Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

опубликованно 15.08.2018 // 835 - просмотров
 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­ri­ne ug­ra­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da türk­men paý­tag­ty­nyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de ýur­du­my­zyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da mas­la­hat ge­çir­di.

Iş mas­la­ha­ty Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­na hem-de şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­lan­dy.

Hö­kü­met ag­za­la­ry öň­de bol­jak mö­hüm wa­ka­la­ra we baý­ram­çy­lyk­la­ra, tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy­na hem-de me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy ba­ba­tyn­da öz gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­rin­de iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­bar ber­di­ler.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ryn­da ony döw­re­bap­laş­dyr­mak we pu­dak­la­ýyn iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler top­lum­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bol­ma­ly­dyr hem-de hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ugur­la­ýyn dü­züm­le­riň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň giň möç­ber­li bol­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­ra­da­ky gür­rü­ňe de­gip geç­mek bi­len, ýur­du­myz­da ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek, se­bit äh­mi­ýet­li ulag top­lum­la­ryn­da hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­riň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di. Şun­da onuň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, bu ul­gam­da öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­niň hem-de in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi bi­len bag­ly we­zi­pe­le­riň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň, tä­ze önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň, ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti tiz­leş­di­ri­len dep­gin­ler­de ke­ma­la ge­tir­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan, öň gör­lüp-eşi­dil­me­dik ýo­ka­ry gö­te­ri­li­şi baş­dan ge­çir­ýär. Bu ugur­da döw­le­ti­miz­de se­bit­le­riň top­lum­la­ýyn ös­dü­ri­li­şi­ne uly üns be­ril­ýär.

Halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän hi­mi­ýa, dok­ma, azyk se­na­ga­ty, gur­lu­şyk, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim ýa­ly ul­gam­lar mö­hüm or­ny eýe­le­ýär­ler. Se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy, oba ho­ja­ly­gyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň umu­my ösü­şi­ne güýç­li dep­gin ber­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bu ugur­lar­da ösü­şiň dep­gin­le­ri­ni pe­selt­mez­den, tä­ze be­lent ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak ze­rur­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­ri­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­niň uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr, olar­da ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy we be­lent ru­hy gym­mat­lyk­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da adam­la­ryň bag­ty­ýar ýa­şaý­şy­ny, aba­dan­çy­ly­gy­ny we ro­waç­ly­gy­ny üp­jün et­mek äh­li öz­gert­me­le­riň baş mak­sa­dy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň saz­la­şyk­ly işi­niň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy döw­le­tiň mun­dan beý­lä­gem bu ul­ga­myň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy, har­by gul­luk­çy­la­ryň döw­re­bap gul­luk we dur­muş şert­le­ri­ni dö­ret­me­gi he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Ýur­du­my­zy top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, ila­tyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mil­li mak­sat­na­ma­lar­da bel­le­nen äh­li çä­re­le­ri saz­la­şyk­ly dur­mu­şa ge­çir­mek döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň we jem­gy­ýe­ti­mi­zi gül­ledip ös­dür­me­giň yg­ty­bar­ly ke­pi­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, oňa gat­na­şy­jy­la­ra alyp bar­ýan iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter