“Demokratiýa we hukuk” žurnaly | TDH
Jemgyýet

“Demokratiýa we hukuk” žurnaly

опубликованно 18.07.2018 // 1098 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Okyjylaryň köpçüligi üçin niýetlenen we türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çykýan žurnalda hukuk ulgamynyň hünärmenleri, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edýärler. Makalalaryň sanawynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli demokratik özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de häsiýetini açyp görkezýän maglumat we seljeriş makalalary bar.

Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Onda 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi hem-de şu ýyl üçin döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda ilkinji nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky möhüm wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň maslahatynyň geçirilendigini görkezmek bolar, oňa milli Liderimiz gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşy çap edilip, onda deputatlaryň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge mynasyp goşandy bellenilýär, şeýle hem ýakyn geljek üçin türkmen parlamentarileriniň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda “Beýik Ýüpek ýoly: halkara hyzmatdaşlygynyň däpleri” hem-de “Beýik Ýüpek ýoly: raýat hukuklarynyň ösüş ýoly” atly makalalar bolar, şolarda medeni-taryhy, hukuk, ykdysady ugurlarda döwlet-hukuk, halkara gatnaşyklarynyň ösüşi hem-de türkmen diplomatiýasynyň häsiýetli aýratynlyklary öwrenilýär. Awtorlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň maglumatlaryna esaslanyp, kerwen söwdasynyň kemala gelşi barada gürrüň berýärler, gadymy gündogar diplomatiýasynyň mazmunyny açyp görkezýärler. Ol ähli döwürlerde gepleşikleri geçirmek arkaly bellenilen maksatlaryň gazanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

“Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşi gazanmakda hyzmatdaşlyk” hem-de “Durnukly ösüş — üstünligiň girewi” diýen makalalarda Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy barada gürrüň berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy “2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” kabul edildi, onda Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda gün tertibini – ählumumy parahatçylygy berkitmek üçin hereketleriň meýilnamasyny amala aşyrmak boýunça anyk ädimler hem öz beýanyny tapdy.

Türkmen döwleti döredijilikli daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak bilen, bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge mäkäm ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki abraýly halkara forumlarynyň mejlislerinde Türkmenistan ählumumy we sebit meseleleri boýunça, şol sanda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, adam hukuklaryny üpjün etmek, medeni-ynsanperwer meseleleri we beýlekiler boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär.

“Jemgyýetçilik-syýasy çäre — demokratik ýörelgeleriň esasynda” atly makala 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna bagyşlanyldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatyny amala aşyrmagyň hem-de türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratiki esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre ýurdumyzyň we halkymyzyň nurana geljeginiň bähbidine amala aşyrylýan döwlet işlerine türkmenistanlylaryň işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi.

Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň giňelýän şertlerinde dünýäde has köp ýaýran daşary ýurt dillerinde erkin gürleýän hünärmenleri taýýarlamak uly ähmiýete eýe bolýar. “Häzirki zaman Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň orny” atly makala şu meselä bagyşlanyp, onda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda, bu ugurda görülýän çäreler barada gürrüň berilýär.

Halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslary baradaky makalada milli miras hakynda söhbet açylýar. Bu işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň howandarlygynda dürli ugurlarda amala aşyrylýandygy bellenilýär. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň taryhy we medeni gymmatlyklarynyň bütindünýä gymmatlygy, siwilizasiýanyň täsin ýadygärlikleri hökmünde ykrar edilmegi hem-de ylmy taýdan esaslandyrylmagy, halkara derejesinde aýawly saklanylmagynyň, dikeldilmeginiň hem-de netijeli peýdalanylmagyň üpjün edilmegi, arheologiki we dikeldiş işlerini geçirmekde dünýä tejribesiniň özleşdirilmegi we daşary ýurtly alymlaryň çekilmegi bar.

“Senenama” rubrikasy astynda hukuk ulgamynda tejribe alyşmak meseleleri boýunça abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda geçirilen duşuşyklara, maslahatlara we dürli forumlara berilýän gysga synlar berilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter