Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady

опубликованно 24.07.2018 // 1145 - просмотров
 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy.

Söh­bet­deş­ler mä­hir­li sa­lam­la­şyp, iki ýur­duň däp bo­lan dost­luk, do­gan­lyk hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz­bek kär­de­şi­ni dog­lan gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we oňa berk jan sag­lyk, ro­waç­lyk hem-de do­gan­lyk öz­bek hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne öňe sür­ýän äh­li baş­lan­gyç­la­ryn­da we işin­de tä­ze uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň öň­den­gö­rü­ji­lik­li ýol­baş­çy­ly­gyn­da Öz­be­gis­tan dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ryn­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­re eýe bol­dy. Ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­sin­dä­ki ne­ti­je­li işi, uly sy­ýa­sy tej­ri­be­si we hü­när us­sat­ly­gy öz­bek Li­de­ri­niň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­ň uly hor­ma­ty­na we ab­ra­ýy­na eýe bol­ma­gy­na ge­tir­di di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew gut­lag­lar we hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň do­gan­lyk Türk­me­nis­tan bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra uly sar­pa goý­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Soň­ky ýyl­lar­da şol gat­na­şyk­lar ta­rap­la­ryň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­na da­ýa­nyp, tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­dy.

Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da goň­şy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ne hor­mat goý­mak we öza­ra gol­daw ber­mek ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ral­ýan türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny anyk­laş­dyr­dy­lar. Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly kuw­wa­ty­ny na­za­ra al­mak bi­len, ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­rip, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aýt­dy­lar. Ýo­ka­ry de­re­je­de du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ryň, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kan­dy­gy bel­le­nil­di.

Ta­rap­lar öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bit we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça hem pi­kir alyş­dy­lar. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we ösü­şi üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.

Te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz­bek kär­de­şi­ni dog­lan gü­ni bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, oňa iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Li­der­le­ri ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň iki do­gan­lyk ýur­duň we halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na we üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter