Agrosenagat toplumynyň netijeliligi azyk howpsuzlygynyň binýadydyr | TDH
Ykdysadyýet

Agrosenagat toplumynyň netijeliligi azyk howpsuzlygynyň binýadydyr

опубликованно 02.08.2018 // 713 - просмотров
 

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny
artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu pudagyň ýokary depginde ösdürilmegine, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy.

Uzakmöhletli geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde iri maýa goýumlary agrosenagat toplumynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, tehniki we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga gönükdirilýär.

Obada täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala gelmegine, ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, agrar ylmynyň, seçgiçiligiň we tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, önümçilige innowasion tehnologiýanyň, öňdebaryjy bazar usullarynyň ornaşdyrylmagyna, agrosenagat toplumyna telekeçileriň giňden çekilmegine, ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, sebitlerde häzirki zaman durmuş düzümlerini döretmegiň hasabyna oba ilatynyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Agrosenagat önümçiliginiň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply bolmagy üçin hukuk, ykdysady, guramaçylyk şertlerini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýetişdirýän gallasy bilen özüni doly üpjün edýändigi bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mesele bilen baglanyşykly belleýşi ýaly, şu ýylyň galla oragy möwsüminde ýygnalan bugdaý hasyly ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi. Artykmaç dänäni daşary ýurtlara eksporta ugradyp bolar.

Däneçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli meseleler hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Gün tertibinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, sebitleriň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýyna garalyp, göni aragatnaşykda geçirilen nobatdaky wideoşekilli maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz öňde duran güýzlik bugdaý ekişine uly üns berdi. Hormatly Prezidentimiz ýerlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegine jogapkärçiligi ýokarlandyrmagy, ekiş möwsüminiň zerur tehniki serişdeler bilen doly derejede üpjün edilmegini, göz öňünde tutulan ähli oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini welaýatlaryň häkimlerinden talap etdi.

Ak ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli iş alyp barmak, tarp ýerleri işjeň özleşdirmek, ekerançylyk ýerleriniň meliorasiýa we suw üpjünçiligi meselelerini çözmek ýurdumyzda gallaçylygy üstünlikli ösdürmegiň özenidir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow agrosenagat toplumynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin döwrebap traktorlary, kombaýnlary, ekijileri, iş häsiýetleri gowulandyrylan iň täze kysymly beýleki tehnikalary we enjamlary satyn almak bilen bagly maliýe serişdelerini bölüp berýär.

2018-nji ýylyň galla oragy möwsüminde ýurdumyzyň ekin meýdanlaryna Oba we suw hojalyk ministrliginiň “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa) hem-de “Umaх Trade GmbH” (Germaniýa) kompaniýalary bilen baglaşan şertnamalaryna laýyklykda getirilen“John Deere W540” we “TUСANO 430” (“СLAAS”) däne orujy kombaýnlaryň onlarçasy çykaryldy. Şol şertnamalarda 2017 — 2020-nji ýyllarda üç tapgyrda oba hojalyk tehnikalaryny, agregatlaryny, läbik sorujylaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak göz öňünde tutulýar.

Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, kepillendirilen bahalar, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmatyň, tohumyň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramak serişdeleriniň ýeňillikli şertlerde berilmegi ýaly oba hojalyk önüm öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan höweslendirmek çäreleriniň hemmesi oňat miwesini berýär, gallaçylaryň zähmetiň ahyrky netijesine höweslenmegine ýardam edýär.

Her bir kärendeçi üçin bereketli hasyl onuň bolelin ýaşamagynyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygynyň synagydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Obada öz işini ezber ele alan, toprakdan bol hasyl almagy başarýan ussat daýhanlaryň sany barha artýar.

Köp sanly arheologik barlaglaryň tassyklamagyna görä, gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň birini esaslandyran, müňýyllyklaryň dowamynda bereketli topragy özleşdirip gelen türkmen halky köpasyrlyk tejribesiniň esasynda guşgursak bugdaýyň bol hasylyny almak üçin ýere näçe zähmet siňdirilmelidigini gowy bilýär. Mundan başga-da, halkymyz hemişe çöregi ruhy gymmatlyk saýyp gelýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygy eşretli durmuşyň nyşany hasaplanylýar.

Bugdaýyň bereketli bol hasyly Watanymyzyň çäjini beýgeldip, topragymyzyň jomartlygyny, saçaklarymyzyň bolçulygyny, halkymyzyň abadançylygyny we ýurdumyzyň gülläp ösüşini alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri ýetişdiren azyklyk bugdaýynyň artygyny eksporta ugratmak mümkinçiligine eýedir. Munuň özi yzygiderli döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan uly ähmiýetli işdir.

Bu ulgamda gazanylan üstünlikler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem ykrar edildi. Ýurdumyz azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite sylagyna mynasyp boldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek hem-de eksport ugurly önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ilatyň giň görnüşli we ýokary hilli önümlere bolan islegini kanagatlandyrmakda möhüm ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň her bir welaýatynda iri önümçilik, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulýar. Şolarda ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmekden, ýaş mallary iýmlemekden başlap, et we süýt önümleri — peýnir, şöhlat, süýt, gatyk, gaýmak, ýogurt, mesge we beýleki önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

Ýyladyşhana hojalyklarynda ýetişdirilýän pomidor, hyýar, burç, badamjan, kömelek we beýleki gök önümler bilen şäherleriň we obalaryň ilaty ýylyň dowamynda üpjün edilýär. Gaplanan miwe gök önümlerini, tebigy şireleri, içgileri, dürli görnüşli unaş, çörek we süýji önümlerini öndürmek ýola goýuldy.

Döwlet tarapyndan maksatlaýyn goldanylmagy netijesinde, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleri hem oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.

Şu ýyl Mary etrabynda ýerli telekeçiler tarapyndan gurlan guşçulyk toplumy ulanmaga berildi. Bu ýerde ýylda 5 million sany ýumurtga hem-de 500 tonna guş eti öndüriler. Kärhananyň çäginde bäş bölüm ýerleşýär, şolarda birwagtda 132 müň guş saklanylýar.

Toplumyň ähli bölümleri awtomatlaşdyryldy, ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda oňaýly howa ýagdaýyny saklamak, howany hem-de suwy arassalamak üçin niýetlenen we beýleki enjamlar ornaşdyryldy. Toplumyň önümleri içerki bazarda ýerleniler, şeýle hem “Kekeç” haryt belgisi bilen daşary ýurtlara iberiler.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilen anyk ädimleriň netijesinde, ekerançylyk bilen birlikde, maldarçylygyň ösüşine hem kuwwatly itergi berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gara mallaryň we dowarlaryň baş sanyny artdyrmagy, et hem-de süýt önümleriniň dürli görnüşleriniň mukdarynyň artdyrylmagyny bu pudagyň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.

Şu ýylyň maý aýynda — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan Mary welaýatynyň Murgap etrabynda işe girizilen, önümçilik kuwwaty 100 tonna süýde we 100 tonna ete barabar bolan döwrebap maldarçylyk toplumy hem bu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Toplumda gara mallaryň 750-si, şol sanda köp süýt berýän sygyrlaryň 150-si saklanylýar.

Topluma zerur ot-iým binýadyny döretmek üçin ekerançylyk meýdanynyň 250 gektary berkidildi, şol ýerde ýorunja, arpa, mekgejöwen we beýleki ekinler ýetişdirilýär. Geljekde telekeçiler süýt we et üçin niýetlenen sygyrlaryň baş sanyny iki esse artdyrmagy hem-de önümleri gaýtadan işleýän kärhanany açmagy göz öňünde tutýarlar.

Täze desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky maldarçylyk toplumy hem bar. Bu toplum hem telekeçiler tarapyndan guruldy. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhana ýylda 3 müň tonna süýt hem-de 100 tonna et öndürmäge niýetlenendir. Bu desga üçin “Seleňli” geňeşliginiň çäginde 600 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýer maldarçylyk fermasy hem-de ot-iým ekinlerini ýetişdirmek üçin niýetlenendir.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir obasynda gaplanan gök we miwe önümlerini – içgileri, mürepbeleri, miwe suwlaryny, duzlanan önümleri we beýlekileri öndürmek üçin täze zawod açyldy. Kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million şertli gaba barabardyr.

Gündogar sebitde gara mallaryň 600-sini saklamaga hem-de ýylda 80 tonna et we 600 tonna süýt öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu toplum Saýat etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginde gurulýar. Darganata şäherçesinde ýerli telekeçiler döwrebap süýt zawodyny hem-de alkogolsyz içgileri çykarýan kärhanany gurýarlar.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda oba hojalyk önümlerini taýýarlamak, saklamak, ugratmak we lomaý ýerlemek üçin degişli düzümler döredilýär, bagçylyk, üzümdarçylyk, bakjaçylyk, balçylyk hem-de oba hojalyk işewürliginiň beýleki görnüşleri işjeň ösdürilýär.

Daýhanlaryň şahsy hojalyklarynda öndürilýän azyk önümleriniň möçberiniň hem yzygiderli artdyrylýandygyny bellemelidiris. Welaýatlaryň ählisinde täze nusgada gurlan obalar bu babatda aýdyň görkezijidir. Bu ýerde, her bir jaýyň öňünde 0,12 — 0,16 ga mellek ýeri bar. Onda bag ekmek ýa-da bakja ekinlerini ekmek, mallary ýa-da guşlary saklamak üçin zerur hojalyk desgalaryny gurmak bolýar.

Mahlasy, oba ýaşaýjylarynyň öz zerurlyklary hem-de bazarlarda ýerlemek üçin gök we miwe önümlerini ýetişdirmäge, et hem-de süýt önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bar.

Ekin meýdanlarynyň rejeli ulanylmagyny guramak, oba hojalyk maksatly ulanylmaýan ýerleri dolanyşyga girizmek azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtamalydyrys. Şunuň bilen baglylykda, parlament tarapyndan kabul edilen “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” hem-de “Döwlet ýer kadastry hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda “Türkmenistanyň Suw kodeksi” herekete girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň suw serişdelerini rejeli ulanmak we aýawly saklamak, oba hojalyk önümçiligini okgunly ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde suwarylýan ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipelerini üstünlikli çözmek boýunça nobatdaky ädim boldy.

Türkmen parlamentarileri 2017-nji ýylyň martynda “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek bilen, oba hojalygynda amala aşyrylýan, bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny kemala getirmäge, azyk howpsuzlygyny hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelere ünsi çekdiler.

Bu resminamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, däneçiligiň yzygiderli ösdürilmeginiň, bugdaýyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agrar syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygy nygtaldy. Bu ulgamda eýýäm uly üstünlikler gazanyldy. Daýhanlar ýylsaýyn ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ýetişdirilýän azyklyk gallanyň artan bölegini daşary ýurtlara ibermäge mümkinçiligi bar.

Şunuň bilen baglylykda, bu Kanun aýratyn ähmiýete eýedir. Ol Türkmenistanda dänelik önümleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýerlemek, daşamak we peýdalanmak boýunça işiň hukuk esasyny belleýär.

Mundan başga-da, milli kanunçylygyň üsti “Medeni ösümlikleriň genetik serişdelerini ýygnamak, saklamak we netijeli peýdalanmak hakynda” hem-de “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bilen ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan “Ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşynda hem oba hojalyk ulgamynda we azyk önümlerini öndürmekde hil taýdan täze sepgitlere ýetiler. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we rowaçlanmagyna, ilatymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter