Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

опубликованно 09.07.2018 // 124 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Akihito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny we süýşgünler zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter