Şeýle hem okaň
06.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
05.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
04.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi
03.12.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmek, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek maksady bilen Permana gol çekip:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmegi;
2. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň üstüne ýüklemegi;
3. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemegi karar etdi.
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün