Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti — hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy | TDH
Teswirlemeler

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti — hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy

опубликованно 13.08.2018 // 524 - просмотров
 

1996-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça baş­la­nan tas­la­ma­nyň ta­mam­lan­ma­gy hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka öw­rül­di. On­dan has ozal Ha­zar deň­zi­niň tä­ze hal­ka­ra-hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky gep­le­şik­ler 1992-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Täh­ran­da ge­çi­ri­len Ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň bi­rin­ji mas­la­ha­tyn­da baş­lan­dy.

Soň­ra bu gep­le­şik­ler he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän gep­le­şik­ler gu­ra­ly­nyň — ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň orun­ba­sar­la­ry­nyň de­re­je­sin­de Ýö­ri­te iş to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ge­tir­di. Ýö­ri­te iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky çöz­güt Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da 1996-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gyn­da ka­bul edil­di. Mun­dan 22 ýyl ozal Aş­ga­bat­da ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di, şon­da bu Kon­wen­si­ýa­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça gep­le­şik­ler gu­ra­ly­nyň gu­ra­ma­çy­lyk-hu­kuk gör­nü­şi Ýö­ri­te iş to­pa­ry gör­nü­şin­de he­mi­şe­lik esas­da kes­git­le­nil­di.

Bu uzak döw­rüň do­wa­myn­da bi­le­lik­de ge­çi­len ýo­ly ýat­la­mak bi­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň il­kin­ji sam­mi­ti­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy bi­ziň ýur­du­my­zyň öňe sü­ren­di­gi­ni, şeý­le hem bu Fo­ru­myň 2002-nji ýyl­da türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ol du­şu­şyk ýa­kyn we uzak­möh­let­le­ýin ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç tap­gy­ra öw­rül­di. Şol dö­wür­den baş­lap, döw­le­ta­ra gep­le­şik­ler gu­ra­ly hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy. Bi­rin­ji Ha­zar sam­mi­tin­de soň­ra­ky ge­çi­ri­len sam­mit­ler­de ka­bul edi­len res­mi­na­ma­lar üçin bin­ýat bo­lan baş­lan­gyç­lar öňe sü­rül­di.

2003-nji ýyl­da Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry — Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy we Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa gol çek­di­ler. Täh­ran Kon­wen­si­ýa­sy­nyň mak­sa­dy Ha­za­ryň de­ňiz gur­şa­wy­ny äh­li çeş­me­ler­den ha­pa­lan­mak­dan go­ra­mak­dan yba­rat­dyr. Olar Ha­zar deň­zi­niň bio­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­ma­gy, gaý­ta­dan di­kelt­me­gi hem-de dur­nuk­ly we re­je­li peý­da­lan­ma­gy öz içi­ne al­ýar.

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň äh­li­si ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan­dan soň­ra Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy 2006-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da güý­je gir­di. Bu gün Ha­zar deň­zi­niň gü­ni diý­lip yg­lan edil­di. Şon­dan bä­ri bu se­ne Türk­me­nis­tan­da her ýyl bel­le­nil­ýär, bu se­ne my­na­sy­bet­li ýö­ri­te çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl hem «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak­da ga­za­ny­lan­lar” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bi­ziň ýur­du­myz äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek, şol san­da Ha­za­ryň tä­sin ekoul­ga­my­ny, onuň te­bi­gy gör­nüş­le­ri­ni, örän baý bio­köp­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär.

2007-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ka­ra­ry bi­len Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­re­dil­di, bu to­pa­ryň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň bi­ri Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da kon­wen­si­ýa­ny taý­ýar­la­mak bo­lup dur­ýar­dy. Bu işe Türk­me­nis­ta­nyň dür­li mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bi­ler­men­le­ri gat­naş­dy­lar, de­giş­li iş to­par­la­ry dö­re­dil­di, ola­ryň iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gy as­tyn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de peý­da­la­nyl­dy.

Ikin­ji Ha­zar sam­mi­ti 2007-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Täh­ran­da ge­çi­ril­di, on­da ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň baş­tu­tan­la­ry Jar­na­ma gol çek­di­ler. Şeý­le­lik­de, Aş­ga­bat­da ba­şy baş­la­nan gep­le­şik­ler hil taý­dan tä­ze de­re­je­de yzy­gi­der­li do­wam et­di. Şo­la­ryň ne­ti­je­le­ri Täh­ran­da, Ba­ku­da we Ast­ra­han­da de­giş­li­lik­de 2007-nji, 2010-njy we 2014-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­len sam­mit­ler­de ka­bul edi­len mö­hüm çöz­güt­le­riň esa­sy­ny düz­di.

Bu du­şu­şyk­lar­da çy­kyş et­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe we mun­dan beý­läk-de se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek, ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň we ola­ryň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy-me­de­ni ýö­rel­ge­ler ar­ka­ly bag­la­nyş­ýan halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de giň hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iş­jeň or­ny eýe­le­jek­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Bu ugur­da­ky gel­jek­ki mö­hüm we anyk ädim­ler mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Hut hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Ha­zar deň­zin­de hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň taý­ýar­la­nan­dy­gy­ny we ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­me­li.

Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ry ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şyk hem-de Ha­zar deň­zi­niň suw hem-de bio­lo­gi­ki se­riş­de­le­ri­ni sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da Yla­la­şyk bar. Ola­ra Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň 2014-nji ýyl­da Ast­ra­han­da ge­çi­ri­len IV sam­mi­ti­niň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­di.

Şol dö­wür­de jem­leý­ji res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na Ha­zar deň­zi­niň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky Yla­la­şyk gi­ri­zil­di. Tas­la­ma­nyň gu­tar­nyk­ly yla­la­şyl­ma­gyn­da türk­men ta­ra­py aý­ra­tyn ta­gal­la et­di. Bu res­mi­na­ma bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler ýur­du­my­zyň Ha­za­ryň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa­sy we ha­pa­lan­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik ba­ra­da­ky ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­ti­ne baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de ta­mam­lan­dy.

Şu ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça du­şu­şyk­la­ryň we fo­rum­la­ryň, şol san­da ýo­kar­da ag­za­lan Ýö­ri­te iş to­par­la­ry­nyň, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň we­kil­çi­lik­li to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da bu me­se­le­le­re ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di.

2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­tin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow kär­deş­le­ri — Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri bi­len bi­le­lik­de Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çek­di. Mu­nuň özi Ha­zar deň­zin­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk ka­da­la­ry­ny ber­ki­den ta­ry­hy äh­mi­ýet­li bin­ýat­lyk res­mi­na­ma bo­lup dur­ýar.

Şu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň iki mö­hüm Yla­la­şy­gyň baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren­di­gi­ni bel­le­me­li. Şo­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma­lar däp bo­lan bäş­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra hil taý­dan tä­ze iter­gi ber­di.

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky Yla­la­şyk hem-de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da ulag ul­ga­my ha­kyn­da Yla­la­şyk hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dört ýyl mun­dan ozal, Ast­ra­han şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň IV sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ka­bul edil­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň äh­li­si­ne türk­men ta­ra­py­nyň tek­li­bi­ni gol­dan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Ak­tau­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da eden çy­ky­şyn­da mil­li Li­de­ri­miz ka­bul edi­len yk­bal çö­zü­ji res­mi­na­ma­nyň — Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­nyň aý­ry-aý­ry ugur­la­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ter­ti­bi­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip et­di.

Hu­su­san-da, mil­li Li­de­ri­miz bäş ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­na Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­giň gu­ra­ly­ny dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re se­ret­mek bo­ýun­ça tab­şy­ryk ber­me­gi tek­lip et­di.

Sam­mi­tiň do­wa­myn­da gol çe­ki­len ter­ror­çy­ly­ga, gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş ba­bat­da­ky, Ha­zar deň­zin­de howp­suz­lyk bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga goş­ma­ça Ser­het eda­ra­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça Tes­wir­na­ma­lar se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­di­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky yna­nyş­mak we bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin Ha­zar deň­zin­dä­ki ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­mak ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Ha­za­ryň pa­ra­hat­çy­lyk hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk zo­la­gy bol­ma­ly­dy­gy­ny ýe­ne bir ýo­la be­ýan et­di.

Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz har­by çä­re­ler ba­bat­da Ha­zar deň­zin­de yna­nyş­mak ug­ru­ny mun­dan beý­läk-de iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň we ka­bul et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bäş­ta­rap­la­ýyn yla­la­şy­gy iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň we Ha­zar deň­zin­de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ry ara­dan aýyr­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­gyň düz­gün­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak hem-de şeý­le­lik­de, Ha­zar­da göz­leg we ha­las ediş iş­le­ri ba­bat­da bäş­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­ri öňe iler­let­mek bo­ýun­ça tek­lip öňe sü­rül­di.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar deň­zin­de hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň ýurt­la­ryň söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag ba­bat­da­ky ýa­kyn­lyk de­re­je­si­ne bag­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek il­kin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­nyň tas­syk­lan­ma­sy­na öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di we bu fo­ru­my Türk­me­nis­tan­da ge­çir­me­gi tek­lip et­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu fo­ru­myň Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, işe­wür we yl­my dü­züm­le­riň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da köp­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk üçin he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän bin­ýa­da öw­rül­me­li­dir, ol Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň her bi­rin­de ge­zek­me-ge­zek yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­li­dir.

Mil­li Li­de­ri­miz ulag ul­ga­my­ny Ha­zar deň­zin­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de tas­syk­lap, bu ul­gam­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin Ha­zar ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň her bi­ri­niň ke­nar­ýa­ka şä­her­le­rin­de ge­zek­me-ge­zek esas­da ýer­leş­di­ril­me­li­dir.

Ha­zar se­bi­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­run­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ha­za­ryň ozal­ky sam­mit­le­rin­de, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da, BMG-niň “Rio+20” Äh­lu­mu­my mas­la­ha­tyn­da we beý­le­ki iri fo­rum­lar­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry ýur­du­my­zyň ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da hem-de Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­de söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag-ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ha­kyn­da­ky tek­lip­ler bar.

Şeý­le­lik­de, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len bu ge­zek­ki du­şu­şyk Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze tap­gy­ryň baş­lan­ýan­dy­gy­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär et­di we bäş­ta­rap­la­ýyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na hil taý­dan tä­ze iter­gi ber­di.

Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew bi­len sam­mi­tiň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyn­da hem be­ýan edil­di. Söh­bet­deş­ler du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň äh­li­si üçin örän mö­hüm bo­lan çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Şo­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy, se­bit­de howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi, on­da yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­nyň dö­re­dil­me­gi, dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar.

Şeý­le hem ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Olar ke­nar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň se­na­gat, ener­ge­ti­ka, lo­gis­ti­ka, sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki pu­dak­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ni şert­len­di­rer. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tek­li­bi bo­ýun­ça il­kin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny 2019-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç bäş ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.

Iki goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry Türk­men­ba­şy­nyň tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny, şol san­da onuň Ga­za­gys­ta­nyň port­la­ry bi­len ara­gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gy­ny ulag ul­ga­my­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň gel­jek­ki ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len sam­mi­tiň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da al­nyp ba­ryl­ýan gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy.

Hü­när­men­le­riň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, bu port Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry üçin örän äh­mi­ýet­li­dir. Onuň kuw­wat­lyk­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de işe gi­ri­zil­me­gi Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze de­re­jä çy­ka­rar hem-de hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na go­şu­lyş­ma­gy­ny, ýur­du­my­zyň mul­ti­mo­dal gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da­ky or­nu­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­di­rer.

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Türk­me­nis­tan ulag ge­çel­ge­le­ri­ni art­dyr­mak bi­len, aw­to­mo­bil hem-de de­mir ýol­la­ryň, ho­wa we de­ňiz ugur­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär hem-de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şiň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň hä­zir­ki döw­re la­ýyk de­re­je­de tä­ze­den di­kel­dil­ýän­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Bu ugur­da gä­mi gur­lu­şy­gy we söw­da ho­ja­ly­gy mö­hüm orun eýe­le­ýär. Olar tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ýük gat­naw­la­ry­ny ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Türk­men­ba­şy­da­ky tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň öň­de­ba­ry­jy dü­zü­mi di­ňe bir ozal bar bo­lan däl, eý­sem, gel­jek­ki is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry ýo­la goý­ma­ga ukyp­ly­dyr. Onuň do­ly kuw­wa­ty­na çyk­ma­gy yk­ly­ma­ra ýük gat­naw­la­ry­nyň lo­gis­tik ul­ga­my­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny şert­len­di­rer. Bu top­lum ýük gat­naw­la­ry­nyň gys­ga we amat­ly ugur­la­ry­ny üp­jün et­mek ar­ka­ly üs­ta­şyr ge­çel­gä­ni eme­le ge­tir­ýär.

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň dü­zü­mi­ne pa­rom, ýo­lag­çy we kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry, “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy, ke­nar dü­zü­mi­niň köp­san­ly des­ga­la­ry, şeý­le hem ulag üp­jün­çi­li­gi­ne de­giş­li es­ta­ka­da­la­ry, köp zo­lak­la­ry bo­lan aw­to­mo­bil ýol­la­ry hem-de de­mir ýol­lar gir­ýär.

Hu­su­san-da, ýur­du­myz üçin düý­bün­den tä­ze önüm­çi­lik bo­lan “Bal­kan” za­wo­dy ýur­du­my­zyň gä­mi­gur­lu­şy­gy­ny ös­dür­mek üçin bin­ýat bol­dy. Gä­mi­le­ri gur­mak­dan baş­ga-da, bu ýer­de tan­ker­le­ri, gu­ry ýük gä­mi­le­ri­ni, tir­keg­le­ri we beý­le­ki­le­ri abat­la­mak bo­ýun­ça iş­le­riň do­ly tap­gy­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. Za­wo­dyň önüm­çi­lik bö­lüm­le­ri ýyl­da 10 müň ton­na po­la­dy iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Şu döw­rüň do­wa­myn­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry ulan­mak bi­len, za­wod dört we on­dan hem köp gä­mi­ni gur­ma­ga hem-de 20 gä­mi­ni abat­la­mak we hyz­mat et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. He­niz za­wo­dyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar­ka, Türk­me­nis­tan­da hem, ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem ope­ra­tor­la­ry, ugur­daş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we okat­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler ge­çi­ril­di.

Za­wod IAСS-In­ter­na­tio­nal As­soсia­tion Сlas­si­fiсation Soсie­tes (MA­KO — Hü­när sy­nag­la­ry jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy) MA­KO de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da stan­dart­la­ry we ka­da­la­ry iş­läp düz­mek we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Dün­ýä söw­da flo­tu­nyň möç­be­ri­niň 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy MA­KO jem­gy­ýet­le­riň ag­za­la­ry­na de­giş­li­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da “Bal­kan” za­wo­dyn­da üç gä­mi­niň abat­la­ýyş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, olar “Türk­me­nis­tan” we “Mag­tym­gu­ly” gu­ry ýük gä­mi­si­dir hem-de “Bi­ta­rap” ne­bit gu­ýul­ýan tan­ker­dir. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de iş­le­ýän da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gä­mi­le­ri­ni abat­la­mak üçin hem müm­kin­çi­lik­ler bar.

Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da ref­ri­že­ra­tor kon­teý­ner­le­ri­ni sak­la­mak hem göz öňün­de tu­tu­lan­dyr, meý­da­ny 9 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak bo­lan ýa­pyk am­mar­lar bar. Bu ter­mi­nal se­bi­tiň eks­port-im­port ýük gat­naw­lar ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­ny öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr. Mul­ti­mo­dal lo­gis­ti­ka top­lu­my ho­wa, aw­to­mo­bil we de­mir ýol ulag­la­ry bi­len ge­ti­ri­len kon­teý­ner ýük­le­ri­ni sak­la­mak hem-de top­lum­la­ýyn iş­le­mek bo­ýun­ça hyz­mat­lar ul­ga­my­ny ama­la aşy­rar, şo­la­ry gä­mi­le­re ýük­le­mek we dü­şür­mek amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rer.

Kon­teý­ner ter­mi­na­ly­na gel­ýän äh­li mag­lu­mat­la­ry ope­ra­tor­la­ryň mo­ni­to­ryn­da gör­kez­ýän gö­zeg­çi­li­giň hem­ra ul­ga­my bi­len üp­jün edi­len­dir hem-de äh­li ba­bat­da CTQI (Con­tai­ner Ter­mi­nal Qua­li­ty In­dicator — kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry­nyň hil gör­ke­zi­ji­si) öl­çe­gi­ne la­ýyk­lyk­da tas­lan­dy. Soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da tu­tuş dün­ýä­de kon­teý­ner­le­riň do­la­ny­şy­gy çalt art­ýar, bu bol­sa kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­di. CTQI öl­çe­gi­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy hyz­mat­la­ryň bu gör­nü­şin­de bir bi­te­wi hil gö­zeg­çi­li­gi­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, tä­ze port “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň, oza­ly bi­len, goň­şy Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­rin­den gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ýar­dam eder. Bu ýer­de dynç al­ýan­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän ka­şaň myh­man­ha­na­lar we amat­ly kot­tež top­lum­la­ry, döw­re­bap sport des­ga­la­ry hem-de ösen dynç alyş dü­zü­mi gar­şy alar.

Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm bö­le­gi, hä­zir­ki wagt­da ösü­şiň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lan ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Bu ul­gam­da örän uly kuw­wa­ta eýe bo­lan Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ni öňe sür­ýär. Şo­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň goň­şy se­bit­le­riň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny hä­zir­ki­za­man de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, uzak gel­jek­de se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na kuw­wat­ly iter­gi ber­mä­ge, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny, Ha­zar, Ga­ra de­ňiz hem-de Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ni, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry, Gü­nor­ta hem-de Gü­nor­ta Gün­do­gar Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän, tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­niň keş­bi­niň esa­sy­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ulag bo­ýun­ça üç Ka­rar­na­ma­ny — 2014-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň or­ny”, “2015-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam et­mek mak­sa­dy bi­len, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­me­giň ýo­lun­da” hem-de 2017-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak” at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul et­di.

Türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran hal­ka­ra de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy goň­şy döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr, bu de­mir ýol se­bit we hal­ka­ra ulag dü­zü­mi­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň bä­şi­si­niň çäk­le­ri Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän hem-de Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ug­ry bo­ýun­ça ulag-üs­ta­şyr we söw­da ge­çel­ge­le­ri­niň hem-de ýük akym­la­ry­nyň gat­na­dyl­ma­gy­ny ýe­ňil­leş­dir­ýän te­bi­gy geog­ra­fi­ýa gi­ňiş­li­gi bo­lup dur­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar deň­zin­de ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär, şun­da ta­rap­la­ryň hoş­ni­ýet­li erk-is­le­gi, öza­ra hor­mat goý­mak, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na üýt­gew­siz eýer­mek esa­sy ýö­rel­ge­ler bol­ma­ly­dyr.

Türk­men Li­de­ri eko­lo­gi­ýa daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, bu tä­sin te­bi­gy suw how­da­ny­nyň bio­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, onuň baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak ul­ga­my­ny hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ra­tyn ug­ry hök­mün­de kes­git­le­ýär. Bu ul­gam­da ýur­du­myz mil­li de­re­je­de yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­ýär, öz goň­şy ýurt­la­ry we hyz­mat­daş­la­ry, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­de Ha­zar­da bar bo­lan hem-de ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin bo­lan eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne tä­ze­çe çe­me­leş­me­gi hö­dür­le­ýär.

BMG-niň esa­sy te­bi­ga­ty go­ra­ýyş Kon­wen­si­ýa­la­ry­ny tas­syk­la­mak hem-de öz üs­tü­ne borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge yg­rar­ly Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy (UNEP), Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy (ÄEG) we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­ler bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Ýur­du­my­zyň Ha­zar eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy­ny (HEM) dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak, Mil­li Ha­zar he­re­ket­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­myz­da Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa­da we Ha­zar se­bi­tin­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň ge­ri­mi­niň giň­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, Türk­me­nis­tan BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýö­ri­te dü­zü­mi – ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek tek­li­bi­ni öňe sür­di we bu dü­zü­miň iş­le­me­gi üçin ze­rur äh­li şert­le­ri dö­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di.

Kö­pu­gur­ly öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek, Ha­zar deň­zi­niň ägirt uly yk­dy­sa­dy, ulag we ener­ge­ti­ka kuw­wa­ty­ny do­ly he­re­ke­te ge­tir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri ge­çir­mek bi­len Türk­me­nis­tan ga­dy­my Ha­za­ra pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk hem-de yla­la­şyk deň­zi­niň de­re­je­si­niň be­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ed­ýär.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter