Resmi habarlar 22-nji Ýanwar | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 22-nji Ýanwar

опубликованно 22.01.2015 // 870 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyny giňden belläp geçmek hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, özara tejribe alyşmak we saglygy goraýyş babatda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrlikler we pudak edaralary meýilnamada göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy aýawly saklamak hem-de bu ugurda halkara guramalary we daşary ýurt döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2015-nji ýylyň 2-nji aprelinde Aşgabat şäherinde «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri» atly halkara suw maslahatyny geçirmek hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji aprelinde maslahata gatnaşyjylaryň «Altyn asyr» Türkmen kölüne baryp görmeklerini guramak bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi we Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi görkezilen çäreleri talaba laýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, önüm öndürijileri goldamak hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem «Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hakyndaky Düzgünnama, şeýle hem biržada bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalarynyň görnüşleriniň Sanawy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

**

Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***
Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň Türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere aýallaryň erkekler bilen deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin zerur bolan şertleri döretmek hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda öz üstüne alan gender deňligini üpjün etmek baradaky borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we aýallaryň öz hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de olardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de beýleki degişli ministrlikler we pudak edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň howa ulaglary kärhanalarynyň önümçiligini dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini halkara ölçeglerine laýyk getirmek hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna garamagyndaky «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasyndan bölünip aýrylmagy arkaly, Aşgabat şäheriniň Halkara aeroportyny, «Hökümet awiasiýasy» kärhanasyny, Jemagat-hojalyk kärhanasyny bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy «Türkmenistan» Howa ulaglary kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly paýdarlar jemgyýetini bellenen tertipde döretmek boýunça zerur işleri geçirmäge borçly edildi.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri amala aşyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryny ýokary hilli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine häzirki hereket edýän optiki-süýümli kabel geçirijisiniň Türkmenistanyň çäklerinden geçýän geçirijiliginiň göwrümini giňeltmek, internet akymynyň tizligini artdyrmak, ýurdumyzyň optiki-magistral aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we gurnamak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei Technologies Co., Limited» kompaniýasy hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Coriant GmbH» kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda kuwwatlylygy 254 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň we oňa barýan daşarky eltiji gaz we suw üpjünçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgany 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter