Birža täzelikleri 9-nji Maý | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 9-nji Maý

опубликованно 09.05.2015 // 796 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen täjirler dizel ýangyjyny (Seýdiniň NGIZ), Owganystanyň wekilleri bolsa — tehniki kükürdi (“Türkmengaz ” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna taýýar dokma önümleri, arassalanan pagta ýagy, bugdaý uny, nah ýüplügi, pagta süýümi, regenerirlenen süýüm ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Malta, Owganystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 87 million 482 müň dollaryndan gowrak boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter