Türkmenistanyň gazhimiýa ulgamyny ösdürmäge alan ugrunyň dünýädäki abraýy artýar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň gazhimiýa ulgamyny ösdürmäge alan ugrunyň dünýädäki abraýy artýar

опубликованно 16.06.2015 // 982 - просмотров
 

Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesindäki döwrebap gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasy eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän 2014-nji ýylda Ýewropada we Ýewraziýada on taslamanyň iň gowularynyň biri hökmünde Beýik Britaniýanyň “TXF” guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Bu çözgüt şu ýylyň iýun aýynyň başynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen abraýly halkara maliýe we ätiýaçlandyryş guramalarynyň wekilleriniň, žurnalistleriň maslahatynda kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň aprel aýynda bu iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň badalga berdi. Şonda döwlet Baştutanymyz toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşanlaryň öňünde çykyş edip, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarýan gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň strategiki ähmiýetini nygtady.

Baý ýangyç serişdelerine eýe bolan Türkmenistan üçin bu ýerde ägirt uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, diňe energiýa serişdelerini öndürmek ýa-da eksport etmek bilen çäklenmeýär. Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, “mawy ýangyjy” has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmäge alnan ugur çaltlaşdyryldy.

Gyýanly şäherçesinde gurluşygy alnyp barylýan gazhimiýa toplumy ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge hem-de 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir. Taslama Ýaponiýanyň “TOYO Engineering” kompaniýasy hem-de Günorta Koreýanyň “LG Internasional Corporation” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Onuň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 432 million dollaryndan gowrakdyr.

Taslamany maliýeleşdirmäge daşary ýurt maýadarlary gatnaşýarlar.
ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan gowrak bolan, 10 ýyl möhletli degişli karz ylalaşyklaryna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Koreýanyň Eksport-import banky we Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň gatnaşýan maliýe edaralarynyň Sindikaty bilen gol çekildi.

Polietileniň we polipropileniň öndürilişi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylar. Olaryň esasy aýratynlygy çig maly dürli garyndylardan arassalamakdan ybaratdyr. Şunuň netijesinde ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa önüm alynýar. Granulirlenen polipropilene dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Ol polimer plýonkasyny, emeli süýümi, örän berk termoplastlary we degişlilikde, dürli polimer önümleri, turbalary, berk tanaplary, awtoulaglar üçin filterleri, şeýle hem dürli lybaslary we mebelleri, gaplaýjy serişdeleri, azyk önümleri üçin gaplary hem-de beýlekileri öndürmekde ulanylýar. Toplumyň beýleki bir önümi bolan polietileniň hem eksport mümkinçilikleri uludyr. Onuň esasynda dürli turbalaryň we uly isleg bildirilýän harytlaryň çykarylyşyny ýola goýmak bolar.

Ýurdumyzda ilkinji polipropilen toplumy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýaponiýaly hyzmatdaşlar – “Jeý Ji Si”, “Itoçu”, “Nişo Iwaý” we “Marubeni” ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan Ýaponiýanyň “Eksimbankynyň” maliýe taýdan gatnaşmagynda gurlupdy. Häzirki wagtda nebiti gaýtadan işlemekden alynýan granulirlenen propilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çykarýan önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu önümi öndürmek üçin suwuklandyrylan gaz çig mal bolup hyzmat edýär. Ol Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Hytaýyň, ýakyn we alysdaky beýleki ýurtlaryň sarp edijilerinde uly islegden peýdalanýar.

Gaplaýjy serişdeler senagaty bütin dünýäde polimerleri sarp etmegiň möçberi boýunça esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýyllyk kuwwaty 20 müň tonnadan gowrak önüme barabar bolan, “B-O-P-P” polipropilen plýonkasyny öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu taslama Indoneziýa Respublikasynyň “P.T.ISTANA KARANG LAUT” kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Polipropilen plýonkasy täsin häsiýetlere eýedir. Ol dürli gyzgynlyga çydamlylygy, berkligi we maýyşgaklygy bilen tapawutlanýar. Bu önümi azyk, dokma, derman senagatynda, kosmetika senagatynda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda gaplaýjy serişde hökmünde ulanmak bolýar. Mundan başga-da, “B-O-P-P” plýonkasy tehniki maksatlar üçin hem, ýagny, kondensatlar, ýelimleýji, gaplaýjy we konselýar lentalar we beýleki önümler öndürilende ulanylýar. Şeýlelikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndüriljek polipropilen plýonkasyna ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň çäklerinde bu ýerde ELDAD-HT-7 nebitini ilkinji gezek gaýtadan işleýän täze desganyň gurluşygy tamamlanyp barýar, onuň ýyllyk kuwwaty 3 million tonna uglewodorod çig malyna barabardyr. Niderlandlar Patyşalygynyň “Alliance Engineering and Construction B.V.” kompaniýasy hyzmatdaş bolup çykyş edýär.

Iri taslama Koreýa Respublikasynyň “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co.,Ltd” kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil benzinlerini öndürmek üçin niýetlenen desgalar gurulýar. Bu ýerde ýylda 2,3 million tonna çenli benzin öndüriler.

Şunuň netijesinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebitiň gaýtadan işlenýän möçberi ýylda 10,5 million tonna çenli artar, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberi bolsa 95 göterime barabar bolar, munuň özi iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co.,Ltd” kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda şertnama gol çekildi. Oňa laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze döwrebap desgalar – dizel ýangyjyny hem-de benzinleri arassalaýan, pes tizlikde kokslaýan we katalitiki kreking desgalary gurlar.

Ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatyny ösdürmek baradaky gürrüňi dowam edip, geçen ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň başlanandygyny bellemelidiris. Taslamany durmuşa geçirmäge Ýaponiýanyň “Kawasaki” kompanýiasy we Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasy gatnaşýarlar. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün ediljek bu kärhanada her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işlener hem-de Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna baradardyr. Bu taslama ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Zawody 2018-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Himiýa senagaty hem tebigy gazy gaýtadan işlemegiň geljegi uly ulgamlarynyň biridir. 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Bahasy ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gowrak bolan bu döwrebap kärhana “Renaissance” türk kompaniýasy tarapyndan guruldy. Ýaponiýanyň “Kawasaki Plant Systems Ltd” we “Sojitz Corporation” kompaniýalary onuň taslamasyny düzdüler, enjamlary getirdiler hem-de tehniki maslahat beriş çärelerini amala aşyrdylar. Toplumyň kuwwaty ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenendir.

“Tükmenhimiýa” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama boýunça, Ýaponiýanyň “Misubishi Corporation” kompaniýasynyň we Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýsaynyň konsorsiumy Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna girişdi. Kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna önüme barabardyr.

Umuman, bularyň ählisi dünýäniň iri işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologiki hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Munuň özi ygtybarly, durnukly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ýurdumyza uly ynam bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly maýadarlaryň işini hukuk taýdan goramak, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine uly üns berýär. Ýurdumyz degişli düzümi yzygiderli ösdürýär we maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplaryny nazara almak bilen kanunçylyk binýadyny kämilleşdirýär.

Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ylmyň iň soňky gazananlaryny we “nou-haulary” ornaşdyrmak nebit we gazhimiýa senagatynyň ösüşiniň esasy bolup durýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamy özüniň kuwwatyny barha artdyrýar, giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary hem-de halkara taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde oňa möhüm orun berilýär. Tutuş ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak işi barha giň gerime eýe bolýar. Şunuň hasabyna bu möhüm ulgam içerki islegleri doly üpjün etmäge, şeýle hem uly islegden peýdalanýan önümleriň halkara bazarlaryna eksportunyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän kuwwatlyklaryň köp esse artdyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter