Türkmenistanyň şypahanalary - tebigy, saglygy goraýyş we ykdysady mümkinçilikleriň toplumy | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň şypahanalary - tebigy, saglygy goraýyş we ykdysady mümkinçilikleriň toplumy

опубликованно 18.07.2018 // 1038 - просмотров
 

“Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr” diýen ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli syýasatyň taglymat esasy bolan şypahana-dynç alyş pudagynyň ösdürilmegine, dynç alyş, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna geçmegini nazarlaýar. Şunda durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, möhüm mümkinçilikleriň bir ýere jemlenmegi, dolandyryşyň täzeçil tehnologiýalarynyň we öňdebaryjy usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de ornaşdyrylmagy adam faktoryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Bu wezipeleriň çözgüdi şypahana-dynç alyş işiniň ilerledilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi, bir tarapdan, adamlaryň beden taýdan abadançylygynyň üpjün edilmegini, durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýän bolsa, beýleki tarapdan, halk hojalygynyň möhüm pudagy hökmünde zähmet serişdelerini dikeltmegiň, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmagyň, ýurduň welaýatlaryny ykdysady taýdan ösdürmegiň we tutuşlygyna durmuş ulgamynyň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetçilik baýlygynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygyny goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň döredijilik mümkinçiligini has doly açmagyna ýardam edýän durmuş gurşawynyň döredilmegindäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şypahana hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar.

Şypahanalarda häzirki zaman ylmy-tehnologiýa gazanylanlary ornaşdyrmak hem-de göwnejaý derejede peýdalanmak işleri köp maddy çykdajyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiz meşhur alym hem-de lukman hökmünde şypahana bejergisiniň we keselleriň öňüni almagyň lukmançylyk işiniň has netijeli ugrudygyna berk ynanmak bilen, bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär, köp mukdarda serişdeleri gönükdirýär, şol serişdeler ykdysady hem-de durmuş nukdaýnazaryndan halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine ugrukdyrylan göni maýa goýumlarydyr.

Milli Liderimiziň “Türkmenistan — melhemler mekany” atly kitaby ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň esasynda şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlanandyr we onda ýurdumyzyň halkara derejeli şypahana merkezi hökmündäki ägirt uly kuwwaty beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu kitapda belleýşi ýaly, türkmen topragynda açylmagyna hem-de ylmy barlaglaryň geçirilmegine garaşýan köp sanly bejergi häsiýetli künjekler köp. Bu baýlyklaryň ählisi halkymyzyň hyzmatyna gönükdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Kiçi we mekdep ýaşly çagalaryň, ýaşlaryň sagdynlygy, işe ukyply ilatyň saglygynyň berkidilmegi we ýaşuly adamlaryň saglygynyň goralmagy hem-de ortaça ömrüň uzaklygynyň artdyrylmagy Türkmenistanyň şypahana – dynç alyş pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Toplumlaýyn saglygy goraýyş – öňüni alyş çäreleriniň saglyk derejesini 1,5 esse ýokarlandyrýandygy subut edildi. Tebigy bejeriş serişdeleriniň döwrebap lukmançylyk tehnologiýalary bilen sazlaşykda peýdalanylmagy raýatlaryň saglyk derejesiniň 25 — 30 göterim artmagyny üpjün edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň şypahanalary durkunyň düýpli täzelenilmegi hem-de täzeden gurulmagy, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde öz keşbini özgerdip, ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirýärler we dynç almak hem-de saglygy berkitmek üçin aňrybaş amatly şertleri döredýärler. Aşgabatdaky “Berzeňňi”, Ahal welaýatyndaky “Arçman” we “Ýyly suw”, Lebap welaýatyndaky “Farap”, Mary welaýatyndaky “Baýramaly”, Balkan welaýatyndaky “Mollagara”, Daşoguz welaýatyndaky “Daşoguz” şypahanalary raýatlary gije-gündizleýin tertipde kabul edýärler we diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň arasynda däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Ýurdumyzyň täsin tebigy şertleri, düzüminde seýrek gabat gelýän mineral suwlar hem-de bejeriş palçyklary köp sanly kesellerden saplanmaga ýardam edýär, saglygy dikeltmäge, ýadawlygy aýyrmaga kömek edýär we şähdaçyklygy hem-de gujur-gaýraty dikeldýär” diýip belleýär.

Şypahanalaryň bejeriş işlerinde häzirki wagtda sowuk howa arkaly bedene täsir etmek, duzlaryň kiçijek ownuklaryny düzüminde saklaýan howadan dem almak, hoşboý yslardan dem almak, gyzgyn daşlar bilen owkalamak, gyzgyn çäge bilen bejermek we beýlekiler ýaly lukmançylyk usullary giňden ulanylýar. Şypahanalarda SPA bejergileri üçin zerur şertler döredilendir, şeýle hem oňurgany düzetmek usuly peýdalanylýar, gidroterapiýa bölüminde mineral suwly wannalar we duşlar bilen bejeriş otaglary, suwuň aşagynda owkalamak, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň esasynda taýýarlanylan suwly wannalarda, galwaniki wannalarda we dürli daşlar bilen bejermek usullary ulanylýar, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zallar bar.

Türkmenistanyň şypahanalary Germaniýada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Slowakiýada we beýleki Ýewropa ýurtlarynda öndürilen täze ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir, olar näsagyň ýagdaýyny doly gözden geçirmäge hem-de degişli bejergi çärelerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Şypahanalardaky fitobarlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki ylmy işiniň, “Çaý — melhem hem ylham” kitabynyň maglumatlarynyň esasynda taýýarlanylan melhemlik çaýlar hödür edilýär. Dynç alýanlar üçin kitaphanalar, internet-kafeler, restoranlar, dükanlar hem-de beýleki medeni-durmuş desgalary göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, ýakynda ýerleşýän ajaýyp künjekler boýunça gezelençler guralýar, uçar, demir ýol we awtobus petekleri satylýan bölümler açyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy döredildi, ol diňe bir döwrebap şypahana ulgamy hökmünde däl-de, wekilçilikli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sergileriň, festiwallaryň hem-de halkara derejeli sport çäreleriniň merkezi hökmünde hem meşhurdyr.

Bu gün Türkmenbaşy şäherinde täze “Awaza” şypahanasy açylmagyna taýýar, bu ýerde amatly ýerli şertler we dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen dürli sagaldyş hyzmatlary hödürleniler, olar adam saglygynyň berkidilmegine, bedeniň kesellere durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna kömek eder.

Ýod ionlary bilen baýlaşdyrylan howaly deňiz suwy, bejergi palçyklary hem-de Awazanyň ösümlik dünýäsi – bularyň ählisi tebigatyň tenakär gudratydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen deňiz kenarynda bina edilen şypahanada sagaldyş – bejergi çäreleriniň toplumy giňden peýdalanylar, olar aeroterapiýa, gelioterapiýa, talassoterapiýa (deňiz howasyndan dem almak), balneoterapiýa (ýod-bromly bejeriş mineral suwy), fiziobejeriş, algoterapiýa (deňiz suw otlaryny ulanmak) we beýleki saglyk üçin peýdaly usullary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygy hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtamak bilen, bu pikiri anyk işler, şol sanda ýurdumyzyň şypahana - dynç alyş ulgamyny ösdürmek, ony dünýä sagaldyş syýahatçylygynda mynasyp derejä çykarmak boýunça netijeli çäreler bilen tassyklaýar.

Diýarymyzda kemala getirilýän şypahana-dynç alyş bejergisiniň hem-de sagaldyşyň düýpgöter täze ulgamy ilatyň saglygyny berkitmegiň umumy düzüminiň möhüm bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini öz içine alýar. Bejergi işlerini guramak hem-de saglygy berkitmek babatynda türkmen şypahanalary häzirki wagtda dünýä derejesine çykýar, bu netije, şol sanda lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň bejergi mümkinçilikleriniň eksport gymmatlygyny artdyrmagyň hasabyna gazanyldy.

Türkmen topragy, hakykatdan-da, melhemler mesgeni bolup, özünde saglygy dikeltmek we berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri jemleýär. Şeýle künjekleriň ençemesi özüniň açylmagyna, beýlekileri bolsa keselleri bejermek üçin netijeliligini anyklamak maksady bilen düýpli ylmy barlaglaryň we tejribeleriň geçirilmegine garaşýar. Olar Köýtendagyň ýerasty gowaklaryndaky, Sünt-Hasardag jülgelerindäki, Garagumuň gyzgyn giňişliklerindäki, Badhyz sährasyndaky dürli görnüşli mineral suwly çeşmelerdir we beýlekilerdir.

Dürli geografiýa zolaklarynyň tebigy-howa aýratynlyklarynyň hem-de bejergi häsiýetleriniň ylmy esasda öwrenilmegi, oýlanyşykly peýdalanylmagy Türkmenistany şypahana-bejergi syýahatçylygynda sebitde we dünýäde öňdebaryjy döwlete öwrüp biler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny gorap saklamagyň täze keşbiniň kemala getirilmegine gönükdirilen usullarynyň toplumyny işläp taýýarlamak we giň möçberli çäreleri geçirmek boýunça wezipeleri öňde goýdy, ol ekologiýa taýdan amatly durmuş giňişligini döretmek, dogry iýmitlenmegiň esaslaryny ýola goýmak, bedenterbiýe bilen meşgullanmak hem-de boş wagty işjeň, peýdaly geçirmek çärelerini öz içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda, şypahana-dynç alyş ulgamy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki zaman şertlerinde ilat üçin bejeriş – öňüni alyş hyzmatlarynyň giňden elýeterliliginiň üpjün edilmegine, syýahatçylygyň bejeriş – sagaldyş görnüşiniň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Milli Liderimiz bu pudagyň ösdürilmegini saglygy goraýyş ulgamynyň çäklerinde amala aşyrmaga hem-de türkmen şypahanalarynyň işini ilatyň ýaşaýyş – durmuş we medeni derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, saglygy dikeltmegiň häzirki zaman keşbiniň döredilmegine, tebigy bejeriş serişdelerini peýdalanmak ulgamynda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegine, şypahanalaryň iş tejribesine täze guramaçylyk we dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şypahana ulgamyny innowasiýa taýdan ösdürmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegi gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň şypahana binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnologiýa derejesine çykarmaga, netijede bolsa, keselleriň öňüni almak hem-de ilatyň saglygyny berkitmek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Geljekde ägirt uly kuwwata eýe bolan pudak hökmünde şypahana-dynç alyş ulgamynyň ösdürilmegine täzeçe çemeleşmek türkmen saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de tutuşlygyna, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň kuwwatly şertine öwrüler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter