Türkmenistanda VI halkara Gaz kongresi geçirildi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanda VI halkara Gaz kongresi geçirildi

опубликованно 20.05.2015 // 850 - просмотров
 

Awaza, 20-njy maý (TDH). Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresi öz işini tamamlady. Onuň gün tertibine halkara energetika hyzmatdaşlyk we global energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri girizildi.

Kongrese aýry-aýry ýurtlaryň hökümet düzümleriniň we nebitgaz ulgamynda baý iş tejribesine eýe bolan iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, gury ýerde we deňizde uglewodorodlaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, olaryň 70 göterimden gowragy tebigy gazyň paýyna düşýär.

Mundan başga-da, dünýäniň 30 ýurdundan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň 400-e golaý wekilleriniň gatnaşmagynda guralan pudaklaýyn maslahatyň we oňa gabatlanan serginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi Türkmenistanyň umumy ykrar edilen abraýynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Ol gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň, uglewodorod çig malynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli we sebit gaz geçiriji düzümi ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly halkara meýdançasy bolup durýar.

Hususan-da, maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda gorlary boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi häzirki wagtyň geljegi uly taslamalarynyň biri bolup durýar diýip bellediler. Garaşsyz halkara bilermenler toparynyň baha bermegine görä, bu ýerde tebigy gazyň gorlary 26,2 trillion kub metre barabardyr.

Türkmenistanyň strategiýasy uglewodorod çig malyny çykarmagyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň, şol sanda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň içinden geçiriljek Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak hakynda gazanylan ylalaşyk boýunça zerur bolan möçberi nazara almak bilen artdyrmagyň wagtyndan öňki hasabyny, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijiniň gurluşygyna başlamaga taýýarlygy, şeýle hem gazy Ýewropa ibermegiň mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, düzümiň mümkinçilikleri Eýrana we Russiýa Federasiýasyna hereket edýän gaz geçirijiler boýunça gazyň has köp möçberini ugratmaga mümkinçilik berýär.

Garaşylyşy ýaly, kongresiň maksatnamasynda TOPH taslamasy boýunça çemeleşmeleri we netijeli teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga möhüm orun berildi. Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri jenap Jem Kamal Hanyň çykyşy hut şol meselä bagyşlandy.

Ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metrden gowrak bolan bu iri möçberi gaz geçirijiniň taryhy ähmiýeti barada aýtmak bilen, çykyş edenler onuň taslamasynyň amala aşyrylmagy Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge we hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini nygtadylar.

Mälim bolşy ýaly, Owganystan, Pakistan we Hindistan Günorta Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetine täsir edýän gaz ýetmezçiligini başdan geçirýärler. Bu ýurtlarda energiýa serişdelerine bolan isleg şol taslamanyň ykdysady esaslandyrmasyny kesgitleýär.

Mawy ýangyjyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan beýleki ylalaşylan ugurlarda bolşy ýaly, şol ugur boýunça hem gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini kepillendirýär. Munuň özi abraýly halkara bilermenleri tarapyndan doly tassyklanyldy.

Uzynlygy 1800 kilometr, şol sanda 200 kilometri Türkmenistanyň çäginden, 773 kilometri Owganystanyň çäginden, 827 kilometri Pakistanyň çäginden Hindistan bilen serhetde ýerleşýän Fazilka ilatly nokada çenli uzalyp gitjek TOPH gaz geçirijiniň ilaty 1,5 milliard adamdan gowrak bolan ýurtlaryň gaza bolan islegini üpjün etjekdigi göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijiniň gurulmagy özara bähbitli ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara energetika giňişliginde, diýmek, uly geosyýasatda döwletleriň bähbitleriniň utgaşmagyny tassyklaýan ägirt uly syýasy ähmiýetiň jebisleşdiriji şerti bolup durýar. Bu taslama syýasy erk-isleg bolanda baş maksada — energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini üpjün etmek maksadyna ýetmegiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bu ugurda dünýä hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhüm meseleleri babatda “Pakistan Petroleum Limited” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Saýed Uamik Bohariniň, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Merkezi Aziýa işleri boýunça Departamentiniň direktory Greýs Şeltonyň,
“Oil & Gas Development Company Limited” (Pakistan) kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Başarat A.Mirzanyň, Polşa Respublikasynyň Nebit we gaz ministrliginiň departamentiniň direktory Malgožat Şimanskiniň, “Uzbeknebitgaz” kompaniýasynyň müdirliginiň başlygy Şokir Faýzullaýewiň, SOCAR kompaniýasynyň “Gaz Eksport” müdirliginiň başlygy Gagamali Seýfullaýewiň, “KazTransGaz” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Kaýrat Şaripbaýewiň we beýlekileriň çykyşlary halkara gaz kongresine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Kongresiň ikinji gününiň maslahatynyň mejlislerinde Türkmenistanyň gaz gorlaryny netijeli özleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we ýola goýmak meseleleri, şeýle hem türkmen gazynyň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, häzir gurluşygy dowam edýän “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisi baý ýataklardan islendik ugurda harytlyk gazyň bir ýylda 30 milliard kub metrden gowragyny ibermäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Garabil-Gurrukbil, Merkezi Garagum toparynyň ýataklarynyň hem geljegi uludyr. Hazaryň türkmen böleginde uglewodorodlaryň baý gorlaryny özleşdirmek daşary ýurt kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýär.

Daşky gurşawy goramak meselesi maslahatyň çäklerinde giň beýana eýe boldy. Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň syýasaty ekologiýa bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak meselelerini nazara almak bilen, hojalyk işlerini ösdürmäge gönükdirilendir. Amala aşyrylýan giň gerimli ykdysady taslamalaryň her birinde onuň tebigaty goramak hem-de täze önümçilikleriň ekologik howpsuzlygy ugurlaryna aýratyn üns berilýär.

Şu maksat bilen ekologik syýasaty we milli maksatnamalary yzygiderli amala aşyrylýar, kanunçylyk namalar ulgamy işlenip taýýarlanyldy we netijeli işleýär. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň tebigaty goramak kanunçylygynyň berjaý edilmegine, şol sanda gaz pudagynda berjaý edilmegine döwlet tarapyndan yzygiderli gözegçiligiň edilmegi daşky gurşawy goramagyň esasyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guran Gaz kongresiniň çäklerinde daşary ýurt işewürleriniň Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylary bilen köp sanly işewür duşuşyklary geçirildi. Şonda gaz ulgamynda maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa kongresiň ýokary derejede guralmagyna ýardam etmek, pikir alyşmak, gaz we gaz himiýa senagatyny ösdürmegiň, çig maly gaýtadan işlemegiň, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň has netijeli bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol gatnaşyklar halkara energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we global energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşant bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter