Resmi habarlar 20-njy Fewral | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 20-njy Fewral

опубликованно 20.02.2015 // 1075 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça öňde goýan wezipelerimizi üstünlikli durmuşa geçirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin welaýatlarda täze, döwrebap obalary we şäherçeleri gurmagyň depginlerini has-da güýçlendirmek, bölünip berilýän mellek ýerlerinde ähli şertleri bolan hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy" tassyklanyldy.

Welaýatlaryň häkimliklerine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Milli maksatnamanyň bellenen möhletlerde ýokary hilli, talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi, beýleki degişli ministrlikler we pudak edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 2 aý möhletde taýýarlamaga we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzda 2016-njy ýylda ýaşaýyş-durmuş, üpjünçilik, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik we jemagat hojalygyny, aragatnaşyk we energetika ulgamlaryny has-da ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2016-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzda 2015-nji ýylda ýaşaýyş-durmuş, üpjünçilik, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik we jemagat hojalygyny, aragatnaşyk we energetika ulgamlaryny has-da gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly ýubileýine taýýarlyk görmek boýunça Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek, alnyp barylýan gurluşyklary ýokary hilli aýna we aýna önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda Aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhananyň gurluşygy boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirýän Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Edison Technologies KG” kompaniýasynyň oňyn netijenamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat ministrligine Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda Aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhananyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we kärhanany 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2015-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň:

ministrliklere we pudak edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Ahal welaýatynyň Änew we Baharly şäherleriniň aralygynda 1,5 million düýp nahalynyň;

welaýatlaryň häkimliklerine welaýatlaryň çäginde 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ekilen bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligine ýurdumyzyň ministrliklerini, pudak edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem olaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

***

Demir ýol ulagynda zähmet düzgün-nyzamynyň bozulmagy netijesinde adamlaryň ömrüne, saglygyna, otlularyň hereketiniň we manýowr işiniň howpsuzlygyna, daşalýan ýükleriň abat saklanmagyna howp döredýän ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksine we “Demir ýol transporty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň zähmet düzgün-nyzamy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmekde meýilnamalaýyn çäreleri talaba laýyk utgaşdyrmak hem-de guramaçylykly amala aşyrmakda ýakyndan ýardam bermek we bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Ahal welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Satlyk Baýjanowiç Satlykow Balkan welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annamuhammet Mätiýewiç Goçyýew Daşoguz welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Lebap welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Geldimyradowiç Hojamuhammedow Mary welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Şamuhammet Durdylyýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edip bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak, şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2015-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnama hem-de şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerinde okan raýatlaryna berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalaryň ýurdumyzda ykrar edilmegini tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligine Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilim hakyndaky resminamalaryň Tertibe laýyklykda ykrar edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” we “Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda hem-de “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýol işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter