Ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na dok­ma se­na­ga­tynyň go­şan­dy | TDH
Teswirlemeler

Ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na dok­ma se­na­ga­tynyň go­şan­dy

опубликованно 16.07.2018 // 323 - просмотров
 

Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gör­nüş­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň öňün­de goý­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar. Şol we­zi­pe dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ryn­da üs­tün­lik­li çö­zül­ýär.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 5-nji iýul­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça önüm­çi­lik şu ýy­lyň 6 aýyn­da ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 24,5 gö­te­rim art­dy. Hu­su­san-da, nah ýüp­lük­le­riň önüm­çi­li­gi­niň ösüş dep­gi­ni 112,3 gö­te­ri­me, nah ma­ta­la­ry ön­dür­me­giň ösüş dep­gi­ni 115,7 gö­te­ri­me, ti­kin we ör­me önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň ösüş dep­gi­ni 108,9 gö­te­ri­me, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­niň ösüş dep­gi­ni bol­sa 104,8 gö­te­ri­me deň bol­dy.

Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da pu­dak­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň muk­da­ry­nyň we hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy dok­ma se­na­ga­ty­nyň ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da äh­mi­ýet­li orun eýe­le­ýän­di­gi­ni, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gel­jek­ki ösü­şi­niň hem dep­gin­li bol­jak­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän mö­hüm sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk­lyk­da, bu pu­dak­da onuň tä­ze­çil usul­da­ky saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar. He­re­ket ed­ýän kär­ha­na­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa taý­dan döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li tä­ze önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, yl­my-teh­ni­ki we iş­gär­ler müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi, önüm­le­riň ma­ha­bat işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi mil­li dok­ma pu­da­gy­nyň içer­ki hem-de da­şar­ky ba­zar­lar­da­ky bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­dy.

Dok­ma se­na­ga­ty­nyň ýüp­lük, dok­ma, ör­me we ti­kin­çi­lik ýa­ly ugur­la­ry­na iri ma­ýa se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Aş­ga­bat dok­ma top­lu­my­nyň, Türk­men­ba­şy adyn­da­ky dok­ma hem-de jin­si we Gök­de­pä­niň dok­ma top­lum­la­ry­nyň, Te­je­niň nah-ýüp­lük fab­rik­le­ri­niň teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Tä­ze önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ryň, döw­re­bap egir­me, dok­ma bö­lüm­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi, şeý­le hem Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň kä­mil en­jam­la­ry­nyň otur­dyl­ma­gy önüm­çi­li­giň möç­be­ri­niň art­ma­gy­ny, önüm­le­riň hil de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny we pu­da­gyň kär­ha­na­la­ry­nyň ýo­ka­ry önüm­çi­lik şert­le­ri­ni üp­jün et­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty pag­ta sü­ýü­min­den we ýüp­lük­den taý­ýar ti­kin hem-de ör­me önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän pu­da­ga öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da we we­la­ýat­lar­da ýer­leş­ýän önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky iri top­lum­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ýur­du­my­zyň ýe­ňil se­na­ga­ty­nyň te­bi­gy se­riş­de­le­re esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Mu­nuň özi tu­tuş dün­ýä­de uly is­leg bil­di­ril­ýän hal­ka­ra ny­şan­la­ry­na eýe bol­ma­gy üp­jün ed­ýär. Da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dyl­ýan taý­ýar önüm­le­riň, şol san­da öý üçin ni­ýet­le­nen dok­ma önüm­le­riň hi­li­niň, sport we jin­si ny­şan­la­ry­nyň dün­ýä bel­li söw­da ny­şan­la­ry bo­lan “IKEA”, “Pu­ma”, “Wal-Mart”, “Li­dl”, “Bersh­ka”, “Po­ol&Be­ar”, “River Is­land”, “Cosco” ýa­ly ny­şan­la­ra do­ly ga­bat gel­ýär.

Pu­da­gyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly ug­ru­na gol­daw ber­me­giň çäk­le­rin­de, sin­te­ti­ki sü­ýüm­le­ri ulan­mak bi­len onuň ösü­şi­niň tä­ze ug­ry ýo­la go­ýul­dy. Bu bol­sa kär­ha­na­la­ra ýer­li se­riş­de­le­ri peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Paý­tag­ty­my­zyň dok­ma top­lu­myn­da pag­ta sü­ýü­mi bi­len po­lies­te­ri ulan­mak ar­ka­ly ýur­du­myz­da ma­ta­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Mu­nuň özi eme­li ýü­pek­den ge­rek­li se­riş­dä­ni goş­mak ar­ka­ly dür­li gör­nüş­li üst­ki ly­bas­lar üçin ma­ta­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.

Eme­li sü­ýü­me bo­lan is­leg­le­riň art­ma­gy dok­ma se­na­ga­ty­nyň tä­ze­çil ösü­şi­ne, ti­kin­çi­lik önüm­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na giň ýol aç­dy. Şun­luk­da, sport we har­by gul­luk­çy­la­ryň hem-de hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, beý­le­ki ul­gam­la­ryň — ne­bit­gaz top­lu­my­nyň, gur­lu­şyk we ulag ul­gam­la­ry­nyň, je­ma­gat ho­ja­ly­gy­nyň, sag­ly­gy go­raý­şyň hem-de beý­le­ki dü­züm­le­riň iş­gär­le­ri­niň ly­bas­la­ry­ny we ýö­ri­te egin-eşik­le­ri­ni tik­mek üçin ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li.

Tä­ze önüm­çi­li­ge bil­di­ril­ýän ta­lap­lar ýo­kar­lan­dy. Şeý­le­lik­de, ys­sy­ny, so­wu­gy sak­la­ýan, çyg ge­çir­me­ýän ma­ta­lar­dan taý­ýar­lan­ýan ly­bas­la­ryň ýe­ňil­li­gi, berk­li­gi we du­rum­ly­ly­gy şo­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­dy.

Mun­dan baş­ga-da, ýüň, ýa­rym ýüň we pag­ta sü­ýü­min­den taý­ýar­lan­ýan ör­me eşik­le­riň önüm­çi­li­gi­ne giň ýol açyl­ýar. Paý­tag­ty­myz­da­ky Mo­da­lar öýün­de Ýa­po­ni­ýa­nyň “Shi­ma Sei­ki” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ti­kin en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len ör­me bö­lü­mi ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu ýer­de gyş ge­ýim­le­ri, ýeň­siz­ler, mil­li ze­nan don­la­ry we beý­le­ki önüm­ler taý­ýar­la­nyl­ýar.

Öz aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt nus­ga­la­ryn­dan pes dur­ma­ýan jo­rap önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi Aş­ga­ba­dyň nah-ma­ta kom­bi­na­tyn­da ýo­la go­ýul­dy. Bu ýer­de Ita­li­ýa­nyň “Lo­na­ti” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bö­lüm iş­le­ýär. Kär­ha­na bir ýyl­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan er­kek, ze­nan we ça­ga jo­rap­la­ry­nyň 2,5 mil­lio­na go­laý jü­bü­ti­ni ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr.

Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my­nyň bin­ýa­dyn­da re­ge­nir­le­nen sü­ýüm ön­dür­ýän bö­lü­miň işe gi­ri­zil­me­gi ýur­du­myz üçin ýe­ne bir tä­ze­lik­dir. Dok­ma önüm­çi­li­gi­niň ga­lyn­dy­la­ry­ny gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze önüm­çi­lik ul­ga­my her ýyl­da 5 müň ton­na önüm ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Bu önüm­le­re Tür­ki­ýe­de, Hy­taý­da we beý­le­ki da­şa­ry ýurt­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýär.

Ge­çen ýyl­da Ka­ka­nyň “Ser­dar” nah ýüp­lük kär­ha­na­syn­da tä­ze bö­lüm işe gi­ri­zil­di. Şol ýer­de ýur­du­myz­da ozal ön­dü­ril­me­ýän we eks­por­ta ni­ýet­le­nen önüm­le­riň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Mu­nuň özi in­çe sü­ýüm­li pag­ta­dan jü­büt­le­ýin do­ka­lan ýüp­lük bol­mak bi­len, tüý­jü­mek we ör­me hem-de so­roç­ka ma­ta­la­ry­nyň önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len at­lan­dy­ry­lan, “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän 2018-nji ýyl şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­megiň mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­tyn­da tä­ze se­na­gat top­lum­la­ry­nyň iki­si­niň düý­bi tu­tul­dy. Şo­la­ryň her bi­ri 5 müň ton­na in­çe sü­ýüm­li pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Top­lum­la­ry 2021-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­di.

Bu tas­la­ma­lar pag­ta sü­ýü­mi­ni gaý­ta­dan iş­le­mek­den baş­lap, taý­ýar önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ne çen­li tu­tuş teh­no­lo­gik ul­ga­my öz içi­ne al­ýar. On­da ýüp­lük, dok­ma, bo­ýag we ti­kin bö­lüm­le­ri he­re­ket eder. Ka­ka et­ra­byn­da­ky kär­ha­na ýyl­da “kom­pakt-pen­ýe” ny­şan­ly nah ýüp­lük­le­riň 3 müň 650 ton­na­sy­ny, 12 mil­lion ine­dör­dül ma­ta­ny we 1 mil­lion 200 müň taý­ýar önüm­le­ri ön­dü­rer. Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da­ky dok­ma top­lu­my­nyň kuw­wa­ty ýyl­da 3 müň 300 ton­na “kom­pakt-pen­ýe” ny­şan­ly ýüp­lü­ge, 20 mil­lion ine­dör­dül metr ma­ta ba­ra­bar bo­lar. Şo­la­ryň 18 mil­lion ine­dör­dül met­ri bo­ýa­lan ma­ta­lar­dyr, 3,5 mil­lio­ny bol­sa taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­dir.

Ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri uly zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar. Olar bu möw­süm­de döw­le­te 2 müň 40 ton­na pi­le tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Mu­nuň özi me­ýil­na­ma­da­ky­dan 10 ton­na ar­tyk­dyr.

Ýü­pek­çi­lik türk­men hal­ky­nyň göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan hü­när­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mü­sü­riň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, ABŞ-nyň bel­li mu­zeý­le­rin­de aja­ýyp aram­gäh­le­ri we dün­ýä­de iri ki­tap­ha­na­sy, ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy bi­len däl, eý­sem, mo­da önüm­çi­li­gi, däp­le­ri, ýo­ka­ry çe­per­çi­lik me­de­ni­ýe­ti bi­len şöh­rat ga­za­nan ga­dy­my Merw­de taý­ýar­la­nan ýü­pek ma­ta­la­ryň ga­dy­my nus­ga­la­ry sak­la­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, or­ta asyr­lar­da gö­zel­li­gi bo­ýun­ça ne­pis bo­lan ýü­pek ma­ta­lar we ha­ly­lar Gün­do­ga­ryň hem-de Gün­ba­ta­ryň ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­la­nyp­dyr. Bu ha­ryt­lar ba­zar­la­ra Be­ýik Ýü­pek ýo­ly bi­len ug­ra­dy­lyp­dyr. Eli çe­per us­sat­lar ýü­pek­çi­lik işi­niň mil­li däp­le­ri­ni ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip, ony taý­ýar­la­ma­gyň giz­lin syr­la­ry­ny bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­rip­dir­ler.

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne mil­le­tiň me­de­ni mi­ra­sy­nyň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu önüm­çi­li­giň tut na­hal­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­den, gur­çuk­la­ry iý­mit­len­dir­mek­den hem-de ýü­pek al­ma­ga we taý­ýar önüm­le­ri çy­kar­ma­ga çen­li bo­lan äh­li ugur­la­ry hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek gur­çu­gy­nyň to­hu­my­ny taý­ýar­la­ýan za­wo­dy, Aş­ga­ba­dyň ýü­pek kär­ha­na­sy we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi do­ly döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy we tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di. Bu ýer­de ýü­pek ha­ly­la­ry, ýag­lyk­la­ry, mil­li ke­te­ni ma­ta­sy­ny we beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­ýan tä­ze bö­lüm­ler işe gi­ri­zil­di. Paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän pan­bar­hat kär­ha­na­sy hem ýü­pek sü­ýüm bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­ýär.

Ke­te­ni, ýü­pek ma­ta türk­men di­zaý­ner­le­ri­niň iň köp ulan­ýan önüm­le­ri­dir, şo­lar aý­ra­tyn teh­no­lo­gi­ýa bo­ýun­ça taý­ýar­la­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň mo­del­ýer­le­ri aja­ýyp egin-eşik top­lum­la­ry­ny dö­red­ýär­ler, olar Aş­ga­bat­da ýa-da beý­le­ki ýurt­la­ryň paý­tagt­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän dür­li dö­re­di­ji­lik göz­den ge­çi­ri­liş­le­rin­de to­ma­şa­çy­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar­lar. Türk­men ze­nan­la­ry­nyň ly­bas­la­ryn­da ga­dym­dan gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­ler we döw­re­bap be­zeg äheň­le­ri saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar. El bi­len çekilen na­gyş­lar hem-de şaý-sep­ler ze­nan ly­bas­la­ry­nyň aý­ra­tyn be­ze­gi­dir.

Ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gyn­da taý­ýar­la­nyl­ýan ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­ka­ryl­ma­gy döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Ýor­gan-dü­şek top­lum­la­ry, tüý­jü­mek sü­pür­giç­ler, jin­si we sport eşik­le­ri, ça­ga­lar hem-de ulu­lar üçin “Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di” di­ýen söw­da ny­şan­ly ör­me köý­nek­çe­ler, “Ahal” ti­kin fab­ri­gin­de ön­dü­ri­len er­kek adam­la­ryň köý­nek­le­ri, “Be­dew” ny­şan­ly jal­bar­lar di­ňe ýur­du­myz­da däl-de, da­şa­ry ýurt­lar­da hem uly is­le­ge eýe bol­ýar.

Ýur­du­my­zyň hu­su­sy işe­wür­li­gi­niň we­kil­le­ri hem özü­miz­de ön­dü­ri­len dok­ma ha­ryt­la­ry bi­len ila­tyň üp­jün edil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Te­le­ke­çi­le­riň sarp edi­ji­le­riň üýt­gäp dur­ýan is­leg­le­ri­ne çalt uý­gun­laş­mak ba­şar­ny­gy­ny na­za­ra alyp hem-de şol bir ­wagt­da döw­le­ti­miz ada­lat­ly bäs­deş­li­gi hö­wes­len­dir­mek bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu bö­le­gi­ni yzy­gi­der­li gol­da­ýar. Pu­dak­da eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ne de­giş­li tä­ze kär­ha­na­la­ryň dö­re­dil­me­gi ila­tyň iş orun­la­ry bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, döw­let býu­je­ti­ne sal­gyt tö­leg­le­ri­niň art­ma­gy­na ýar­dam be­rip, şeý­le­lik­de, ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm şer­ti­ne öw­rül­ýär.

Dok­ma pu­da­gy­nyň ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de sport ly­bas­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we tik­mek ba­ba­tyn­da kär­ha­na­la­ryň işi­niň aý­ra­tyn ug­ru­ny bel­le­mek ge­rek. Mu­ňa Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­lik bi­len üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­ly­gy my­sal ge­ti­rip bo­lar, onuň çäk­le­rin­de owa­dan, mil­li äheň­ler ula­ny­lyp, ýö­ri­te bu­ýur­ma­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şo­lar türk­men tür­gen­le­ri­niň iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ma­gy üçin mil­li ny­şan­lar bi­len be­ze­len­dir.

Aş­ga­bat­da üs­tün­lik­li ge­çen Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de, pu­da­gyň kär­ha­na­la­ryn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri üçin ly­bas­la­ryň, türk­men tür­gen­le­ri­niň Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş hem-de ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­na gat­naş­mak­la­ry üçin ýö­ri­te ly­bas­la­ryň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan bu oýun­la­ryň ny­şan­la­ry şe­kil­len­di­ri­len sport egin-eşik­le­ri­niň önüm­çi­li­gi gu­ral­dy.

Hä­zir­ki wagt­da sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si bi­len bag­ly­lyk­da hem uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýa­kyn­da aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň geç­ýän ugur­la­ry­ny göz­den ge­çi­ren wag­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ze tä­ze dok­ma önüm­le­ri­niň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň dok­ma top­lum­la­ry­nyň ön­dür­ýän sport ly­bas­la­ry aja­ýyp öwüş­gin­li mil­li äheň­ler bi­len be­ze­ler. Ola­ryň be­ze­gin­de türk­men top­ra­gy­nyň yl­ham ber­ýän gö­zel­li­gi­ni hem-de tä­sin kün­jek­le­ri­niň aja­ýyp­lyk­la­ry­ny be­ýan ed­ýän gör­nüş­ler ula­ny­lar, şol aja­ýyp­lyk­la­ryň ha­ta­ryn­da Ga­ra­gum säh­ra­sy­ny we Ha­za­ryň ke­na­ry­ny hem-de beý­le­ki­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Umu­man, bu­la­ryň äh­li­si myh­man­lar üçin Türk­me­nis­tan hem-de öň­de bol­jak uly sport baý­ram­çy­ly­gy ba­ra­da ýa­kym­ly ýat­la­ma­lar gal­dy­rar, sport döw­le­ti hök­mün­de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gö­te­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter