“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi | TDH
Ykdysadyýet

“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi

опубликованно 24.05.2015 // 1174 - просмотров
 

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde- “Ak şäherim Aşgabat” atly ХIV Halkara köpugurly sergisi açyldy. Däbe öwrülen bu forumda türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk ulgamynda gazanan netijeleri we mundan beýläkki ösüşi, şeýle hem bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary beýan edilýär. Indi ikinji ýyl bu ykdysady gözden geçiriliş 25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.

Bu gezekki foruma kompaniýalaryň we kärhanalaryň 130-a golaýy gatnaşýar, olaryň 40-den gowragy daşary ýurt kompaniýalarydyr. Sergä gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, onda görkezilýän taslamalar hem-de hödürlenýän teklipler iri göwrümlidir, şeýle teklipler döwlet kärhanalarynda we ugurdaş pudaklaýyn edaralarda, şeýle hem ýurdumyzyň hususy firmalaryndan we daşary ýurt kompaniýalaryndan gelip gowuşýar.

Serginiň guramaçylary—Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy her ýylda sergini guramak we oňa gatnaşmak boýunça ugurlaryň giň toplumyny – gurluşykdan we binagärlikden başlap, elektroenergetika, gaýtadan işleýän we ýeňil senagata, bezegçilige çenli, bir söz bilen aýdylanda, şäher gurluşygyny abadanlaşdyrmak diýen düşünjä girýän ähli teklipleri görkezmek üçin sergä gatnaşyjylara giň mümkinçilik döredýärler, häzirki wagtda ýokary tehnologiýalary peýdalanmak bu ulgamda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler, onda şu gezekki halkara gözden geçirilişiniň türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk ulgamynda üstünliklerini we ýeten sepgitlerini wagyz etmek, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem bu ulgamda ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine ynam bildirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki sergi Aşgabadyň senagat, medeni we intellektual mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady kuwwatlyklaryny açyp görkezýän ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ençeme pudaklaryna we düzümlerine täze teklipler we gazanylanlar bilen tanyşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredýär. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň senagat, demirýol, awtomobil ulaglary, jemagat hojalygy, söwda we daşary-ykdysady gatnaşyklar, bilim, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy hem-de köpsanly beýlekileriň diwarlyklaryna daşary ýurtly myhmanlar uly gyzyklanma bildirdiler.

Milli ykdysadyýetimizde özüni bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde görkezýän türkmen telekeçileri hem bu çärä giňden gatnaşýarlar. Türkmenistanyň hususy gurluşyk düzümleriniň “Aga Gurluşyk”, “Myradym”, “Dürli ýaz”, “Eziz doganlar”, “Ojak”, “Ojar Aziýa” ýaly hususy kärhanalar alyp barýan işleriniň dürli ugurlaryny görkezýärler.

Wekilçilikli gözden geçirilişe gatnaşýan belli daşary ýurt kompaniýalarynyň hatarynda Woygues Türkmen, Vinсi (Fransiýa), Knauf (Germaniýa), TUF (Hytaý) “Mseniskiý zawod “Kommaş” (Russiýa), “Altkom” (Ukraina), kompaniýalary bar. Hindi logistika, derman önümçiligi kompaniýalarynyň köpsanly tekipleri hem uly täsir galdyrýar, olar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde sergä gatnaşýarlar.

Ýakyn wagtda Aşgabadyň keşbini has-da gözelleşdirjek edara binalaryny, myhmanhanalary, sport desgalaryny gurýan Türkiýäniň belli gurluşyk kompaniýalary “NATA”, “Gap Inşaat”, “Ronesans”, “Belda”, “Efor”, “Ekol Muhendishlik” we beýlekiler dürli maksatly desgalaryň kiçeldilen nusgalaryny görkezýärler.

Bu ýerde uzak wagtlaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli işläp, özüni oňat tarapdan görkezen kompaniýalardan başga-da, Türkmenistanyň geljekki hyzmatdaşlary hem öz mümkinçiliklerini we tekliplerini hödürleýärler, olar ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Sergide azyk senagaty, mebel, söwda ulgamlary öz diwarlyklaryny görkezýärler, bezeg ulgamynda işleýän kompaniýalar özboluşly çözgütlerini hödürleýärler. “Ak şäherim Aşgabat” sergisiniň geçirilmeginiň maksady häzirkizaman iri şäheriniň durmuşynyň köptaraplylygyny, çylşyrymly düzümini açyp görkezmekde we onda amatly durmuş şertlerini döretmek üçin dürli pudaklaryň sazlaşykly işlemeginiň zerur bolup durýandygyny beýan etmekdir.

Häzirkizaman şäheriniň ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan ýokary tehnologiýalar serginiň aýratyn ugrudyr. Häzirki wagtda innowasiýalar we nou-haular paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda – inžener-tehniki we hojalyk desgalaryndan başga durmuş-ykdysady, bilim we medeniýet ulgamlaryna çenli giňden ornaşdyrylýar.

Her gezekki sergini gözel Aşgabadymyzyň has ajaýyp keşbe girmek bilen garşylaýandygy buýsançly ýagdaýdyr. Paýtagtymyzyň geljege tarap her bir nobatdaky gadamy barha okgunly, giň we baş şäherimizde amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen tapawutlanýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar, Aşgabadyň Halkara howa menzili gurulýar, şol bir wagtyň özünde nobatdaky gurluşyk tapgyrlarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär, paýtagtymyzyň ulag ulgamy işjeň döwrebaplaşdyrylýar. Aşgabady özgertmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde tutuş ýaşaýyş jaý gaznasyny gurşap alan durkuny täzelemek işleriniň netijesinde baş şäherimiz täze keşbe girýär. Paýtagtymyzyň gurluşyk işlerine gatnaşýan ähli düzümler bu serginiň diwarlyklaryndan iň täze innowasiýalary hem-de tehnologiýalary saýlap bilerler.

Öňki ýyllarda onlarça ýyllaryň dowamynda gurulýan desgalaryň indi birnäçe aýyň dowamynda bina edilýändigi döwrümiziň aýdyň alamatyna öwrüldi. Barha kuwwatly ösüşe eýe bolýan ýurdumyzyň gurluşyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň netijeli we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändiginiň, ýurdumyzyň işewürlik, senagat we medeni merkezi bolan paýtagtymyzyň geljekki mümkinçilikleriniň aýdyň beýanydyr.

Biz gurluşyk senagatyna iri möçberli serişdeleri gönükdirmek bilen ýurdumyzyň geljegini gurýarys, ykdysadyýetimiziň ösmegi üçin ygtybarly binýady döredýäris, durmuş we medeni ulgamlaryň ösmegine kuwwatly ýardam berýäris. Şu gün Aşgabatda açylan wekilçilikli ykdysady gözden geçirilişde hödürlenilýän kaşaň ýaşaýyş toplumlarynyň innowasiýa taslamalarynyň, ak mermerli edara binalarynyň, täze häzirkizaman awtomobil ýollarynyň we önümçilik kärhanalarynyň ýakyn geljekde şäherimizde üstünlikli durmuşa geçirilendigini görüp bileris. Bu sergini synlap, paýtagtymyzyň geljegine nazar aýlap bolýandygy, özboluşly hem-de uly umyt bildirilýän taslamalara baha berip bolýandygy bilen hem özüne çekijidir.

Ertir wekilçilikli ykdysady gözden geçiriliş öz işini dowam eder. Sergä gatnaşyjylar şeýle hem Aşgabadyň güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň myhmanlary bolarlar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter