Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna gynanç bildirdi

опубликованно 19.08.2018 // 858 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz öz hatynda Kofi Annanyň görnükli syýasatçy we beýik şahsyýet bolandygyny, bütin dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halklaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigini belläp, onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk bildirip medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter