Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 23.07.2018 // 1061 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň zähmet rugsadynda bolmagy sebäpli, şu günden başlap, onuň wezipe borçlaryny hem wagtlaýyn ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda işleriň ýagdaýyny, şol sanda şäherde nusga alarlyk arassaçylygyň we tertibiň üpjün edilmegini, täze desgalaryň gurluşygyny, aýratyn-da, şanly senäniň — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda ulanmaga beriljek täze desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz eziz Diýarymyzyň baş baýramyna örän ykjam taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň we düzgünleriniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň möhümdigi barada aýdyp, paýtagtymyzyň ýyladyş ulgamyny gyş möwsümine taýýarlamak, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň üçeklerini abatlamak boýunça işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyna ünsi çekip, onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz biziň halklarymyzy gadymdan gelýän doganlyk hem-de özara hormat goýmak däpleri, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz türkmen we owgan gatnaşyklary barada aýdyp, ýurtlarymyzyň arasynda söwda we ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym, ynsanperwer ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Hususan-da, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky elektrik energetikasy boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem möhüm orny eýeleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň bir bölegi Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde iberilýär. Goşmaça elektrik beketleriniň we desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, goňşy döwlete iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi has-da artdyrylar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýulynda Owganystanyň Prezidenti Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda “Rabatkaşan — Kalaýnau” elektrik geçirijisiniň we elektrik bekediniň gurlup, ulanmaga berilmegi mynasybetli açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýtdy. Bu möhüm taslamanyň işe girizilmegi doganlyk Owganystanyň Bathyz welaýatynyň we ýanaşyk sebitleriniň ykdysady taýdan ösmegine, hususan-da, täze ýaşaýyş-durmuş maksatly we önümçilik desgalaryny gurmaga hem-de täze iş ýerlerini döretmäge uly itergi berer. Netijede, bu işleriň ählisi doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna hyzmat edip, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz şeýle ägirt uly möçberli hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletli doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, bu möhüm desganyň açylyş dabarasyna energetika ministri Ç.Pürçekowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny makul bilýändigini aýdyp, wise-premýere degişli görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän möçberlerini has-da artdyrmak boýunça bar bolan mümkinçilikler barada habar berip, goňşy ýurduň serhetýaka sebitlerinde ýene-de üç ugur boýunça elektroenergetika desgalaryny gurmak baradaky teklip bilen milli Liderimize ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibiň maksada laýykdygyny belläp, Türkmenistanyň geljekde hem doganlyk döwleti durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, şol sanda elektroenergetika ulgamynda özara gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoşekilli aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda, şol sanda obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, jogapkärli oba hojalyk möwsümine — pagta ýygymyna taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler hem-de welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berdi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine ünsi çekip, bugdaýyň ýetişdirilen hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, şeýle hem pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň täze gurulýan desgalarynda, hususan-da, Kaka we Babadaýhan etraplarynda bina edilýän dokma toplumlarynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, ähli gurulýan desgalarda işleriň hiline hem-de olaryň bellenilen möhletde ulanmaga berilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz tomsuň yssy howasynyň dowam etmegi bilen baglylykda, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy talap etmek bilen, gyş möwsümine irgözinden taýýarlyk görmek, şol sanda mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlaryny degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak barada tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz häkime ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň hormatyna geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde, sebitde zerur saglygy goraýyş edaralaryny gurmak hakynda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow günbatar sebitde alnyp barylýan işler, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Işleriň ýagdaýy barada habar bermek bilen, häkim döwlet Baştutanymyza «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen hepdäniň ahyrynda açylan ajaýyp täze desgalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şolaryň hatarynda innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, saglygy dikeltmek we berkitmek boýunça döwrebap hyzmatlary hödürleýän ajaýyp şypahana, dynç alyş merkezli akwapark bolup, olar milli Liderimiziň ähli türkmenistanlylara, ozaly bilen, çagalara ajaýyp sowgady boldy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini öndürýän täze kärhananyň ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny netijeli ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak üçin welaýatda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny ýokary derejede guramaçylykly garşylamak, möhüm çäreleri, şol sanda milli senenamamyzdaky şanly senelere bagyşlanyp geçiriljek çäreler, gurluşyk işleriniň barşy, ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak, durmuş maksatly desgalarda abatlaýyş işlerini geçirmek, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly meselelere hemişe üns bermek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatda ýaýbaňlandyrylan işlere berk gözegçilik etmegiň, öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan we bagtly durmuşy hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp hem-de welaýatyň güýçli depginde senagatlaşdyrylýandygyny göz öňünde tutup, häkime Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahanany gurmagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu meseläni öwrenmegi hem-de bu barada degişli teklipleri bermegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, galla oragyny üstünlikli tamamlamak, gowaçanyň hasyl toplaýan döwründe oňa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek — dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini ýokary derejede guramak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şonuň bilen bir hatarda, häkim welaýatda dürli maksatly täze desgalaryň, şol sanda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap, Watan ammaryna tabşyrmak hem-de pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi hem-de möwsümiň zerur tehnikalar we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilmegi bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurulmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp ulanmaga beriljek täze desgalara ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününiň hormatyna dabaralary guramaçylykly geçirmek boýunça häkime degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini tabşyryp, durmuş maksatly desgalaryň bökdençsiz ýylylyk üpjünçiligine aýratyn üns bermek hem-de ýangyna garşy bildirilýän talaplary berjaý etmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk boýunça geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim hormatly Prezidentimize Türkmenabatda gurlan hem-de ulanmaga berlen täze desgalar — Merkezi Aziýada iri köpugurly hassahana we ýokanç keseller merkezi hem-de ýaşaýyş jaý toplumy üçin welaýatyň ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Olar milli Liderimiziň türkmen halkynyň abadançylygy we durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakynda yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Häkim iş maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabat berip, sebiti durmuş-ykdysady taýdan has-da okgunly ösdürmek üçin görülýän çäreler, oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belläp, onuň düşewüntliligini artdyrmak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, şeýle hem gymmatly ekiniň bereketli hasylyny meýdanlardan bellenilen möhletde ýygnap almak üçin pagta ýygymy möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenabatda gurlup ulanmaga berlen köpugurly lukmançylyk merkezi barada aýdylanda, onuň mümkinçilikleri bu ýerde diňe öz ýurdumyzdan däl-de, eýsem, daşary ýurtlardan, şol sanda Türkmenistanyň yzygiderli doganlyk kömegini berýän goňşy Owganystandan adamlary kabul etmäge-de ýardam eder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan ähli işleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, welaýatda ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri mydama berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hormatly Prezidentimize Mary şäherinde gurlan hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda dabaraly ýagdaýda açylan döwrebap çagalar hassahanasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, beýleki täze gurlan desgalar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň bu täze desgasy milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň nyşany bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar onuň esasyny düzýär.

Häkim sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, gündelik oba hojalyk işleriniň barşy, olaryň depginini güýçlendirmek, şeýle hem pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler, Oba milli maksatnamasynda bellenilen desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda möwsümleýin işleri ýokary hilli geçirmek, welaýatda pagta ýygymyna taýýarlyk görmegiň degişli derejesini üpjün etmek meseleleri barada durup geçmek bilen, oba hojalygynyň ähli düzümlerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu welaýatda hem ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň berjaý edilişini, gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmegiň hem-de durmuş maksatly desgalaryň degişli abatlaýyş işleri bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmek, hususan-da, mukaddes baýramyň hormatyna ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygyny öz möhletinde ýokary hilli tamamlamak bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow awgust aýynda meýilleşdirilen halkara çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýüzlendi. Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda döwlet edaralarynyň dolandyryş gurluşyny kämilleşdirmek, olaryň işindäki biri-birini gaýtalaýan düzümleri aýyrmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanda demokratiýany we adam hukuklaryny giňeltmek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýaňy-ýakynda ýene-de bir edarany — adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili, ýagny adalatçyny döretdik diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty bilen Döwlet we hukuk institutyny goşup, bir instituty, ýagny Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmek barada karar kabul edildi. Milli Liderimiz täze döredilen institutyň direktory wezipesine Ý.Nuryýewi bellemek hakynda karara gelendigini aýdyp, degişli Permana we Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna şu gün maslahat geçirip, täze döredilen institutyň ähli guramaçylyk meselelerine seretmegi hem-de täze direktor bilen institutyň işgärlerini tanyşdyrmagy, şeýle hem bu institutyň direktorynyň orunbasary wezipesine mynasyp adamy bellemek baradaky teklibi taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jogapkärli oba hojalyk möwsümlerini ýokary hilli geçirmek, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi hem-de maslahata gatnaşyjylara ata Watanymyzy ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter