Resmi habarlar 26-nji Ýanwar | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 26-nji Ýanwar

опубликованно 26.01.2015 // 889 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Toýli Amanmyradowiç Kuliýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Tagandurdy Hojamämmedowiç Ürgenjow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine we welaýatlaryň häkimliklerine 2015-nji ýylda 2000 tonna, şol sanda:Ahal welaýatynda—155 tonna; Balkan welaýatynda –25 tonna; Daşoguz welaýatynda—470 tonna; Lebap welaýatynda—950 tonna; Mary welaýatynda—400 tonna çig pile öndürmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bellenildi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş ylalaşyklary baglaşmaga; Ministrligiň garamagyndaky “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýokary hilli ýüpek gurçugynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi.

Welaýatlaryň häkimliklerine şu Karara laýyklykda, pile öndürmek boýunça borçnamalaýyn tabşyryklaryň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter