Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­raý­şy­nyň in­no­wa­si­ýa ýo­lu­dyr | TDH
Jemgyýet

Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­raý­şy­nyň in­no­wa­si­ýa ýo­lu­dyr

опубликованно 19.07.2018 // 1074 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­ler, ýag­ny ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, öm­rüň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri tä­ze öň­de­ba­ry­jy sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­ny gur­mak, der­man se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek, şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny dö­ret­mek, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek ar­ka­ly ne­ti­je­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­dy.

Mak­sat­na­ma sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga we mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ke­ma­la gel­me­gi­niň esa­sy bo­lup dur­ýar. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ama­la aşy­ry­lyp, sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar.

Dün­ýä­niň luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry nä­çe uly bol­sa-da, ada­myň sag­ly­gy­ny go­wu­lan­dyr­mak ýa­ly jo­gap­kär­li iş­de tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nyl­ma­gy de­giş­li hü­när­men­le­riň ýo­ka­ry hü­när de­re­je­si­ni ta­lap ed­ýär. Hut iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, ýur­du­myz­da edil­ýän döw­re­bap luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­la­ra aý­ra­tyn üns ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de da­şa­ry ýurt­lar bi­len dost­luk-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry bar­ha ber­ke­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça bu hyz­mat­daş­lyk Ger­ma­ni­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Awst­ri­ýa, ABŞ, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Rus­si­ýa, Be­la­rus, Tür­ki­ýe we beý­le­ki döw­let­ler bi­len ýo­la goý­lup, bar­ha gi­ňel­dil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýurt­la­ra bo­lan döw­let, res­mi we iş sa­par­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýan me­se­le­le­riň ara­syn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk hem il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar we hyz­mat­daş­ly­gyň has-da gi­ňe­me­gi­ne iter­gi ber­ýär.

2015-nji ýyl­da “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň tä­ze sep­git­le­ri kes­git­le­nil­di, hu­su­san-da, dün­ýä luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri mil­li luk­man­çy­ly­gy­my­za or­naş­dyr­mak, dün­ýä­niň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we da­şa­ry ýurt­la­ryň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry, şol san­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my bi­len gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk hem pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly üns be­ril­di. Şun­da mil­li Li­de­ri­miz hö­dür­len­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li hem-de ra­ýat­la­ry­myz üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny üp­jün et­me­gi bu giň möç­ber­li işiň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de öňe sür­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ugur­la­ry bo­ýun­ça Ger­ma­ni­ýa bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň berk düý­bi tu­tul­dy we hä­zir­ki dö­wür­de öz ne­ti­je­li mi­we­le­ri­ni ber­ýär. Hü­när­men­le­riň iki­ta­rap­la­ýyn tej­ri­be alyş­ma­gy ne­ti­je­sin­de tä­ze anyk­la­ýyş, be­je­riş we az şi­kes­li en­dos­ko­pi­ki hi­rur­gi­ki be­je­riş usul­la­ry luk­man­çy­lyk ama­ly­na or­naş­dy­ryl­dy. GFR-iň tej­ri­be­li hü­när­men­ler gul­lu­gy­nyň bi­ler­men­le­ri­niň hem-de Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy kli­ni­ka­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri­niň, pro­fes­sor­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da yl­my-ama­ly mas­la­hat­lar we okuw sa­pak­la­ry ge­çi­ril­ýär. Hü­när kä­mil­leş­dir­mek iş­le­ri bar­ha gi­ňe­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň “Dra­ger”, “Fre­se­nius”, “Sie­mens” ne­mes kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de döw­le­ti­miz­de tä­ze gu­rul­ýan we dur­ky tä­ze­len­ýän be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ry Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar. Şol san­da böw­rek ýet­mez­çi­li­gi bo­lan nä­sag­lar üçin döw­re­bap en­jam­lar, «Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek» gul­lu­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­ýän en­jam­lar we äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan aw­tou­lag­lar üns mer­ke­zin­de dur­ýar.

Luk­man­çy­lyk­da has der­wa­ýys me­se­le­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga, ola­ryň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren iki­ta­rap­la­ýyn fo­rum­lar mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gi esa­syn­da türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Ne­ti­je­de, sag­ly­gy go­ra­ý­şyň glo­bal me­se­le­le­ri öw­re­ni­lip, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan çöz­güt­le­riň iş­le­nil­me­gi ýo­la go­ýul­dy. Fo­rum­la­ryň yzy­gi­der­li iki döw­let­de ge­zek­le­ýin ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rül­di.

I türk­men-ger­man fo­ru­my 2011-nji ýy­lyň 21 — 22-nji noýabrynda GFR-iň Mýun­hen şä­he­ri­niň Gross­ha­dern­dä­ki Mak­si­mi­lian-Lýud­wig adyn­da­ky uni­wer­si­te­ti­niň kli­ni­ka­syn­da ge­çi­ril­di. Şon­da sag­ly­gy go­ra­ýyş­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Iki ýur­duň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça anyk ugur­la­ry kes­git­le­ýän Äht­na­ma gol çe­kil­di.

II türk­men-ger­man fo­ru­my 2012-nji ýy­lyň 27-nji aprelinde Türk­me­nis­tan­da geç­di. Mas­la­hat­da iki ýur­duň sag­ly­gy go­ra­ýyş bir­le­şik­le­ri­niň ara­syn­da hü­när gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek bo­ýun­ça bel­le­ni­len çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iter­gi ber­di.

III türk­men-ger­man fo­ru­my 2013-nji ýy­lyň 22-nji few­ra­lyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Ber­lin şä­he­rin­dä­ki Ro­bert Koh adyn­da­ky ins­ti­tut­da ge­çi­ril­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn ne­ti­je­li türk­men-ger­man gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de türk­men luk­man­la­ry­nyň hü­när kä­mil­leş­di­riş me­se­le­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Türk­me­nis­ta­nyň luk­man­çy­lyk yl­my­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sat­ly tä­ze sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry gur­mak ba­ba­tyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň önüm ön­dü­ri­ji işe­wür­le­ri bi­len mas­la­hat­lar ge­çi­ril­di.

IV türk­men-ger­man fo­ru­my 2014-nji ýy­lyň 30-njy sent­ýab­ry — 1-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. On­da Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy kli­ni­ka­la­ryn­da geç­ýän hü­när kä­mil­leş­di­riş okuw­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ne ba­ha be­ril­di, dün­ýä­de şu gün­ki gün der­wa­ýys me­se­le bo­lan an­ti­bak­te­rial der­man se­riş­de­le­re dur­nuk­ly­ly­gyň me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di. Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň öňün­de du­ran esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri bo­lan luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hil ke­pi­li ba­ra­da te­ge­lek sto­luň ba­şyn­da ger­ma­ni­ýa­ly alym­lar bi­len mas­la­hat­lar ge­çi­ril­di. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­na bil­dir­ýän esa­sy ta­la­by bo­lup dur­ýar.

No­bat­da­ky, V türk­men-ger­man fo­ru­my 2015-nji ýy­lyň 5 — 6-njy no­ýab­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Mur­nau şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Onuň işi­niň bar­şyn­da has­sa­ha­na iç­ki ýo­kanç­la­ryň ýaý­ra­mak­ly­gy­nyň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek, ça­ga on­ko­lo­gi­ýa­syn­da leý­ke­mi­ýa­nyň me­se­le­le­ri, süý­jü­li dia­bet ke­se­lin­de be­ril­ýän kö­me­giň hi­li, ýa­nyk şi­kes­le­ri be­jer­me­giň me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Şeý­le hem mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan­da tä­ze sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­ny, has­sa­ha­na­la­ry gur­mak me­ýil­na­ma­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ne­mes we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan Ger­ma­ni­ýa­nyň Mur­nau şä­he­rin­de Traw­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň işi­niň my­sa­lyn­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz be­ril­ýän kö­me­gi, traw­ma­to­lo­gi­ýa­da we ýan­gyn­dan ejir çe­ken nä­sag­la­ra kö­mek ber­mek me­se­le­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. 20 ýy­lyň do­wa­myn­da ar­ka­la­şyk­ly hyz­mat­daş­lyk­da kar­dio­lo­gi­ýa­nyň we ça­ga on­ko­lo­gi­ýa­sy­nyň bel­li bir ugur­la­ryn­da ýe­ti­len sep­git­ler we ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­di.

No­bat­da­ky, VI türk­men-ger­man fo­ru­my 2016-njy ýy­lyň 4 — 5-nji no­ýab­ryn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ril­di. Ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­me­giň ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Iki ýur­duň hü­när­men alym­la­ry süý­jü­li dia­be­tiň, ge­ma­to­lo­gi­ýa­nyň, ça­ga on­ko­lo­gi­ýa­sy­nyň, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa­nyň, mad­da alyş-çal­şy­gy­nyň, luk­man­çy­ly­gyň dür­li ugur­la­ryn­da an­ti­bak­te­rial se­riş­de­le­re dur­nuk­ly­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

2017-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýabrynda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra Sag­lyk mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň Hal­ka­ra en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we hi­rur­gi­ýa mer­ke­zi açyl­dy. Bu da­ba­ra ne­mes pro­fes­sor­la­ry we hü­när­men­le­ri ça­gy­ryl­dy. Olar tä­ze mer­ke­ziň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Mu­nuň özi fo­rum döw­rün­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýan tek­lip­le­riň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bol­dy. Ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da ila­ta sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­ny ýe­tir­mek üçin GFR-den je­mi 90-a go­laý pro­fes­sor­lar we gör­nük­li luk­man­lar, şol san­da hü­när­men­le­riň 30-dan gow­ra­gy tej­ri­be­li hü­när­men­ler gul­lu­gy gu­ra­ma­syn­dan ýur­du­my­za gel­di.

Fi­zio­te­ra­pewt hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan ýö­ri­te or­ta okuw mek­de­bi­ni dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ni öw­ren­mek üçin Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň öň­de­ba­ry­jy kli­ni­ka­la­ry­nyň, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty, Bi­lim mi­nistr­lik­le­ri­niň we­kil­le­rin­den, tej­ri­be­li hü­när­men­ler­den, Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň we I.Gan­di adyn­da­ky luk­man­çy­lyk or­ta okuw mek­de­bi­niň mu­gal­lym­la­ryn­dan yba­rat bi­le­lik­dä­ki pu­da­ga­ra iş to­pa­ry dö­re­dil­di. To­pa­ryň üç sa­ny mej­li­si ge­çi­ri­lip, de­giş­li tek­lip­ler taý­ýar­la­nyl­dy.

2017-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty­ny et­mek üçin ne­mes luk­man­la­ry­nyň 30-a go­la­ýy gel­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da öz işi­ne baş­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk 2018-nji “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da hem bar­ha gi­ňe­ýär.

Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ba­ra­da Äht­na­ma we Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Mak­si­milian-Lýud­wig adyn­da­ky Mýun­hen uni­wer­si­te­ti­niň Gross­ha­dern kli­ni­ka­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da gol çe­ki­len Yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, 2018-nji ýy­lyň 5 — 6-njy marty ara­ly­gyn­da Ber­lin şä­he­rin­de ge­çi­ri­len no­bat­da­ky VII türk­men-ger­man fo­ru­my hem ne­ti­je­li bol­dy. Mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bin­de iki ýur­duň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ýe­ti­len sep­git­ler we göz öňün­de tu­tul­ýan iş­ler ara alyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Or­to­pe­di­ýa­nyň hä­zir­ki za­man me­se­le­le­ri­ne, ça­ga or­to­pe­di­ýa­sy­na, or­to­pe­di­ýa ul­ga­myn­da ula­nyl­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, fi­zio­te­ra­pi­ýa aý­ra­tyn üns be­ril­di. Şeý­le hem luk­man­çy­lyk tej­ri­be­si­ne ke­se­li anyk­la­ma­gyň, be­jer­me­giň we di­kelt­me­giň in­no­wa­sion usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, nä­sag­la­ryň dur­nuk­ly işe ukyp­syz­ly­gy­nyň öňü­ni al­mak we şeý­le­lik bi­len luk­man­çy­lyk, yk­dy­sa­dy, dur­muş ne­ti­je­li­li­gi­ni ga­zan­mak me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

VII türk­men-ger­man fo­ru­my iki ýur­duň yl­my we işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da iş­jeň gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi­ni gör­kez­di, ola­ryň anyk ne­ti­je­le­re me­ýil­li­di­gi­ni tas­syk­la­dy we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek­de türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­mak mak­sa­dyn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýol­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Şeý­le çä­re­le­riň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi türk­men sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam et­di. Bu hyz­mat­daş­lyk hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­me­giň mö­hüm ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di.

Mu­nuň özi işiň yl­my ta­ra­py­na we luk­man­çy­lyk tej­ri­be­si­ne, gu­ra­ma­çy­lyk we mad­dy-en­jam­la­ýyn ugur­la­ry­na de­giş­li­dir. Tu­tuş işiň ne­ti­je­li­li­gi hut oňyn çöz­güt­le­re bag­ly­dyr. Aş­ga­bat­da Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi, Kar­dio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­li has­sa­ha­na­sy, Hal­ka­ra new­ro­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Hal­ka­ra en­dok­ri­no­lo­gi­ýa we hi­rur­gi­ýa mer­ke­zi gur­lan­da, ne­mes pro­fes­sor­la­ry­nyň mas­la­hat­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy.

Şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ýa­po­ni­ýa bi­len hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy we ös­dü­ril­ýär. 2015-nji ýy­lyň 23-nji okt­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň “Me­dical Excel­lence Ja­pan (MEJ)» gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy “Tos­hi­ba Me­di­kal” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy we şu wag­ta çen­li bu kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dür­ýän rent­gen, ult­ra­ses bar­lag en­jam­la­ry­nyň hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň “Olym­pus”, “Pen­tax” we “Fu­ji­non” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­dos­ko­pi­ýa en­jam­la­ry­nyň on­lar­ça­sy Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da gu­rul­ýan we dur­ky tä­ze­len­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­na or­naş­dy­ryl­dy. Ýa­po­ni­ýa­nyň der­man we sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly se­riş­de­le­ri ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Her ýyl Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­le­re, yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ra, kon­fe­ren­si­ýa­la­ra ýa­po­ni­ýa­ly hü­när­men­ler hem gat­naş­ýar­lar. Ila­ta be­ril­ýän sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ýa­po­ni­ýa­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ýe­ten sep­git­le­ri­ni öw­ren­mek we tej­ri­be alyş­mak bo­ýun­ça türk­men hü­när­men­le­rin­den dü­zü­len to­par bu ýur­duň öň­de­ba­ry­jy kli­ni­ka­la­ryn­da iş sa­par­la­ryn­da bo­lup, hü­när kä­mil­li­gi­ni art­dyr­dy­lar we bu ugur­da iş­ler do­wam ed­ýär.

Ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ýe­ne bir my­sa­ly türk­men-awst­ri­ýa bi­le­lik­dä­ki iş to­pa­ryň işi­dir. Bu to­par dö­rä­li bä­ri 9 sa­ny mas­la­hat Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa­da ge­zek­le­şip ge­çi­ril­di. Yzy­gi­der­li du­şu­şyk­lar hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge we hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze de­re­je­le­ri­ne çyk­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýän bi­le­lik­dä­ki to­pa­ryň mas­la­hat­la­ry­nyň çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga hem uly üns be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow luk­man­çy­lyk ba­bat­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň Awst­ri­ýa ug­ru­na hem uly äh­mi­ýet ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň de­giş­li has­sa­ha­na­la­ryn­da we ýur­du­my­zyň beý­le­ki öň­de­ba­ry­jy sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da Awst­ri­ýa­nyň «As­kin&Co», «Hos­pi­ta­lia In­ter­na­tio­nal», «VAMED En­gi­nee­ring» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy my­sal bo­lup dur­ýar. Awst­ri­ýa­nyň bu önüm ön­dü­ri­ji­le­ri sag­ly­gy go­ra­ýyş en­jam­la­ry­ny or­naş­dyr­mak we ola­ra yzy­gi­der­li hyz­mat et­mek, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ba­ra­da iş­le­ri alyp bar­ýar­lar.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, te­le­luk­man­çy­lyk, döw­rüň ta­lap­la­ry­na jo­gap ber­ýän okat­mak usul­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa kä­mil hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gy ta­lap ed­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça ösen ýurt­lar bi­len ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­niň bi­ri-de bu te­le­luk­man­çy­lyk, te­le­mas­la­hat­lar, daş­ky ara­gat­na­şyk­da okat­mak ugur­la­ry bo­ýun­ça hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­si­dir.

Şeý­le­lik­de, hö­kü­me­ta­ra dü­züm­le­ri­niň, aý­ry-aý­ry pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň hem-de eda­ra­la­ryň hü­när­men­le­ri­niň de­re­je­sin­de luk­man­çy­lyk yl­my­nyň we tej­ri­be­si­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi bu hyz­mat­daş­ly­ga gat­naş­ýan­la­ryň äh­li­si­ne bi­le­lik­dä­ki ösü­şi ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky iş­jeň ös­dü­ril­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän kö­pu­gur­ly işiň mö­hüm bö­le­gi­dir. Mil­li Li­de­ri­miz mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny baş we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­di. Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy bol­sa ýur­du­my­zyň baý­ly­gy­dyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter