň çäk­le­rin­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­län­dik­le­ri su­but­na­ma bo­lup dur­ýar, şon­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň dur­nuk­ly ösü­şi üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we hyz­mat­daş­lar bi­len ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mek üçin mil­li hem-de se­bit bi­ler­men­ler to­par­la­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky çöz­güt yla­la­şyl­dy.

Şeý­le hem AHHG-nyň işi­niň mag­lu­mat-sel­jer­me üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­ler bel­le­nil­di, onuň işi­ne mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu me­se­le bo­ýun­ça mas­la­hat­la­ryň, sim­po­zium­la­ryň we beý­le­ki du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne taý­ýar­lyk be­ýan edil­di, bu gu­ra­ma­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň şa­ham­ça­la­ry­nyň, ýö­ri­te agent­lik­le­ri­niň hem-de Aral deň­zi se­bi­tin­de dur­muş-eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny sag­dyn­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ýar­dam ber­ýän gaz­na­la­ryň iş­le­ri ut­gaş­dy­ryl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de AHHG-da esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň mil­li bi­ler­men­le­ri­ni hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­la­ry çek­mek bi­len, Aral deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­na ýar­dam ber­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mak­sat­na­ma­sy­nyň kon­sep­si­ýa­sy (dör­dün­ji tap­gyr) taý­ýar­la­nyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da gaz­na­nyň çäk­le­rin­de, şeý­le hem Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň daş­ky gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň se­bit me­ýil­na­ma­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça hem iş­ler ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan AHHG-nyň işi­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na jo­gap­kär bol­mak bi­len, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösüş üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ha­kyn­da Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa go­şu­lyş­mak işi­ni çalt­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­lar ed­ýär.

Hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ins­ti­tu­tyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan öňe sür­len suw se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de do­lan­dyr­mak me­se­le­sin­de, esa­san-da, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ni we suw se­riş­de­le­ri­niň azal­ma­gy­ny ha­sa­ba al­mak bi­len, se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­zar­da tut­ýan hu­kuk gu­ra­ly­ny dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy ba­ra­da­ky tek­li­biň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň su­wa bo­lan el­ýe­ter­li­li­giň ada­myň esa­sy hu­ku­gy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny yk­rar et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň ke­pi­li bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter