Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy | TDH
Syýasat habarlary

Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy

опубликованно 24.08.2018 // 962 - просмотров
 

2018-nji ýy­lyň 24-nji aw­gus­tyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ri­lip, oňa Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan ça­gy­ry­lan hök­mün­de Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti gat­naş­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry dost­luk we öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýyn­da Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de suw ho­ja­lyk, eko­lo­gi­ýa we dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ry has-da go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­me­giň me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, şeý­le hem bu ul­gam­da onuň he­re­ket et­me­gi­niň 25 ýy­lyn­da Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň (AHHG) uly go­şan­dy­ny bel­le­di­ler.

Ta­rap­lar se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rin­de Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de suw se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de we top­lum­la­ýyn do­lan­dyr­mak hem-de oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça ozal ka­bul edi­len çöz­güt­le­re yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar.

Pre­zi­dent­ler çuň­ňur ta­ry­hy kök­le­ri, me­de­ni­ýet­le­ri­niň, däp-des­sur­la­ry­nyň umu­my­ly­gy bo­lan halk­la­ryň kö­pa­syr­lyk dost­lu­gy ru­hun­da döw­le­ta­ra suw akym­la­ry­ny peý­da­lan­mak we go­ra­mak ba­bat­da deň­hu­kuk­ly hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­dä­ki Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2018-nji ýy­lyň 18-nji iýun­ynda­ky “Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, se­bit­le­ýin we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak” di­ýen Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň, şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2016-njy ýy­lyň 21-nji de­kab­ryn­da “2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” di­ýen he­re­ket­le­riň hal­ka­ra on­ýyl­ly­gy” Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­ne ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di­ler.

Pre­zi­dent­ler Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2018-nji ýy­lyň 30-njy ýan­wa­ryn­da ge­çi­ri­len AHHG-nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­si­niň çäk­le­rin­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­dä­ki umu­my ile­ri tu­tul­ýan suw ho­ja­lyk, eko­lo­gi­ýa we dur­muş-yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri çöz­mek mak­sa­dy bi­len, se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň hem-de hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň ta­gal­la­la­ry­ny we müm­kin­çi­li­gi­ni bir­leş­dir­mek üçin Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­dä­ki ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça (ADGK-4) he­re­ket et­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Ta­rap­lar Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­dä­ki ýurt­la­ra kö­mek ber­mek bo­ýun­ça he­re­ket et­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň iş­le­ni­lip taý­ýar­lan­ma­gy­ny goş­mak bi­len, Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gi­niň gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge çe­me­leş­me­le­riň ýa­kyn­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şol me­se­le­ler ADGK-4-i iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­da be­ýa­ny­ny tap­dy.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry Aral me­se­le­si­niň güýç­len­me­gi­ne hem-de onuň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne, te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň sa­ny­nyň we ýy­gy­ly­gy­nyň art­ma­gy­na, ho­wa­nyň dün­ýä de­re­je­sin­de üýt­ge­me­gi­niň şert­le­rin­de buz­luk­la­ryň tiz ere­me­gi­ne ala­da­lan­ýan­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler hem-de BMG-niň ins­ti­tut­la­ry­ny, hal­ka­ra we se­bit­le­ýin gu­ra­ma­la­ry bu me­se­le­le­ri çöz­mek üçin hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge ça­gyr­ýar­lar.

Ta­rap­lar Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de, aý­ra­tyn-da, eko­lo­gi­ýa çök­gün­li­gi­ne se­ze­war bo­lan zo­lak­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy we eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň sag­dyn­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň top­lum­la­ýyn çö­zül­me­gi üçin ta­gal­la­la­ry jem­le­me­giň mö­hüm­di­gi­ni yk­rar et­di­ler.

Ta­rap­lar su­wuň, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň, ýe­riň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­nyň azal­dyl­ma­gy­na, bag eki­len meý­dan­la­ryň kö­pel­dil­me­gi­ne, te­bi­gy he­läk­çi­lik­le­riň, şol san­da suw joş­gun­la­ry­nyň, sil akym­la­ry­nyň, gu­rak­çy­lyk­la­ryň tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­niň azal­dyl­ma­gy­na, şeý­le hem aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mä­ge we beý­le­ki­le­re gö­nük­di­ri­len yla­la­şy­lan çä­re­le­ri ka­bul et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak üçin “2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” di­ýen he­re­ket­le­riň hal­ka­ra on­ýyl­ly­gy” bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki Du­şen­be mas­la­ha­ty­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa mas­la­ha­ty­nyň hem-de “Aral he­läk­çi­li­gi­niň tä­sir­le­ri­ni pe­selt­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­ler: tä­ze çe­me­leş­me­ler, in­no­wa­sion çöz­güt­ler we ma­ýa go­ýum­lar” at­ly Daş­kent hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler.

Pre­zi­dent­ler Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry­ny we BMG-niň te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga, “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýet ýö­rel­ge­le­ri­ni ös­dür­mä­ge hem-de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­ma­ga gö­nük­di­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň dur­nuk­ly ösü­şi üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­nyň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy­ny gol­da­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gi üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň müm­kin­çi­li­gi ba­ra­da­ky me­se­lä ga­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler hem-de AHHG-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­ne bu me­se­le ba­bat­da se­bi­tiň döw­let­le­ri, BMG-ä ag­za döw­let­ler, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň eda­ra­la­ry bi­len ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy­lar.

Pre­zi­dent­ler se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly ösüş üçin daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ha­kyn­da 2006-njy ýy­lyň 22-nji no­ýab­ryn­da­ky Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa go­şu­lyş­ma­gy­nyň müm­kin­çi­li­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw-ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri­ni top­lum­la­ýyn we oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­ma­ga Ta­rap­la­ryň öza­ra gy­zyk­lan­ýan­dyk­la­ry­ny na­za­ra alyp, Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gi­niň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne ýar­dam ber­mek üçin se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni göz öňün­de tut­mak bi­len hem-de se­bi­tiň döw­let­le­ri gat­na­şy­jy­lar bo­lup dur­ýan hal­ka­ra ýö­rel­ge­le­re we ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da, ser­he­tüs­ti suw akym­la­ryn­da gu­rul­ýan gid­roe­ner­ge­ti­ka des­ga­la­ry­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Ta­rap­lar AHHG-ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň suw ho­ja­lyk gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň Syr­der­ýa­nyň äh­li gi­ňiş­li­gi bo­ýun­ça su­wa gö­zeg­çi­lik et­mek iş­le­ri­ni aw­to­mat­laş­dyr­mak üçin do­nor­la­ry çek­mek ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da­ky yla­la­şyk­la­ry­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Ga­zak ta­ra­py Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň suw-ener­ge­ti­ka se­riş­de­le­ri­ni top­lum­la­ýyn peý­da­lan­mak bo­ýun­ça dur­nuk­ly se­bit­le­ýin gu­ra­ly dö­ret­me­giň müm­kin­çi­li­gi­ni iş­le­me­gi tek­lip ed­ýär.

Pre­zi­dent­ler tä­ze ça­gy­ryş­la­ra öz wag­tyn­da tä­sir et­mä­ge, şeý­le hem Ara­ly ha­las et­mä­ge gö­nük­di­ri­len se­bit­le­ýin tas­la­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek, Aral ýa­ka­sy­ny we Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gi­ni eko­lo­gi­ýa taý­dan sag­dyn­laş­dyr­mak ul­ga­myn­da, şeý­le hem ser­he­tüs­ti suw akym­la­ry­nyň suw se­riş­de­le­ri­ni top­lum­la­ýyn peý­da­lan­mak we go­ra­mak, suw ho­ja­ly­gy, ener­ge­ti­ka we dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş ba­bat­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy do­ly möç­ber­de üp­jün et­mä­ge ukyp­ly bo­lan ne­ti­je­li we dur­nuk­ly ins­ti­tu­sio­nal gu­ra­ly dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, AHHG-nyň gu­ra­ma­çy­lyk dü­zü­mi­ni hem-de şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry hä­zir­ki za­ma­nyň ça­gy­ryş­la­ry­nyň hem-de we­him­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ne ösüp gel­ýän nes­liň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, suw se­riş­de­le­ri­ni we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça ýaş­la­ryň se­bit­le­ýin he­re­ke­ti­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Se­bi­tiň iş­gär­ler we yl­my müm­kin­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, öz­bek ta­ra­py se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk­da oba ho­ja­ly­gy­nyň ir­ri­ga­si­ýa­sy we me­ha­ni­za­si­ýa­sy in­že­ner­le­ri­niň Daş­kent­dä­ki ins­ti­tu­ty­nyň bin­ýa­dyn­da suw se­riş­de­le­ri we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, şeý­le hem bi­le­lik­de düz­gü­na­ra bar­lag­la­ry ge­çir­mek ul­ga­myn­da iş­gär­le­ri bi­le­lik­de taý­ýar­la­ma­gy we ola­ryň hü­när­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy gu­ra­ma­gy tek­lip et­di.

Ta­rap­lar AHHG-nyň Mü­di­ri­ýe­ti­ne ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp düz­me­gi hem-de onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy­lar.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry AHHG-na, şol san­da eko­lo­gi­ýa taý­dan sag­dyn­laş­dyr­ma­ga we Aral deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len se­bit­le­ýin tas­la­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak ar­ka­ly se­bit äh­mi­ýet­li me­se­le­le­riň top­lu­my­ny çöz­mek bo­ýun­ça se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk et­me­gi üçin köp­ta­rap­ly meý­dan­ça hök­mün­de ga­rap, bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Ta­rap­lar Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si we bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Türk­me­nis­ta­na ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Türk­men­ba­şy şä­he­ri, 2018-nji ýy­lyň 24-nji aw­gus­ty.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter