Türkmen hemrasy älem giňişliginde bellenilen nokada baryp ýetdi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen hemrasy älem giňişliginde bellenilen nokada baryp ýetdi

опубликованно 17.05.2015 // 1476 - просмотров
 

2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk emeli hemrasy Aşgabat wagty bilen irden 7 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda geostasionar orbitada Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilkinji türkmen emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy Türkmenistanyň senagatda, ylym-bilim ulgamynda belent sepgitlere ýetendigine şaýatlyk edýär, bu bolsa ýurdumyzy senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýän döwlete öwürmekde öňümizde duran wezipeleri üstünlikli çözmäge, şol sanda aragatnaşyk serişdelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Maý aýynyň 31-ine çenli möhletde meýilnama laýyklykda, “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemranyň teleradio aragatnaşyk tolkunlarynyň alnyp berlişi boýunça soňky synag-barlaglary geçiriler. Synag-barlaglardan soňra “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde potratçy – Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana tabşyrylar.

Häzirki wagta çenli hemra tehniki talaplara laýyklykda işleýär we işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmen hemrasy orbita giňişligine çykandan we onuň hemra ulgamy doly derejede işe girizilenden soň, ýurdumyzyň hünärmenleriniň öňünde onuň hyzmatyndan mümkin boldugyça, doly peýdalanmak hem-de bu taslamanyň netijeli bolmagyny üpjün etmek wezipesi durýar.

Şu maksatlarda täze kosmos pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işine uly üns berildi. Olar—ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň işgärleri, daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerini tamamlan fizikler, matematikler, mehanikler, aragatnaşykçylar, awiatorlar we programmaçylar bolup, daşary ýurtlaryň degişli merkezleriniň kärhanalarynda bilim alyp, türgenleşik enjamlarynda taýýarlyk okuwyny geçdiler.

Hemra aragatnaşyk ulgamynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, hemranyň özüne gözegçilik etmegi we beýleki tehniki wezipeleri Türkmenistanyň hemrany dolandyrmak Merkeziniň hünärmenleri amala aşyrarlar. Kosmos enjamy geostasionar orbita çykarylandan soň, hemranyň orbitanyň giňişliklerinde bellenilen aralyklardan gyşarmagy Aýyň we Günüň dartyşmasy ýaly daşky we içki durnuksyzlandyryjy täsirleriň netijesinde bolup geçýär. Beýleki kosmos jisimleriniň dartyş güýji, Ýeriň magnit meýdany, şeýle hem hemranyň içki enjamlarynyň hereketleri hemranyň bellenen giňişlikden gyşarmagyna sebäp bolýar. Kosmos enjamynyň şunuň ýaly hereket etmegine onuň üstünde ýerleşdirilen enjamlar arkaly gözegçilik edilýär we zerur ýagdaýynda Dolandyryş merkeziniň hünärmenleri Ýerden buýruk bermek arkaly hem-de hemranyň özünde ýerleşýän düzediş hereketlendirijilerini işledip, ony geostasionar orbitadaky zerur bolan ýagdaýyna getirýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi, onuň üstüne hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek wezipesi ýüklenýär.

Milli hemra türkmen teleradioýaýlymlaryny alyp görkezmek üçin ulanylar. Olaryň kuwwatlyklary standart görnüşindäki, şeýle hem ýokary çözüjilik ukyby teleýaýlymlaryň onlarçasyny görkezmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda munuň milli telewideniýäniň isleglerinden artyk gelýändigi sebäpli, hemra ýaýlymlarynyň bir bölegini daşary ýurt kompaniýalaryna kärendesine berip bolar. “TürkmenÄlem 52oE” hemrasynyň uly çäkleri öz içine alýandygy sebäpli, Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň alyp eşitdiriji we alyp görkeziji ýaýlymlary üçin üstaşyr ýurt hökmünde çykyş edip biler.

Hemranyň mümkinçilikleri ony tele we radioýaýlymlary efire çykarmak, biri-birinden uzak aralykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlary alyşmak, giň zolakly internet hyzmatlaryny guramak, belli bir aralykdan okuw işini, lukmançylyk hyzmatyny guramak, şol sanda wideoşekilli dürli maslahatlary geçirmek, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri üçin peýdalanmaga şert döredýär.

Wideoşekilli maslahatlary ýa-da hemra aragatnaşygy arkaly teleköprüleri geçirmek häzirki wagtda bütin dünýäde giňden ulanylýar. Wideoşekilli maslahatlar işleri tizleşdirmäge, wagty we serişdeleri netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden peýdalanylýar.

Argatnaşygyň bu görnüşleri VSAT binýadynda hususy hemra aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy netijesinde mümkindir. Onuň mümkinçilikleri halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly peýdalanylýar. Häzir bütin dünýäde bu ulgam bank we maliýe edaralarynda, söwda-ykdysady ulgamda, senagat kärhanalarynda, saglygy goraýyş hem-de bilim ulgamlarynda we beýlekilerde ulanylýar. VSAT aragatnaşyk hemrasynyň binýadynda we önümçilik işlerine dispetçer dolandyryşy üçin hem-de uzak aralykdan gözegçilik etmekde işjeň peýdalanylýar. VSAT tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy bolsa uzak aralykda ýerleşýän hem-de ýerüsti aragatnaşyk ulgamlary bilen birleşdirilmedik dispetçerlik merkezlerinden uzaklykda ýerleşýän senagat desgalaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Mahlasy, milli hemra ägirt uly çäkleri gurşap almak bilen, aragatnaşygyň we dolandyrmagyň innowasion ulgamyny döretmek üçin möhüm bölek bolar. Mundan başga-da, hemra aragatnaşygy Türkmenistanda kosmos bilen bagly ylmy-barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna ýardam eder.

Ýewraziýa yklymynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde abraýynyň artmagynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän ýurdumyzyň döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamy ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze ugurlarda intellektual kuwwaty ösdürmäge, ylmy taslamalary amala aşyrmaga ýardam eder, umuman alnanda, Türkmenistanyň innowasion taýdan ösmegine oňyn täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli emeli hemramyzy älem giňişligine çykarmagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň Ýewraziýa giňişliginde we bütin dünýäde hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik köprülerini gurup, häzirki zaman hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter