Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 19.08.2018 // 854 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş aýdymçylaryň arasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylar ýüze çykaryldy.

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäherinden “Türkmenhowaýollary” gullugynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň artisti-tansçysy Bezirgen Patyşagulyýewiç Hajyýew;

Ahal welaýatyndan “Hasardag” hususy kärhanasynyň başlygynyň hasap işleri boýunça kömekçisi Şamyrat Hojamyradowiç Hojagulyýew;

Balkan welaýatyndan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň “Serhet owazlary” aýdym-saz we tans toparynyň sazandasy wezipesinde çagyryş boýunça harby gullukçy Muhammet Toýmyradowiç Meredow;

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Şabende geňeşligindäki oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Ogulbäbek Bally gyzy Jümmiýewa;

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Atajan Jumakulyýewiç Hojakulyýew;

Mary welaýatyndan Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Garagumderýasuwhowdangurluşyk” önümçilik dolanyşygynyň önümçilik we ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni Annajemal Nurgeldiýewna Gurbangeldiýewa.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter