Türkmenistanda pudaklaýyn halkara sergisi geçirilýär | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanda pudaklaýyn halkara sergisi geçirilýär

опубликованно 07.06.2015 // 1401 - просмотров
 

Aşgabat, 7-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly dokma önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady, bu dokma önümleriniň gözden geçirilişi ýurdumyzda her ýyl bellenilýän dokma senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, mili ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolan dokma senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy däp boýunça iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Şu günler tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk çäreleri—duşuşyklar we sergiler, dürli bäsleşikler hem-de aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guralýar. Önümçiligiň öňdebaryjylarynyň – tikinçileriň we dokmaçylaryň, el işleriniň ussatlarynyň hormatyna şu günler dokma kärhanalarynda dürli çäreler geçirilip, döwlet tarapyndan bu pudagyň işgärleriniň ýokary hünär derejesine goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu baýramçylyk dokma senagatynda gazanylan üstünlikleri giňden görkezmäge, daşary ýurtlardan köp sanly hyzmatdaşlary pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amala aşyrylýan iri göwrümli taslamalara işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam berýär. Ýurdumyzyň dokma senagaty häzirki wagtda ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagatynyň okgunly ösüşiniň mysaly bolmak bilen dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleri çykarýar.

Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň önümçilik kuwwatlylygy 70 kärhanadan, şol sanda iň täze enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen dokma toplumlarynyň 30-syndan ybaratdyr. Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň 30 müňden gowragy pagta egriji, dokma, tikin, ýüpek önümçiligi kärhanalarynda zähmet çekmek bilen daşary ýurtlarda öndürilýän şunuň ýaly önümler bilen bäsleşmäge ukyply dokma önümleriniň giň görnüşini öndürýärler.

Ýurdumyzda öndürilen dokma önümleri köpsanly sergilerde, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän pudaklaýyn gözden geçirişlerde görkezilýär we uly islegden peýdalanýan ekologiýa taýdan arassa dokma önümleri dünýä bazarlaryna iberilýär.

Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Söwda-senagat edarasynyň Aşgabatda bilelikde geçirýän halkara sergisi sebitde iň abraýly dokma önümleriniň gözden geçirilişiniň biri bolmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy dokma kompaniýalarynyň we söwda merkezleriniň ünsüni özüne çekýär.

Dünýäniň işewürler toparlarynyň bu ulgamda biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge barha uly isleg bildirýändigini şu gezekki sergä gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzümi hem şaýatlyk edýär, bu çärä däp bolan öňden gelýän hyzmatdaşlardan başga-da, ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar. Daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hatarynda kyrkysynyň dokma enjamlaryny öndürmek boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan hyzmatdaşlar, şeýle hem Gazagystandan, Litwadan, Özbegistandan, dokma senagaty pudagynyň kärhanalary, ýurdumyzda täze häzirkizaman dokma kärhanalaryny bina etmäge gatnaşýan Türkiýäniň “Kotam Enterpraýzis”, “Engin grupp”, “Norsel international” we “Gap inşaat” ýaly gurluşyk kompaniýalary bar.

Sergä gatnaşýan hormatly myhmanlaryň arasynda dünýä belli dizaýnerler-- Russiýadan Wýaçeslaw Zaýsew, Tatýana Parfenowa, Alena Ahmadullina, Türkiýeden Muammer Ketenji we Gazagystandan Kuralaý Nurkadilowa bar.

Bagşylaryň türkmen halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirmegi bilen Sergi köşgünde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Onuň zallary dürli öwüşginli mata parçalary, lentalar, bannerler bilen baýramçylyk görnüşinde bezelipdir.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda meşhur dokmaçylar we önümçiligiň öňdebaryjylary bar, olar hünär baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň işgärlerine we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda, hususan-da, ýurdumyzyň dokma senagatynyň işgärleri ýokary hilli önümleri öndürip, harytlaryň bolçulygyny döretmäge hem-de ykdysadyýetimizi ösdürmäge uly goşant goşýarlar diýip belleýär. Milli LIderimiz önümçilikde iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyň möhümdigi barada aýtmak bilen, pudaklaýyn halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýetini belläp, şu gezekki ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine nobatdaky gezek aýan etjekdigine ynam bildirdi, pudak bolsa agzybir halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde barha uly ösüşlere eýe bolýar.

... “Ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde diňe soňky üç ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýokary tehnologiýaly täze kärhanalaryň 6-synyň ulanmaga berlendigi türkmen ykdysadyýeti üçin bu pudagyň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär, täze kärhanalar öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini has-da giňeltdi.

Olaryň biri Ruhabatdaky dokma toplumydyr, bu ýerde pagta süýüminden we poliesterden gatyşyk ýüplügiň uly möçberleri we ondan matany öndürmek ýola goýuldy. Şeýle hem Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatdakysy bolan ýokary hilli nah matalardan we tüýjümek matadan dokma önümlerini öndürýän täze senagat ulgamy, şeýle hem Abadanyň pagta egriji fabriginiň täze egriji sehidir. Şu ýyl önümçiligi dolandyrmagy kämilleşdirmek we çig mal serişdelerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu kärhananyň “Aşgabatdokma” önümçilik birleşiginiň düzümine goşulmagy baradaky çözgüdiň kabul edilendigini bellemek gerek. Olar sebitde iri toplumlar bolup durýar. Bu toplumlarda bir wagtyň özünde eksporta gönükdirilen önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär, şunda olar içerki bazaryň zerurlyklaryny hem doly üpjün edýärler.

2014-nji ýylda Lebap welaýatynyň Seýdi we Türkmenabat şäherlerinde, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda iň häzirkizaman pagta egriji fabrikleriniň ulanmaga berilmegi bilen, sebitlerdäki gaýtadan işleýän dokma senagatynyň kuwwatlyklary has giňeldildi.

Mundan başga-da, Türkmenbaşy, Gypjak jinsi toplumlarynyň we Gökdepäniň dokma toplumynyň, “Çeper”, “Ahal”, “Ýeňiş” we beýleki kärhanalar toplumlaýyn täzeden enjamlaşdyryldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutmaga ukyply önümleri öndürmek boýunça 2015-2016-njy ýyllar üçin hem-de daşary ýurtlara iberilýän türkmen harytlarynyň möçberlerini köpeltmek boýunça 2016-2017-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şeýle hem bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri bilen baglylykda, Aşgabadyň nah mata kärhanasynyň binýadynda önümçilik kuwwaty ýylda 2 million 500 müň jübüt jorap öndürmäge deň bolan täze önümçiligi, Modalar öýüniň binýadynda kuwwaty ýylda 25 müň jempir öndürmäge deň bolan trikotaž sehini, Kakanyň pagta egriji fabriginiň binýadynda Türkmenistan üçin täze önüm bolan ýylda 1 müň 300 tonna işilen ýüplük öndürmäge niýetlenen, şeýle hem paýtagtymyzyň dokma toplumlarynyň biriniň binýadynda dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işläp, 5 müň tonna süýümi dikeltmäge niýetlenen sehi gurmak göz öňünde tutulýar. Soňky iki önümçilik dolulygyna eksport üçin harytlary öndürer.

Her bir dokma toplumynyň ýanynda hereket edýän synag bölümleriniň binýadynda modelleşdirmegiň we dizaýnyň mekdebi üstünlikli ösdürilýär, olarda milli çeper we bezeg däp-dessurlaryny döredijilikli ösdürmäge uly üns berilýär.

Iri möçberli sergide ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň örän köp görnüşleri görkezilýär. Pagta süýümi, nah ýüplükler we matalar, taýýar tikin we trikotaž önümleri, çagalar we ulular üçin jinsi egin-eşikleriniň köp görnüşi, ýüpek süýümi we sapaklar, pombarhat, keteni milli matasy we elde dokalan haly önümleri – ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýeten belent sepgitleriniň beýanydyr.

Serginiň guramaçylary gelip görýänleriň uly gyzyklanmasyna eýe bolan trikotaž-tikin önümçiliginiň iň gowy nusgalary görkezmäge aýratyn üns berdiler, tomus möwsüminde dynç almakda we sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen lybaslaryň täze toplumlary, şol sanda 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen lybaslaryň we beýleki dokma önümleriniň nusgalary görkezilýär.

Bulardan başga-da, giň meýdançada ýokarda agzalan dürli görnüşli dokma önümlerini we lybaslary öz içine alýan “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň gurnan bölüminde sergä gelýänler özlerine ýaran harytlary satyn alyp bilerler.

Hususy eýeçilige degişli kärhanalaryň—“Janin” toý salonynyň, “Hobbi” çeperçilik ussahanasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli harytlar bilen doldurmaga uly goşant goşýan beýleki hususy kärhanalaryň diwarlyklary giňden ýaýbaňlandyrylan sergä aýdyň milli öwüşgin çaýdy, hususy telekeçiler döwrebap lybaslary, bezeg şaý-seplerini we amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerini öndürýärler.

Gadymy däp-dessurlar boýunça taýýarlanylan we sergi merkezinde görkezilýän türkmen zenanlarynyň nepis el işleriniň ýüpek matadan, keteniden taýýarlanan nusgalary daşary ýurtly myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň bilelikdäki diwarlyklary bu gözden geçirilişe gelýänlerde uly täsir galdyrdy. Olar “Demteks Türkmenistan” we “Belent Türkmen” hyzmat merkezleriniň diwarlyklarydyr, olar ýokary tehnologiýalar esasynda kepillikli hyzmatlary hödürleýärler we dünýä dokma işewürliginde öňdäki orunlary eýeleýän “Truetzsсhler”, “Sсlafhorst”, “Their”, “Oerlikon”, “Volkmann”, “Terrot”, “Tehteсhno” (Germaniýa) “Piсanol”, “Wan de Wiele” (Belgiýa), Uster”, “Luwa” (Şweýsariýa) “Rimteh” (Hindistan), “Bejimaс” (Lýuksemburg) ýaly kompaniýalaryň, şeýle hem “Marzoli”, “Savio”, “MSG”, “Itema”, “Сanalair” italýan kompaniýalar toparynyň we beýlekileriň iň täze senagat enjamlary bilen öz wagtynda üpjün edýärler.

Şu gün bu kompaniýalaryň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen işewür duşuşyklary geçirdiler. Onda geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özboluşly sungat eseriniň görnüşine öwrülen lybaslary, tikmegiň gadymdan gelýän usullarynyň görkezilmegi – döwrebap lybaslaryň täze toplumlary sergä gelenlerde uly täsir galdyrdy, olary türkmen dizaýnerleri we daşary ýurt myhmanlar taýýarladylar.

Häzirki wagtda Aşgabadyň Modalar öýüniň we “Gülzaman” Modalar öýüniň taýýarlaýan döwrebap önümleri ýurdumyzyň daşynda hem meşhurlyga eýedir. Zenanlaryň görkezen şifondan, mahmaldan we keteniden taýýarlanan lybaslary halkara gözden geçirişlerinde hem daşary ýurtly ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Milli lybaslaryň gadymdan gelýän nusgalaryny we häzirkizaman meýillerini özünde jemleýän türkmen dizaýnerleriniň taýýarlan önümleri ýokary hili, gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Daşary ýurt dizaýnerleriniň milli ýörelgeleri dowam etdirmek we häzirkizaman meýillerini sazlaşdyrmak arkaly taýýarlan lybaslarynyň toplumlary sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi. Bir lybaslar toplumynda dürli meýilleriň, matalaryň görnüşleriniň utgaşdyrylmagy, agşamlaryna geýmek üçin niýetlenen lybaslarda Swarowskiniň gymmat bahaly daşlarynyň bezeg üçin ulanylmagy olarda gaýtalanmajak gözelligi we sazlaşygy emele getirýär.

Serginiň çäklerinde pudagyň işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan täze tehnologiýalar, ykdysady gatnaşyklary üçin giňden açykdyr we biziň ýurdumyz öz toplan tejribeleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary tanyşdyrmaga taýýardyr, muny nobatdaky Halkara sergisi hem görkezdi, onda daşary ýurtly gatnaşyjylaryň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigi öz beýanyny tapdy

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan dokma önümleriniň gözden geçirilişi bilen duşenbe güni, 8-nji iýunda hem tanşyp bolar. Onuň çäklerinde türkmen dizaýnerleriniň işläp taýýarlan lybaslarynyň täze toplumlarynyň görkezilişi dowam etdiriler, şeýle hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýüniň zehinli dokmaçylarynyň taýýarlan iň owadan lybaslarynyň “Çeper eller” atly bäsleşigi geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter