Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň gazananlarynyň sergisi tamamlandy | TDH
Ykdysadyýet

Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň gazananlarynyň sergisi tamamlandy

опубликованно 19.06.2015 // 942 - просмотров
 

Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi tamamlandy. 140 töweregi kompaniýanyň we telekeçiler düzümleriniň gatnaşan wekilçilikli ykdysady gözden geçirilişi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridyen” türk kompaniýasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanda geçirilýän sergi çärelerinde Türkiýe Respublikasyndan bolan ýyl-ýyldan artýan eksponentler türk hyzmatdaşlarynyň artýan gyzyklanmasyna, olaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga bolan meýline şaýatlyk edýär.

Sergi gurluşyk senagaty we bezeg materiallary ulgamynda işleýän öňdebaryjy türk kompaniýalaryny ýygnady. Uly göwrümli ekspozisiýa iki dostlukly ýurduň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany boldy.

Sergä gatnaşyjylaryň arasynda gurluşyk materiallaryny, elektrik geçirijilerini, transformatorlary, elektrik geçirijiler üçin enjamlary, gurluşyk himiýasynyň önümlerini we beýlekileri köp sanly öndürijiler bar. Sergide daşky bezeg, örtük materiallary üçin, şeýle hem plastik we kauçukdan bolan önümleriň uly görnüşleri görkezildi.

Sergide metal gurnama, üçek, bezeg we örtük önümleri, santehniki enjamlar, elektrik geçiriji we yşyklandyryjy toplumlar, galyplyk, şol sanda ýerasty geçelgeleriň gurnamalaryny guýmak üçin galyplyk ulgamlary, ýylylyk saklaýjy aýratyn häsiýeti bolan gelşikli penjireler we gapylar hem-de beýlekiler görkezildi. Ýöriteleşdirilen enjamlar aýratyn orun tutdy.

Serginiň üç iş gününiň barşynda doganlyk ýurduň işewürler toparynyň wekilleri ösüşlere beslenen özgertmeler netijesinde türkmen ykdysadyýetiniň depginli ösýändigini hem-de bilelikde işlemek üçin örän giň mümkinçilikleri döredýändigini bellediler. Gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmakda, gurluşykda häzirki zaman ylmy-tehniki we amaly işläp taýýarlamalary hem-de netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip geçildi.

Forum türkmen we türk senagatçylarynyň we telekeçileriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähmiýetli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi. Olar tejribäni we üstünlikleri giňden alyşmagy dowam etmek ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Serginiň işi tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda myhmansöýerlik üçin hem-de gadymy dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşykly iki ýurduň we halkyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýolunda täze ädime öwrülen serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter