Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa kabul edildi | TDH
Syýasat habarlary

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa kabul edildi

опубликованно 12.08.2018 // 1814 - просмотров
 

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy, mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti­ne gat­naş­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den Ak­tau şä­he­ri­ne ug­ra­dy, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar ug­rat­dy­lar.

Ýur­du­myz oňyn Bi­ta­rap­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de deň­hu­kuk­ly öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga esas­lan­ýan we mil­li hem-de umu­my bäh­bit­le­riň de­ňe­çer­li­gi na­za­ra al­nyp gu­ral­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny yzy­gi­der­li ama­la aşyr­mak bi­len, Ha­zar se­bi­tin­de iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem oňyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak we ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär.

Ha­zar se­bi­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­syn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Mu­ňa döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bäş­ta­rap­la­ýyn sam­mit­le­re yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy, şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ha­zar me­se­le­si ba­ba­tyn­da öňe sür­ýän anyk tek­lip­le­ri, şol san­da de­giş­li şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bu ugur­da gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň ta­ry­hy ba­ra­da aý­dy­lan­da, türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Ha­zar ba­ba­tyn­da köp me­se­le­le­riň çöz­gü­di ta­pyl­dy. 1996-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di, şon­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da­ky de­giş­li Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça Ýö­ri­te iş to­pa­ry gör­nü­şin­de he­mi­şe­lik esas­da he­re­ket ed­ýän gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň gu­ra­ma­çy­lyk –hu­kuk gör­nü­şi kes­git­le­nil­di. Şo­nuň öň ýa­nyn­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan öňe sür­len hem-de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar we ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da dür­li de­re­je­dä­ki sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler gu­ral­dy, şo­lar­da Ha­zar me­se­le­si­ne de­giş­li mö­hüm we­zi­pe­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň hem-de öza­ra ka­bul eder­lik­li çöz­güt­le­ri­ göz­le­me­giň ze­rur­dy­gy­na dü­şü­nil­ýän­di­gi äş­gär bol­dy.

Eme­le ge­len ýag­daý­lar bi­len baglylykda hem-de al­nyp ba­ryl­ýan gep­le­şik­le­ri hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­gyň ze­rur­ly­gyn­dan ugur alyp, ýur­du­myz Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­di, ol il­kin­ji ge­zek 2002-nji ýyl­da türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki şol du­şu­şyk­da Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi­niň yk­ba­ly üçin ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­ne hem-de umu­my jo­gap­kär­çi­li­ge esas­lan­ýan we hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na da­ýan­ýan bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gi­ýa­sy bo­ýun­ça öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny ynam­ly be­ýan et­di. Şeý­le­lik­de, Aş­ga­bat Ha­zar me­se­le­si bo­ýun­ça düýp­gö­ter tä­ze­çe gep­le­şik­le­riň bin­ýa­dy­ny go­ýan şä­her hök­mün­de ta­ry­ha gir­di.

Aş­ga­bat sam­mi­ti ýa­kyn we uzak gel­jek­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek­de ba­dal­ga no­ka­dy­na öw­rül­di. Türk­men paý­tag­tyn­da baş­la­n gep­le­şik­ler soň­ra ne­ti­je­li do­wam et­di­ril­di: şol du­şu­şy­gyň jem­le­ri de­giş­li­lik­de 2007-nji, 2010-njy we 2014-nji ýyl­lar­da Täh­ran­da, Ba­kuw­da hem-de Ast­ra­han­da ge­çi­ri­len sam­mit­ler­de ka­bul edi­len mö­hüm çöz­güt­le­riň esa­sy­ny düz­di. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şol du­şu­şyk­lar­da çy­kyş et­mek bi­len, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek, ke­nar­ýa­ka döw­let­ler hem-de kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy-me­de­ni gat­na­şyk­lar ar­ka­ly bir­leş­di­ri­len ola­ryň halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we giň hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe iş­jeň orun eýe­län­di­gi­ni we gel­jek­de hem eýe­le­jek­di­gi­ni aý­dyň su­but et­di.

Şu ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan Ha­zar bo­ýun­ça du­şu­şyk­la­ryň we fo­rum­la­ryň, şol san­da ýo­kar­da ag­za­lan Ýö­ri­te iş to­pa­ry­nyň, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri­niň mej­lis­le­ri­niň, hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry­ň, se­mi­nar­la­ryň we okuw­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Her ýyl «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da 12-nji aw­gust­da Ha­zar deň­zi­niň gü­ni giň­den bel­le­nil­ýär, ol, adat­ça, aja­ýyp öwüş­gin­li baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň ozal ge­çi­ri­len sam­mit­le­ri­niň bar­şyn­da, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň, BMG-niň “Rio+20” Äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty­nyň hem-de beý­le­ki iri fo­rum­la­ryň be­lent mün­ber­le­rin­den öňe sü­rlen dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­r ýur­du­my­zyň ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga he­mi­şe yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­la­ry­dyr. Şol baş­lan­gyç­la­ryň ha­ta­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar se­bi­tin­de söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de ulag-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­ra­da­ky tek­lip hem bar.

Türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ry­lan Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran hal­ka­ra de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tas­la­ma goň­şy döw­let­le­ri­ň ta­gal­la­la­ry­nyň üs­tün­lik­li bir­leş­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr, bu de­mir ýo­ly se­bit we hal­ka­ra ulag dü­züm­le­ri­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­ler. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň bä­şi­si­niň çäk­le­ri Azi­ýa­ny Ýew­ro­pa bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan hem-de ulag-üs­ta­şyr we söw­da ge­çel­ge­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­ny hem-de «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» we «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» ug­ry bo­ýun­ça ýük akym­la­ry­nyň ge­çi­ri­li­şi­ni golaý­laş­dyr­mak­da te­bi­gy geog­ra­fi­k gi­ňiş­li­k bol­ma­ly­dyr.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi uly äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Bu iri göw­rüm­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma, ha­ky­kat­dan-da, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar se­bi­ti­niň äh­li ýurt­la­ry üçin stra­te­gi­k äh­mi­ýe­te eýe­dir, şu tas­la­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy ýo­kar­da ag­za­lan se­bit­le­riň döw­let­le­ri­niň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na, Ha­za­ryň hä­zir­ki wagt­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da mö­hüm ulag-lo­gis­ti­ka hal­ka­sy hök­mün­dä­ki or­nu­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Mun­dan köp asyr­lar ozal bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paý­has­ly kes­git­le­me­si­ne la­ýyk­lyk­da, ol ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ýo­luň ýü­re­gi­dir hem-de bu ta­ry­hy ýo­luň tä­ze şert­ler­de we hä­zir­ki za­man gör­nü­şin­de di­kel­dil­me­gi­ne uly go­şant­dyr.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk üçin Ha­zar deň­zin­de giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär, şun­da ta­rap­la­ryň hoş­ni­ýet­li erk-is­le­gi, öza­ra hor­mat goý­mak, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak, umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na berk eýer­mek mö­hüm ýö­rel­ge bol­ma­ly­dyr.

Mil­li Li­de­ri­miz eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, bu tä­sin te­bi­gy suw how­da­ny­nyň bio­­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak ul­ga­my­ny hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ug­ry hök­mün­de kes­git­le­di. Ýur­du­myz bu ba­bat­da mil­li de­re­je­de yzy­gi­der­li çä­re­le­ri ge­çir­ýär, Ha­zar deň­zin­de bar bo­lan hem-de ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň öňü­ni al­mak­da goň­şy döw­let­ler we hyz­mat­daş­lar, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da tä­ze çe­me­leş­me­le­ri­ hö­dür­le­ýär.

BMG-niň esa­sy te­bi­ga­ty go­ra­ýyş Kon­wen­si­ýa­la­ry­ny tas­syk­la­mak hem-de öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne yg­rar­ly bol­mak bi­len, Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy (ÝUNEP), Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy (ÄEG) we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­leri bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şeý­le hem bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň Ha­zar eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy­ny (HEM) dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak, Mil­li Ha­zar me­ýil­na­ma­sy­nyň he­re­ket­le­ri­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­pa­r dö­re­dil­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa­da we Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň giň top­lu­my­ny na­za­ra alyp, Türk­me­nis­tan BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit­le­ýin mer­kez ýa­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­zü­mi dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di we onuň ne­ti­je­li işi üçin äh­li ze­rur dü­zü­miň hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.

Türk­me­nis­tan öza­ra bäh­bit­li kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek, Ha­zar deň­zi­niň ägirt uly yk­dy­sa­dy, ulag hem-de ener­ge­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly he­re­ke­te ge­tir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri ge­çir­mek bi­len, ga­dy­my Ha­za­ra pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk we yla­la­şyk deň­zi­niň de­re­je­si­niň be­ril­me­gi­ne do­ly ýar­dam ed­ýär.

Bu gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Ha­zar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy­ny we ka­bul edi­len­di­gi­ni hem ýat­lad­ýa­rys. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak hem-de ola­ry ara­dan aýyr­mak ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şyk we Ha­zar deň­zi­niň suw bio­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we re­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da yla­la­şyk bar, bu res­mi­na­ma­la­ra 2014-nji ýyl­da Ast­ra­han­da ge­çi­ri­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň IV sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­di. Şeý­le hem şol sam­mi­tiň bar­şyn­da jem­leý­ji res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na Ha­zar deň­zi­niň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky yla­la­şyk gi­ri­zil­di, onuň tas­la­ma­sy­nyň gu­tar­nyk­ly yla­la­şyl­ma­gy­na türk­men ta­ra­py iş­jeň ýar­dam ber­di. Bu res­mi­na­ma bo­ýun­ça iş­ler ýur­du­my­zyň Ha­zar deň­zi­niň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa­sy we ha­pa­lan­ma­gy­nyň mo­ni­to­rin­gi bo­ýun­ça Ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­tet­de baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de ta­mam­lan­dy.

Şu ge­zek­ki ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­ki­len hem-de däp bo­lan bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam ber­ýän iki mö­hüm yla­la­şy­gy taý­ýar­la­mak baş­lan­gy­jy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň çy­kyş eden­di­gi­ni öňün­den bel­le­mek is­le­ýä­ris.

...Bir sa­ga­da go­laý wagt­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry sam­mi­te gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Ak­tau şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de gon­dy. Ho­wa men­zi­lin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. Be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­na gül des­se­le­ri gow­şu­ryl­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ho­wa men­zi­lin­den Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne — “Dost­luk” köş­gü­ne ug­ra­dy. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowy Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew mä­hir­li gar­şy­la­dy. Iki ýur­duň Li­der­le­ri dost­lar­ça sa­lam­laş­ýar­lar, olar bu ýer­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­ýär­ler.

Ak­tau­da ge­çi­ril­ýän sam­mi­te gat­naş­mak üçin Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bu ýe­re gel­di­ler.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry “Dost­luk” köş­gü­niň mej­lis­ler za­ly­na geç­ýär­ler, bu ýer­de ýo­ka­ry de­re­je­de gi­ňel­di­len gör­nüş­de bäş­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­riň top­lu­my, oza­ly bi­len, Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si, yk­dy­sa­dy­ýet, ulag, eko­lo­gi­ýa, Ha­zar­da howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi ýa­ly mö­hüm ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň, şeý­le hem hyz­mat­daş­ly­gyň beý­le­ki mö­hüm me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.

Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti du­şu­şy­gy açyp hem-de da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri­ne ýüz­le­nip, Ak­tau sam­mi­ti­niň jem­le­ri­niň Ha­zar­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ra — Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Li­der­le­ri­ne söz be­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­we myh­man­sö­ýer­lik we ne­ti­je­li iş­le­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Mil­li Li­de­ri­miz şu gün­ki du­şu­şy­gyň bi­ziň halk­la­ry­myz we döw­let­le­ri­miz üçin mö­hüm wa­ka­dy­gy­ny bel­le­di. Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa­nyň üs­tün­de al­nyp bar­lan ýe­ňil bol­ma­dyk iş ta­mam­lan­dy. En­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dür­li ul­gam­lar­da­ky ýo­ka­ry hü­när­li, bar­ly­şyk­la­ra, hyz­mat­daş­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­ma­ga taý­ýar­lyk­ly il­çi­ler, hu­kuk­çy­lar we bi­ler­men­ler bu res­mi­na­ma­ny taý­ýar­la­ma­ga gat­naş­dy­lar. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Li­der­le­ri­niň sy­ýa­sy er­ki we ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­li­gi umu­my üs­tün­lik ga­zan­ma­gy­my­zyň aý­gyt­laý­jy şer­ti bol­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri öz ro­waç­lyk­lar­ymy­zyň ha­sa­by­na ýaz­ma­ga do­ly hak­ly bol­mak bi­len, biz öň­de giň möç­ber­li we mö­hüm işiň dur­ýan­dy­gy­na dü­şün­me­li­di­ris. Uly äh­mi­ýe­ti bo­lan aý­ry-aý­ry ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra iş­jeň he­re­ket­le­riň kes­git­li usul­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­ly­dyr.

Bu me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­niň üs­tün­de du­rup ge­çip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün gol çek­mä­ge taý­ýar­la­ny­lan res­mi­na­ma­lar­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­giň gu­ra­ly­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky düz­gü­niň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ýurt­la­ryň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­na sam­mit­den soň­ra ýa­kyn wagt­da bu düz­gü­niň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň me­se­le­le­ri­ne ga­ra­ma­gy tab­şyr­ma­gy tek­lip et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ha­zar­da bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň köp ba­bat­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de ulag me­se­le­le­ri­ne go­şu­lyş­ma­gy­nyň de­re­je­si­ne bag­ly­dy­gy­ny bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň IV Ha­zar sam­mi­tin­de döw­let­le­riň söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da hem-de ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da de­giş­li yla­la­şyk­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­dan Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baştutanlaryna min­net­dar­lyk bil­dir­di. Mil­li Li­de­ri­miz 2019-njy ýyl­da bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň äh­li­si­niň bu ugur­da ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­nyň tas­syk­na­ma­sy bol­jak­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bu fo­ru­my Türk­me­nis­tan­da ge­çir­me­gi tek­lip et­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2010-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len III Ha­zar sam­mi­tin­de Ha­zar deň­zin­de howp­suz­lyk ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Şu gün bu yla­la­şy­ga üç tes­wir­na­ma — ter­ro­riz­me, gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş hem-de Ser­het eda­ra­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­jek­di­gi buý­sanç­ly ýag­daý­dyr. Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň Ha­zar­da bi­ka­nun iş­le­re gar­şy gö­reş­de ta­gal­la­la­ry­nyň ýa­kyn­dan ut­gaş­dy­ryl­ma­gy se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar deň­zin­de ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­mak ha­kyn­da yla­la­şy­gyň bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky yna­my pug­ta­lan­dyr­jak­dy­gy­ny nyg­tap, Ha­zar­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak hem-de go­rap sak­la­mak we­zi­pe­si­niň wagt ba­ba­tyn­da çäk­len­di­ril­män­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar­da har­by iş­ler ul­ga­myn­da mun­dan beý­läk-de öza­ra yna­nyş­mak çä­re­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de ka­bul et­mek ze­rur­dyr. Ha­zar deň­zi he­mi­şe pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek hem-de ynam zo­la­gy­na öw­rül­me­li­dir, şun­da äh­li me­se­le­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk­ly, gep­le­şik­ler ar­ka­ly çöz­mek ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki wagt­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­niň Ha­zar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dy­gy­ny bel­läp, hut şu gün, 12 ýyl mun­dan ozal, Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­nyň güý­je gi­ren­di­gi­ni aýt­dy. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri bu se­nä­ni Ha­zar deň­zi­niň gü­ni hök­mün­de bel­le­ýär. V Ha­zar sam­mi­ti­niň hut 12-nji aw­gust­da ge­çi­ril­ýän­di­gi-de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu di­ňe bir sim­wo­li­ki däl-de, ser­he­tüs­ti ba­ba­tyn­da daş­ky gur­şa­wa bo­lan tä­si­re ba­ha ber­mek bo­ýun­ça Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy­na tes­wir­na­ma gol çe­kil­me­gi­ne bes­len­di, mu­nuň özi Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny go­ra­mak üçin hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek­de no­bat­da­ky mö­hüm ädim bo­lar.

Eko­lo­gi­ýa, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, bio­­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak me­se­le­le­ri öza­ra aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Türk­me­nis­tan­da şu ýy­lyň güý­zün­de Ha­zar deň­zi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­tiň mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, bu mas­la­hat­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri hö­kü­me­ta­ra eda­ra hök­mün­de bu ko­mi­te­tiň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin ze­rur çöz­güt­le­ri ka­bul eder.

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň bä­şi­si ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan döw­le­ta­ra we hö­kü­me­ta­ra eda­ra­la­ry­ň te­bi­ga­ty go­ra­mak ul­ga­myn­da ýa­kyn­dan ut­ga­şyk­ly iş alyp bar­jak­dy­gy bel­lär­lik­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy. Hu­su­san-da, mu­nuň özi suw-bio­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak, re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça To­pa­ryň hem-de Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy­nyň Mü­di­ri­ýe­ti­niň işi­ne de­giş­li­dir. Bu gu­ra­ma­la­ryň hyz­mat­daş­lyk et­me­gi Ha­zar deň­zi­niň bio­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak hem-de deň­ziň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­na tä­sir ed­ýän amat­syz şert­le­riň öňü­ni al­mak ba­ba­tyn­da örän ne­ti­je­li bo­lup bi­ler.

Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­ga­ty go­ra­mak me­se­le­le­ri­ne, hu­su­san-da, Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry bi­len ut­gaş­dyr­ma­ga top­lum­la­ýyn çe­me­leş­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­myz­da her ýyl “Ha­zar deň­zi — dur­nuk­ly ösüş we do­lan­dy­ryş” at­ly okuw­lar ge­çi­ril­ýär, ol Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň hyz­mat­da­şy bo­lan Hal­ka­ra um­man ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýar. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da Ha­zar­da al­nyp ba­ryl­ýan äh­li yk­dy­sa­dy iş­le­riň yl­ma berk esas­lan­ma­ly­dy­gy­ny, bo­lup geç­ýän te­bi­gy we ant­ro­po­gen ha­dy­sa­la­ra, mo­ni­to­ring we çak­la­mak ul­ga­my­na bi­te­wi çe­me­le­şil­me­gi­ne da­ýan­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ha­zar deň­zin­de yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mek ha­kyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şy­gy iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­da la­ýyk bo­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak hem-de ola­ry ara­dan aýyr­mak ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­gyň düz­gün­le­ri­ni iş tej­ri­be­si­ne or­naş­dyr­mak­da iler­le­mek iş­le­ri öň­de dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, IV Ha­zar sam­mi­ti­niň mag­lu­ma­tyn­da adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ra çä­re gör­me­giň gu­ra­ly­ny iş­läp taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Ha­zar deň­zi­niň gi­ňiş­li­gi­niň ag­la­ba bö­le­gi­niň umu­my suw gi­ňiş­li­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, bu ugur­da mun­dan beý­läk-de iş­le­ri ge­çir­mek ze­rur­dyr. Adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ra tä­sir et­mek hem de­ňiz­de göz­leg-ha­las ediş iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar­da göz­leg we ha­las ediş iş­le­ri ul­ga­myn­da bäş­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şy­gy iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň aý­ra­tyn mö­hüm hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Ha­zar se­bi­ti, oza­ly bi­len, tä­sin, asyr­la­ryň do­wa­myn­da bu ýer­de ýa­şap gel­ýän halk­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň, däp-des­sur­la­ry­nyň, me­de­ni­ýet­le­ri­niň, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň ke­ma­la ge­len kün­je­gi­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Ýö­ne hä­zir­ki wagt­da Ha­zar deň­zi­niň äh­mi­ýe­ti onuň geog­ra­fi­k çäk­le­rin­den has giň ge­ri­me eýe­dir. Ol geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ryň mö­hüm mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär, bu ýer­de de­ňiz, gu­ry­ýer we ho­wa ýol­la­ry­ny, gel­je­gi uly ener­ge­ti­ka ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan äh­lu­mu­my de­re­je­li kuw­wat­ly ulag-üs­ta­şyr hal­ka­sy ke­ma­la gel­ýär.

Şo­ňa gö­rä-de, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da baş mak­sat­la­ryň we we­zi­pe­le­riň umu­my­ly­gy­na hem-de üz­nük­siz­li­gi­ne göz ýe­tir­mek esa­syn­da ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi ze­rur­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­ne ýa­kyn we uzak gel­jek­de hyz­mat­daş­lyk üçin giň müm­kin­çi­lik açyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gyň top­la­ny­lan tej­ri­be­si­niň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň asyr­la­ra uza­ýan ýö­rel­ge­le­ri­niň baý­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň hem-de gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ynan­mak bi­len, bu iş­le­re taý­ýar­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün­ki sam­mi­tiň bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri hem-de bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak esa­syn­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, umu­my­ha­zar gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek, hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek — bu­la­ryň äh­li­si­niň yzy­gi­der­li, bi­te­wi we do­la­nuw­syz hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny aý­dyň gör­ke­zen­di­gi­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­na Ha­zar­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy we hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek iş­le­ri­ne goş­ýan uly şah­sy go­şant­la­ry, bi­le­lik­dä­ki işiň äh­li tap­gyr­la­ryn­da oňyn hem-de öza­ra hor­mat goý­mak duý­gu­la­ry­nyň be­ýan edi­len­di­gi üçin ýe­ne bir ge­zek aý­ra­tyn min­net­dar­lyk bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň gel­jek­ki sam­mi­ti­ni Türk­me­nis­tan­da ge­çir­me­gi tek­lip et­di.

Bäş­ta­rap­la­ýyn ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gi­ňiş­le­ýin dü­züm­dä­ki du­şu­şyk ta­mam­la­nan­dan soň, “Mas­la­hat­lar” za­lyn­da jem­leý­ji res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri Ha­zar­da dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň hu­kuk ka­da­la­ry­ny ber­kid­ýän ta­ry­hy, bin­ýat­la­ýyn res­mi­na­ma — Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çek­ýär­ler.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ha­zar deň­zin­de howp­suz­lyk ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da 2010-njy ýy­lyň 18-nji no­ýa­b­ryn­da­ky yla­la­şy­ga Hazar deň­zin­de ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da tes­wir­na­ma; Ha­zar deň­zin­de howp­suz­lyk ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da 2010-njy ýy­lyň 18-nji no­ýab­ryn­da­ky yla­la­şy­ga Ha­zar deň­zin­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky tes­wir­na­ma; Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da yla­la­şy­ga; Ulag ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da yla­la­şy­ga; Ha­zar deň­zin­de ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­mak ha­kyn­da yla­la­şy­ga; Ha­zar deň­zin­de howp­suz­lyk ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da 2010-njy ýy­lyň 18-nji no­ýab­ryn­da­ky yla­la­şy­ga Ser­het eda­ra­la­ry­nyň hyz­mat­daş­lyk we ar­ka­la­şyk­ly he­re­ket et­me­gi ha­kyn­da­ky tes­wir­na­ma gol çe­kil­ýär. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti bo­ýun­ça de­giş­li mag­lu­mat hem ka­bul edil­di.

Şeý­le­lik­de, ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki şu ge­zek­ki du­şu­şyk Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze eý­ýa­my ala­mat­lan­dyr­ýan ha­ky­ky öňe­gi­diş­li­ge bes­len­di hem-de bäş­ta­rap­la­ýyn döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na hil taý­dan tä­ze kuw­wat­ly iter­gi ber­di.

Ýo­kar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da hem-de ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da hö­kü­me­ta­ra yla­la­şy­klaryň tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­di, mu­nuň özi ýur­du­my­zyň Ha­zar­da umu­my aba­dan­çy­ly­gyň hem-de ösü­şiň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Dur­mu­şyň gör­ke­zi­şi ýa­ly, türk­men Li­de­ri­niň öňe sü­ren äh­li baş­lan­gyç­la­ry mö­hüm hem-de öz wag­tyn­da öňe sür­len tek­lip­ler bol­dy. Bu­la­ryň äh­li­si Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de tä­ze hu­kuk gi­ňiş­li­gi­niň keş­bi­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de, oňyn hyz­mat­daş­ly­gy hö­wes­len­dir­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­la­ry­dyr. Hä­zir­ki wagt­da hyz­mat­daş­lyk yzy­gi­der­li we top­lum­la­ýyn hä­si­ýe­te eýe bol­dy.

Gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry met­bu­gat üçin be­ýan­na­ma bi­len çy­kyş et­di­ler.

Sam­mi­tiň işi­niň jem­le­ri­ni aýan edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne mä­hir­li ka­bul eden­di­gi we fo­ru­my ge­çir­mek üçin dö­re­di­len oňat şert­ler üçin ýe­ne bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň jem­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, örän mö­hüm res­mi­na­ma — Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çe­ki­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň äh­li­si­niň bu Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga iş­jeň gat­na­şan­dyk­la­ry­ny bel­läp, onuň düz­gün­le­ri­niň ne­ti­je­li ula­nyl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Mu­nuň üçin Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­riň bäş­ta­rap­la­ýyn gu­ra­ly­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Şu gün Ha­zar deň­zin­de dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň bäş­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ry­nyň hem bir­nä­çe­si­ne gol çe­kil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da 2014-nji ýyl­da Ast­ra­han­da ge­çi­ri­len IV Ha­zar sam­mi­tin­de Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan öňe sür­len söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­lar bar. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow türk­men ta­ra­py­nyň tek­lip­le­ri­ni gol­dan­dyk­la­ry üçin Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baştutanlarynyň äh­li­si­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Mil­li Li­de­ri­miz şu du­şu­şy­gyň bar­şyn­da gol çe­ki­len Ha­zar­ deňzinde howp­suz­lyk ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şy­ga Hazar deňzinde ter­ror­çy­ly­ga, gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga garşy göreşmek hem-de Ser­het eda­ra­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­k we arkalaşykly hereket etmegi ha­kyn­da­ky tes­wir­na­ma­la­ryň se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar deň­zin­de ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­mak ba­ra­da­ky gol çe­ki­len Yla­la­şy­gyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, onuň döw­let­le­riiň ara­syn­da­ky yna­my we öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Ha­zar deň­zi he­mi­şe pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň zo­la­gy bol­ma­ly­dyr.

Mil­li Li­de­ri­miz köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, şu ge­zek­ki sam­mi­tiň bar­şyn­da Ha­zar­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­le­riň top­lu­my­nyň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny, şo­la­ryň iň mö­hüm­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet, ulag, eko­lo­gi­ýa, howp­suz­lyk ugur­la­ry­na de­giş­li­di­gi­ni bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl­da ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan Ha­zar Yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şeý­le fo­ru­myň Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, işe­wür­ler hem-de aka­de­mi­ki to­par­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­ň we­kil­le­ri­niň giň­den gat­naş­ma­gyn­da köp­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek üçin he­mi­şe he­re­ket ed­ýän çä­rä öw­rül­jek­di­gi­ni aý­dyp, onuň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň her bi­rin­de ge­zek­le­ýin yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ula­gyň Ha­zar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň örän mö­hüm ul­ga­my­dy­gy­ny aý­dyp, bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin Ha­zar ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny, onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­sy­nyň Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň her bi­ri­niň ke­nar­ýa­ka şä­he­rin­de ge­zek­le­ýin esas­da ýer­leş­di­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aý­dy­lan­la­ry jem­läp, ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ryň bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek­de, dür­li ugur­lar­da mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk üçin sy­ýa­sy-hu­kuk esas­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek­de, dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny, öza­ra hor­mat goý­ma­gy hem-de ýurt­la­ry­my­zyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li ara­gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm tap­gyr bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Türk­men Li­de­ri myh­man­sö­ýer­lik we du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy üçin ga­za­gys­tan­ly dost­la­ry­my­za ýe­ne bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ga­za­gys­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.

Met­bu­gat mas­la­ha­ty ta­mam­la­nan­dan soň, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň bi­le­lik­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Şol gün şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry Ha­zar deň­zi­ne ýaş bek­re ba­lyk­la­ry­ny goý­ber­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy­lar.

Bu aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li çä­re ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­ly­gy­nyň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rül­di. Onuň esa­sy mak­sa­dy Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­dan yba­rat­dyr.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, go­ja­man Ha­za­ryň aja­ýyp ekoul­ga­my­ny, dür­li gör­nüş­li haý­wa­nat we ösüm­lik dün­ýä­si­ni sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ul­gam­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öňe sür­ýän iş­jeň tek­lip­le­ri mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan we gol çe­ki­len de­giş­li res­mi­na­ma­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Ha­zar deň­zi onuň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ne aýaw­ly çe­me­leş­mek, deň­ziň bio­dür­lü­li­gi­ni sak­la­mak we art­dyr­mak ug­run­da umu­my jo­gap­kär­çi­lik çek­ýän ke­nar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň bä­şi­si­niň hem mil­li baý­ly­gy­dyr.

Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­na Ha­zar deň­zi­ne ba­gyş­la­ny­lan ýö­ri­te sah­na­laş­dy­ry­lan çy­kyş­lar gör­ke­zil­di.

Sa­pa­ryň mak­sat­na­ma­sy ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ak­tau şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­dy, ol ýer­den Wa­ta­ny­my­za ug­ra­dy.

Bi­raz wagt­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry türk­men paý­tag­ty­nyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy, bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter