“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi | TDH
Medeniýet

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

опубликованно 18.08.2018 // 587 - просмотров
 

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Yaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, ol her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar.

Zehinli aýdymçy ýaşlaryň döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Mukamlar köşgüniň ajaýyp sahnasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Yaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň zehinli ýaşlaryna buýsanyp, olaryň öz döredijiliginde häzirki döwrüň ajaýyp özgertmelerini wasp etmegini, şöhratly ata-babalarymyzyň baý milli mirasyny artdyrmagy ündeýär.

Şu ýylyň «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly, iri sport forumlaryna beslenip, olary guramakda saz sungatynyň wekilleri aýratyn orun eýeleýär, “ Siz ýaş kalbyňyzdan joşup çykýan aýdymlaryňyz bilen türgenlerimizi uly ýeňişlere ruhlandyrmalysyňyz. Siziň uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýän aýdymlaryňyz ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň belent waspyna öwrülmelidir. Sungat bilen sport sagdyn jemgyýetiň gymmatly baýlygydyr. Sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmek, medeniýeti, sungaty, sporty, bedenterbiýäni sazlaşykly ösdürmek möhüm wezipeleriň biridir” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda aýdylýar.

Bäsleşik jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň joşgunly çagyryşyna mynasyp jogap bolandygyny görkezdi.

“Ýaňlan, Diýarym!” ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan, şeýle hem Diýarymyzyň alys künjeklerinden ýaş zehinleri birleşdirýän meşhur döredijilik bäsleşigi bolup durýar. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, harby gullukçylar, telekeçiler, medeniýet we beýleki ulgamlaryň işgärleri bar. Ine, onsoň emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk wezipe durýar, bu wezipe iň gowy, iň zehinli, iň ussat aýdymçylary seçip almakdan ybaratdyr. “Ýaňlan, Diýarym! — 2018-iň” jemleýji tapgyry hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Telebäsleşigiň jemi üç tapgyryna aýdymçylaryň 800-den gowragy gatnaşdy. Onuň şertlerine laýyklykda, ussat emin agzalarynyň garamagyna dürli aýdymlar hödürlenildi. Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlary we dürli awtorlaryň döreden aýdymlary, nusgawy eserler ýaňlandy. Emin agzalary olara aýdym aýtmak, ýerine ýetirijilik ussatlygy we özboluşlylygy, şeýle hem artistçilik ölçegleri boýunça baha berdiler. Döredijilik bäsleşigi tomaşaçylar üçin bolsa hakyky aýdym-saz baýramçylygyna öwrülip, aýdym-saz sungatymyzyň geljegi bolan ýaş zehinler bilen tanyşdyrdy.

Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň on ikisi “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji gala-konsertine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmak, häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän ýokary çeper eserleri döretmek, milli saz sungatymyzyň şöhratyny artdyrmaga ukyply zehinli aýdymçylary ýüze çykarmak üçin ähli şertler bar. Milli Liderimiziň olara berýän ünsi we bu barada edýän yzygiderli aladasy ýaş zehinleriň döredijilik ylhamyny açyp görkezmegiň ýolunda kuwwatly itergi bolup durýar.

Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar öz döredijiligine döwlet Baştutanymyzyň berýän ünsünden ylham alyp, paýtagtymyzyň sahnasynda aýratyn jogapkärçilik bilen çykyş etdiler. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylyň konsert maksatnamasynda milli sungatymyzyň iň gowy däpleri öz beýanyny tapdy.

Jemleýji tapgyra gatnaşyjylar öz joşgunly çykyşlarynda eziz Watanymyzy, halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli Liderimiziň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylan ägirt uly üstünlikleri buýsanç bilen wasp etdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň aýdymlarynyň sanawyna ene topragymyzyň gözelligi we paýtagtymyzyň ajaýyplygy baradaky aýdymlar hem girdi. “Eneler” atly aýdym konsert zalynyň sahnasynda aýratyn duýgy bilen ýerine ýetirilip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynda ajaýyp keşbi wasp edilen Enä bagyşlanma bolup ýaňlandy.

Aýdymçylaryň käbiri häzirki döwrüň kompozitorlarynyň nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine döreden aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Çykyşlaryň maksatnamasyna meşhur dessanlaryň äheňleri boýunça düzülen aýdymlar hem girdi. Saz sungatynyň nusgawy eserleri hem-de diňleýjileriň ençeme nesliniň gowy görýän halk aýdymlary döwrebap estrada owazlary bilen sazlaşykly utgaşdy.

Şu gün Mukamlar köşgüniň sahnasynda ýaş aýdymçylara ynanylan täze aýdymlar ýaňlandy. Gala-konsertine gatnaşmaga geçen ýylyň bäsleşiginiň ýeňijileri hem çagyryldy, “Ýaňlan, Diýarym!” olar üçin döredijilik durmuşyna gadam basmak üçin özboluşly köprä öwrülip, uly estrada dünýäsine täze ýol açdy. Olaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Watanymyzyň ýüregi siz, Arkadag!” atly täze aýdymlaryň biri ýaňlandy.

Aýdym-saz çykyşlarynyň özboluşly işlenmegine hem-de höwesjeň artistleriň özboluşly ýerine ýetirijilik usulyna tomaşaçylar mynasyp baha berdiler, bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren aýdymlary zalyň dostlukly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Arkadag” aýdymy — Türkmenistanda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmagyň başynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, dürli ugurlarda täze üstünlikler bilen özygtyýarly ösüşiniň 27 ýyllygyny belleýän eziz Watanymyza bagyşlanma gala-konsertiň jemleýji pursatyna öwrüldi.

Baýramçylygyň ahyrynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň netijeleri jemlendi we onuň ýeňijileri yglan edildi. Bu ýagdaý jemleýji döredijilik bäsleşiginiň tolgundyryjy bölegi bolup, arzyly ýeňşe umyt-arzuwyň ýolunda uzak garaşdyran pursat, uly sahna ýollanmany almagyň özboluşly mümkinçiligi bolup durýar.

Zala ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, olar ýörite diplomlara hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşurylan baýraklara mynasyp boldular.

Dabaraly çäräniň dowamynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, zehinleri höweslendirmek we goldamak meselelerine uly üns bermegi netijesinde türkmen sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin mäkäm, ygtybarly esaslar goýulýar, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi bolsa ýaş nesliň döredijilik taýdan zehinli wekilleriniň sanyny ýylsaýyn artdyrýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de geljekde joşgunly döredijilik işleri bilen mähriban Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň ösüşiniň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikleri uly joşgun bilen wasp etjekdiklerine ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter