Ýurdumyzyň haryt-çig mal biržasynyň söwda mümkinçilikleri artýar | TDH
Ykdysadyýet

Ýurdumyzyň haryt-çig mal biržasynyň söwda mümkinçilikleri artýar

опубликованно 20.05.2015 // 959 - просмотров
 

Ahal welaýaty, 20-njy maý (TDH). Şu gün Sarahs etrabynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary söwda terminalynyň täze binasyny ulanmaga bermegiň dabarasy boldy.

Bu desga häzirki zaman ülňülerine laýyklykda guruldy we tehniki taýdan üpjün edildi. Onda netijeli işlemek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Daşary söwda terminaly iri toplum bolup, ol dolandyryş we hojalyk binasyny, gözegçilik-geçiriş bölümini, ýük we ýeňil awtoulaglar üçin duralgany, tehniki bloklary, myhmanhanany we naharhanany öz içine alýar. Toplumyň çäginde ýükleri çekmek üçin enjamlar oturdyldy.

Uly ammarlaryň 10-synda ýurdumyzda öndürilen eksport ugurly önümler, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlar saklanar. Terminalyň dört sany açyk we iki sany ýapyk ammarlary pagta önümleri üçin niýetlenendir, ammarlaryň ikisinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri, şol sanda tikin we sütükli önümler, ýuwlan goýun, geçi, düýe ýüňleri we beýlekiler ýerleşdiriler. Ammarlaryň biri gök we miwe önümlerini saklamak üçin niýetlenendir. Bu ýerde şeýle hem içi sowadyjyly ammar guruldy.

Terminaly Türkmenistanyň Döwlet haryt-çir mal biržasynyň buýurmasy boýunça onuň garamagyndaky “Altyn Zamana” döwlet jemagat-önümçilik edarasy tarapyndan bina edildi. Täze daşary söwda toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport kuwwatyny artdyrmak, şeýle hem birža söwdalarynda daşary ýurtly alyjylar üçin oňaýly şertleri döretmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam eder. Döwrebap terminalyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň düzüminiň üstüni ýetirip, onuň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Täze terminalyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar—pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, etrap we welaýat häkimlikleriň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary we myhmanlary milli Liderimize Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýygjam daşary ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak, daşary ýurt biržalarynyň tejribesini özleşdirmek hem-de türkmen biržasynda döwrebap, has netijeli işlemegiň usullaryny ornaşdyrmak babatda daşary bazarlaryň islegini we mümkinçiliklerini öwrenmek, ýurduň bazarlarynda elýeterli bahalar boýunça haryt bolçulygyny, netijede halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edýän ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter