Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şu­şy­gy | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şu­şy­gy

опубликованно 24.08.2018 // 873 - просмотров
 

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew bi­len du­şuş­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz öz kär­de­şi­ni do­gan­lyk ýurt­la­ry bir­leş­dir­ýän Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Türk­me­nis­ta­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da ga­dym­dan göz­baş al­ýan dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek we yna­nyş­mak däp­le­ri bo­ýun­ça döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­le­di. Dost­luk­ly goň­şy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry bu gat­na­şyk­la­ryň tä­ze maz­mun bi­len baý­la­şyp, saz­la­şyk­ly ösü­şe eýe bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti AHHG-nyň sam­mi­ti­niň mö­hüm­di­gi­ne hem-de Türk­me­nis­tan­da öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi­ne, onuň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len bi­le­lik­de çö­zül­me­li me­se­le­le­riň äh­mi­ýe­ti­ne üns ber­di.

Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew ýo­ka­ry de­re­je­li Awa­za du­şu­şy­gy­nyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Söh­bet­deş­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýan me­se­le­le­riň se­bi­tiň we dün­ýä­niň ýurt­la­ry üçin mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Mu­nuň özi halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­ny we ro­waç­ly­gy­ny üp­jün et­jek mö­hüm eko­lo­gi­ýa tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da ze­rur bo­lup dur­ýar. Ga­za­gys­ta­nyň Baş­tu­ta­ny eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň, suw­dan re­je­li peý­da­lan­ma­gyň glo­bal äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça türk­men Li­de­ri­niň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mek ug­run­da pi­ki­ri­ni be­ýan edip, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň, şol san­da suw se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­ma­gyň we re­je­li peý­da­lan­ma­gyň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa ba­bat­da we­zi­pe­le­riň mö­hüm­di­gi­ne dü­şü­nil­ýär, ola­ry çöz­mez­den jem­gy­ýe­tiň dur­nuk­ly ös­me­gi müm­kin däl­dir.

Söh­bet­deş­ler ener­ge­ti­ka we ulag ýa­ly ugur­lar­da ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň, şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne üns ber­mek bi­len, iki­ta­rap­la­ýyn, şeý­le hem se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de ta­rap­la­ryň ýa­kyn gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Türk­men Li­de­ri Ak­tau­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di, ol ýer­de 12-nji aw­gust­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ryň bä­şi­si­niň eko­lo­gi­ýa we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Iki goň­şy Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açyl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Ol Ha­zar­da de­ňiz ar­ka­ly ýük da­şa­ma­la­ry­ň döw­re­bap ul­ga­my­ny hem-de tu­tuş se­bit­de mul­ti­mo­dal dü­zü­mi ös­dür­mä­ge hyz­mat eder.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew dost­luk we hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy tas­syk­lap, bu gat­na­şyk­la­ryň gel­jek­de hem iki do­gan­lyk halk­la­ryň bäh­bi­di­ne üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler hem-de bi­rek-bi­re­gi we iki do­gan­lyk halk­la­ry Gur­ban baý­ra­my bi­len gut­la­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter