TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY | TDH
Resminamalar

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

опубликованно 04.02.2015 // 1006 - просмотров
 

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda

Ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talabyna laýyk gelýän döwrebap iri şäherçeler, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman, döwrebap mekdepler we çagalar baglary, medeniýet edaralary, sport toplumlary, ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralary we durmuş maksatly beýleki desgalar gurulýar. Ýurdumyzyň şäherleri, şäherçeleri we obalary gün-günden abadanlaşýar we düýpgöter täze keşbe girýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dolandyryş-çäk özgertmeleriniň çäginde Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Baş meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýakyn ýyllarda paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel hem-de ösen şäherleriniň birine öwürmek wezipelerinden ugur alyp, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalary we desgalary häzirki zaman şäher binagärliginiň talaplaryna görä ýerleşdirmekde amatly şertleri döretmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna we «Ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

1. Aşgabat şäheriniň Arçabil we Çandybil etraplaryny birikdirmeli hem-de bu etraba – Arçabil adyny dakmaly.

2. Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginden 3910 ga ýeri goşunda laýyklykda Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň çägine geçirmeli.

3. Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň Arçabil şäherçesiniň hemişelik ýaşaýan ilatynyň ýoklugy sebäpli onuň şäherçe derejesini ýatyrmaly.

4. Aşgabat şäheriniň Çandybil etrabynyň ýapylandygy sebäpli, bu etrabyň halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny Aşgabat şäheriniň Arçabil
etrabynyň halk maslahatynyň düzüminde degişli möhletine saklap galmaly.

5. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugy Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

6. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa

Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 3-nji fewraly.
№ 178-V.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter