Resmi habarlar 21-nji Ýanwar | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 21-nji Ýanwar

опубликованно 21.01.2015 // 880 - просмотров
 

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda çykaran 14045-nji karary bilen tassyklanan, 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti 2015-nji ýylyň 10-14-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça ýaryşy geçirmäge borçly edildi. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti hokkeý boýunça ýaryşy geçirmegiň tertibini işläp taýýarlamaga we tassyklamaga borçly edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter